Türkiýe soňky ýigrimi ýylda ilkinji gezek Azerbaýjanyň üsti bilen türkmen gazyny satyn almagyň ugurlaryna seredýändigini mälim etdi. Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasy dowam edýän mahaly, Moskwa garşy girizilýän Günbatar sanksiýalarynyň arasynda, Ýewropa energiýa bazarlarynda emele gelen ýagdaýlara çykalga gözleýär. Türkiýäniň türkmen gazyna isleg beýan etmegi Ýewropanyň rus gazyna alternatiwa gözleýän wagtlaryna gabat gelýär.
Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý 1-nji iýulda Aşgabada sapar edip, prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
Ýokary derejeli türk resmisi duşuşykdan soň geçiren metbugat ýygnagynda Türkiýäniň türkmen gazyny satyn almak üçin üç wariantyň mümkinçiliklerine garaýandygyny mälim etdi.
“Biz üç alternatiwanyň – Hazar arkaly TANAP liniýasynyň, SWAP ylalaşygyny ýa-da deňiz arkaly turba geçirijisini ulanmagyň üstünde işleýäris. Taýýarlyk işleriniň tamamlanmagyna gaty golaý gelendigimizi aýtmaga şatdyryn” diýip, “Anadolu” habar gullugy onuň sözlerine salgylanýar.
TANAP liniýasy Ýewropa Komissiýasynyň başlangyjy bolan Günorta gaz koridorynyň bir bölegidir. Günorta gaz koridory Günorta Kawkaz, Trans Anadoly (TANAP), hem-de Trans Adriatik (TAP) gaz geçirijilerini öz içine alýar. Eger Türkmenistanyň Hazarüsti gaz geçiriji taslamasy, başa barsa, Azerbaýjanyň üsti bilen Trans Anadoly gaz geçirijisine birikdiriler.
TANAP liniýasy Azerbaýjanyň gazyny Türkiýäniň üsti bilen Gresiýa akdyrýar. Bu liniýa Gresiýadan aňyrda TAP gaz geçirijisine birikýär we azeri gazy TAP arkaly Albaniýa, Bolgariýa, Italiýa we Ýewropanyň merkezi bazarlaryna iberilýär. TANAP-yň kuwwaty 15 milliard kub metr, TAP-yň kuwwaty 10 milliard kub metr gaz geçirmäge ukyplydyr.
Ýöne Türkiýäniň wise-prezidenti türkmen gazyny satyn almakda diňe bir TANAP liniýasy däl, eýsem başga-da iki alternatiwa seredilýändigini mälim etdi.
Türkmen gazynyň TANAP-a birikdirilmegi Hazarüsti gaz geçirijisiniň amala aşyrylmagyna garaşly bolup durýar. Synçylar Hazarüsti gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmek ähtimallygyna ätiýaçly çemeleşýär, sebäbi, hususan-da Russiýa we Eýran Hazar deňzindäki daşky gurşaw aladalaryna salgylanyp, bu taslama garşylyk beýan edip gelýär.
Megerem, şonuň üçin, türkmen gazyna isleg bildirýän Türkiýe ony import etmegiň ikinji we üçünji alternatiwalaryny hem seljerýär.
Ikinji alternatiwa – swap ylalaşygy. Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz alyşmak meýilnamasy Eýran we Azerbaýjany öz içine alýar. Muňa laýyklykda Türkmenistan Türkiýä satjak gazyny Eýrana iberýär. Eýran Türkmenistandan alan gazyna derek, deň möçberdäki öz gazyny Azerbaýjana berýär, Azerbaýjan bolsa ony Türkiýä akdyrýar. Bilermenler diňe Eýrany, Türkiýäni we Türkmenistany öz içine alýan swap ylalaşygynyň ähtimallygyny hem aradan aýyrmaýarlar.
Üçünji alternatiwa türkmen gazynyň suwuklandyrylyp, Hazar deňziniň üsti bilen ýük daşaýjy gämiler arkaly Azerbaýjana, ondan aňry turbalar bilen Türkiýä iberilmegini öz içine alýar.
Britaniýaly energiýa bilermeni Jon Roberts 8-nji iýulda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkiýäniň türkmen gazy boýunça hödürleýän üç teklibine syn berdi.
