Türkmenistanyň günorta serhet çäklerinde gulluk geçen esgerleriň onlarçasy öýlerine kesgitlenen wagt araçäginde 'wagtynda' dolanyp bilmeýär. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ene-atalaryň birnäçesi harby ýolbaşçylaryň muny häkimiýetleriň demirýol transporty bilen üpjün etmeýändigi bilen düşündirýändiklerini aýdýarlar.
24-nji martda prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol goýan degişli kararynda, şol sanda gulluk möhletleri dolan harby gullukçylary 2022-nji ýylyň aprel — iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmalydygy bellenipdi.
“[Maryda] Owganystan bilen ýakadaky Serhetabadyň harby bölüminde gulluk geçen oglumyzyň öýüne ugradylmaly möhleti eýýäm üç gezek süýşürildi. Çagamyzyň kommandirleri onuň ilki tomusa çenli, soňundan hem iýunyň 5-ne, soňra-da 10-na ugradyljakdygy barada ençeme tapgyr söz berdiler. Indi bolsa, transportyň heniz hem ýokdugyny aýdyp, perzendimiň ýa 25-nji ýa-da 29-njy iýunda Türkmenabada ugradylyp bilinjekdigini aýtdylar” diýip, lebaply ene-atalaryň biri 10-njy iýunda anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli özüniň we oglunyň şahsyýetini aýan edip biljek maglumatlary äşgär etmezligini soran söhbetdeşimiz, Lebapda özleri ýaly başga-da onlarça hojalygyň Marynyň harby bölümlerinde gulluk geçen çagalarynyň wagtynda öýlerine ugradylmaýandygyny sözüne goşdy.
Ol gullukdaky ogly bilen habarlaşanda, onuň lebaply egindeşlerinden başga-da, gulluk möhleti dolan balkanly we ahally onlarça tanyşlarynyň hem, transport bilen üpjün edilmeýändigi sebäpli, eýýäm ençeme hepde bäri öz welaýatlaryna dolanyp bilmeýändiklerini aýdandygyny hem nygtady.
Azatlyk Radiosynyň ýokardaky ýagdaýlar boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, gürrüňi gidýän harby bölüm bilen habarlaşyp, nähilidir bir maglumat almak synanyşyklary netije bermedi. "Türkmendemirýollary" agentligi hem serhetýakadaky gulluk möhleti dolan esgerleriň transport bilen üpjün edilmeýändiginiň sebäplerini düşündirmekden ýüz öwürdi.
Mundan öň, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri soňky ýyllarda Türkmenistanyň Goranmak we beýleki ministrliklerindäki esgerleriň diňe gulluga başlan senesinden hasap tutup, harby gullukdan boşadylmagy barada ýokardan berlen tabşyrygyň bardygyny aýdypdylar.
Emma Owganystan bilen serhetdäki möhleti dolan gullukçylaryň, kommandirleriniň aýdyşy ýaly, transport ýetmezçiligi sebäpli öýlerine wagtynda ugradylmaýandygyny ýa-da munuň, çeşmelerimiziň belleýşi ýaly, häkimiýetleriň ýörite görkezmesi esasynda amal edilýändigini doly anyklamak başartmady.
Türkmenistanda harby gulluk hökmany hasaplanýar we dürli, şol sanda dini ynanjyna laýyklykda gullukdan ýüz öwürýän ýigitlere şertnama esasyndaky harby gulluk we alternatiw gulluk göz öňünde tutulmaýar. Harby gulluga çagyrylanlaryň arasynda ölüm we ýaralanma ýaly ýagdaýlar giňden ýaýran.
Türkmenistanda harby gulluga çagyryş 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli we 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli ýylda iki gezek amala aşyrylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.