“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşa çykan prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, uly şowhun-dabara bilen açylan «Rowaç» kottejler toplumynda 200-e golaý täze iş orny döredi diýip, “SalamNews” neşiri «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirine salgylanyp habar berýär.
«Sabyrly maşgala» hususy kärhanasynyň, «Kent gurluşyk» hem-de «Güneşli deňiz» hojalyk jemgyýetleriniň buýurmagy esasynda gurlandygy aýdylýan täze toplum häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän 2 gatly kottejleriň 48-sini özünde jemleýär.
Umumy meýdany 10 gektara deň bolan kottejler toplumynyň umumy bahasy, olaryň dynç aljaklara düşjek nyrhy anyklaşdyrylmaýar.
Toplumyň çägindäki standart, maşgala we lýuks görnüşli 10, 16, 18 otagly kottejlerde dynç almaga gelýän raýatlar üçin ähli zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulan diýip, habarda bellenýär.
TDH-nyň habaryna görä, S.Berdimuhamedow şu ýylyň 8-nji iýulynda geçiren hökümet mejlisinde ýurduň ýolbaşçylar düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda dynç almaga rugsat berilýändigini aýtdy.
Olar, adatça bolşy ýaly, zähmet rugsadynda Awazada, «Arçmanda», «Ýyly suwda» ýa-da ýurduň beýleki şypahanalarynda dynç alarlar.
Azatlygyň ýerli habarçysynyň şu gün beren maglumatyna görä, Turkmenistanyn prezidenti, onuň kakasy we ýene birnäçe ýolbaşçy Awazada dynç almakçy bolýar.
"Rowaç" öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa 2019-njy ýylyň başynda sowgat berlen taýçanagyň ady bolup, ol oňa bagyşlap goşgy döretdi we soň ol goşgy aýdyma öwrüldi.