Türkmenistan Azerbaýjan üçin onsuz hem häzirki wagtda Eýran bilen gaz alyşýar. Bu swap tas 1,5 milliard kub metr bolan häzirki göwrüminden, belki, 3 milliard kub metre çenli artdyrylyp bilner. Olar muny artdyrmak barada gepleşýärler. Munuň göwrümi şondan aňry geçip bilmez. Sebäbi, biziň pikirimizçe Eýran bilen Azerbaýjan aradaky häzirki turba geçiriji örän köne, ol Sowetler döwründen galan geçiriji. Onuň kuwwaty 10 milliard kub metr diýseler-de, biziň pikirimizçe, 3 milliard kub metr gaz turba geçirijä agram salar. Swap babatda möhüm bir mesele bar, ýagny häzirki 1,5 milliard kub metr Azerbaýjanyň özüne zerur bolup durýar. Täze swap bilen Türkiýä eksport etmek üçin 1,5 milliard kub metr gaz goşularmy?” diýip, energiýa bilermeni aýtdy.
Galyberse-de, ekspertiň ynanjyna görä, türkmen gazynyň swap arkaly Eýranyň üsti bilen göni Türkiýä iberilmegi hem mümkin ýöne, syýasy şertler, Eýranyň ýadro ylalaşygy bilen bagly meseleleri bu alternatiwa kölege salýar.
Britaniýaly energiýa bilermeni türkmen gazynyň suwuklandyrylan görnüşde Hazaryň üsti bilen Türkiýä iberilmek ähtimallygyny seljerdi.
“Bu, 2000-nji ýyllaryň ahyrlarynda, 2008-2009-njy ýyllarda, hususan-da, Italiýanyň ENI kompaniýasy tarapyndan göz öňünde tutulýardy. Ýöne, umuman alnanda, bu gymmada düşýär. Şeýle-de, [suwuklandyrylan] gazy Hazaryň üstünden daşamak üçin ýörite CNG tankerlerini getirmeli” diýip, bilermen aýtdy.
Türkmen gazynyň Hazarüsti gaz taslamasy arkaly TANAP liniýasyna birikdirilmegi barada aýdylanda, bilermene görä, Türkiýe bilen Azerbaýjan aradaky gaz geçirijiniň 4 milliard kub metr, aňry çäk 5 milliard kub metr töweregi goşmaça gaz almaga ukyby bar.
Bilermene görä, 5 miliard kub metr töweregi türkmen gazyny teklip edilýän Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly Azerbaýjana ibermek mümkin. Munuň üçin, Türkmenistandan Azerbaýjana Hazar deňziniň astyndan 78 kilometr töweregi uzynlykda gaz geçiriji çekmeli. Britaniýaly bilermen bu gaz geçirijiniň gurluşygyny 4-5 aýyň içinde tamamlap bolýandygyny aýdýar.
Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki TRT Haber teleýaýlymyna görä, türkmen-türk wekiliýetleri 72 maddalyk ýol kartasynyň üstünde işleýärler.
“Star” türk neşiriniň ýazmagyna görä, Türkiýe gazdan daşary Türkmenistanda öndürilýän mineral dökünlere-de gyzyklanma bildirýär.
Türk synçylary Türkiýäniň türkmen gazy babatda öňe sürýän tekliplerini ýurduň “energiýa garaşlylygynda möhüm öwrüm” häsiýetlendirýärler.
Türk mediasynda Ýewraziýa we türki döwletler baradaky synlary bilen tanalýan türkiýeli professor Kürşat Zorly “Habertürk” neşirinde çap eden synynda Türkiýäniň türkmen gazy babatda öňe sürýän üç alternatiwasyna syn berdi.
“Türkiýäniň döwlet taslamasy hökmünde amala aşyrylmaly bu başlangyjyny goldamaly we hökmany suratda durmuşa geçirmeli. Ýöne şeýle bir alada bar: Türkiýäniň häzirki ykdysady gowuşgynsyzlygy we içerki syýasy problemalar bu taryhy taslama päsgel beräýmesin!” diýip, türk synçysy ýazýar.
“Wagt nämäni görkezer, belli däl, ýöne 90-njy ýyllaryň başlaryndan bäri gün tertibine getirilip, soňra goýbolsun edilen Trans-Hazar liniýasynyň gurulmagy, bu sapar, bu ýurtlaryň öz islegi bilen durmuşa geçirilip bilner” diýip, ol aýdýar.
Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynda oňa Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň sapara gelmek baradaky çakylygyny gowşurdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.