Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Samarkantda hytaýly, russiýaly kärdeşleri bilen ikiçäk gepleşik geçirýär


Saparyň çäklerinde onuň gurama girýän döwletleriň baştutanlarynyň birnäçesi, şol sanda rus kärdeşi Wladimir Putin bilen ikiçäk gepleşik geçirmegine garaşylýar.
Saparyň çäklerinde onuň gurama girýän döwletleriň baştutanlarynyň birnäçesi, şol sanda rus kärdeşi Wladimir Putin bilen ikiçäk gepleşik geçirmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Özbegistanyň Samarkant şäherine iş saparyna bardy diýip, TDH habar berýär.

Sapara baran güni Özbegistanyň merhum prezidenti Yslam Kerimowyň mazaryna gül goýan Berdimuhamdowyň gurama girýän döwletleriň baştutanlarynyň birnäçesi, şol sanda rus kärdeşi Wladimir Putin bilen ikiçäk gepleşik geçirmegine garaşylýar.

Şu aralykda hytaý metbugaty Berdimuhamedowyň Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bilen duşuşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gepleşik geçirendigini habar berdi.

Sammitiň dowamynda gurama girýän ýurtlaryň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

ŞHG 2001-nji ýylda döredilen halkara gurama bolup, oňa Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Pakistan we Özbegistan girýär. Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa, hyzmatdaş ýurtlar – Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka bu gurama synçy ýurtlar hökmünde gatnaşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG