Şu günler Türkmenistanda raýatlary nobatdaky gezek harby gulluga çagyrmak we möhleti dolan gullukçylary harby gullukdan boşatmak möwsümi dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy ene-atalaryň öz esger ogullaryny harby gullukdan ir boşatmak üçin ýa-da indi harby gulluga gitmeli ogullaryny amatly hasaplanýan harby bölümlere ýerleşdirmek üçin para berýändiklerini habar berýär.
“Balkanly ene-atalar harby gulluk möhleti tamamlanan esger ogullaryny harby gullukdan ir boşatmak üçin para berip başlandyklaryny aýdýarlar hem-de indi gulluga gitjek esgerleriň ene-atalary bolsa, ogullaryny ýurtda gowy hasaplanýan harby bölümlere ýerleşdirmek üçin para möwsüminiň başlanandygyny aýdýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 24-nji martda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda permana gol çekdi. Bu permana laýyklykda, aprel-iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde we beýleki goşunlarynda, harby edaralarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerler gullukdan boşadylýar. Şol bir wagtda, aprel-iýun aýlarynyň dowamynda 18-27 ýaş aralygynda bolan we harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da gulluk möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýatlar harby gulluga çagyrylýar.
Balkanly ene-atalar esger ogullaryny harby gullukdan ir boşatmak üçin taýýarlyk görýän wagtynda, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri soňky ýyllarda Türkmenistanyň Goranmak we beýleki ministrliklerindäki esgerleriň diňe gulluga başlan senesinde harby gullukdan boşadylmagy barada ýokardan berlen tabşyrygyň bardygyny aýdýarlar.
Emma, muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçysy beýleki welaýatlarda iki ýyl bäri harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän esgerleriň ene-atalarynyň öz ogullaryny gullukdan bary-ýogy bir aý öň boşatmak üçin müňlerçe manat para bermäge taýýardyklaryny aýdýar.
“Ene-atalar esger ogullaryny möhletinden bir aý öň harby gullukdan boşatmak üçin, 10-20 müň manat para berip, iýun aýynda dolanmaly çagalaryny maý aýynda öýlerine getirýändiklerini aýdýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berdi.
Azatlygyň çeşmeleri ene-atalardan para almak işleriniň diňe bir harby bölüm serkerdeleriniň buýrugy bilen däl, eýsem degişli hukuk goraýjy ministrlik resmileriniň ylalaşygy esasynda alnyp barylýandygyny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy harby gullukdan ir boşamak isleýän esgerlerden hem-de amatly harby bölümlerde harby gullugy geçmek isleýän raýatlardan para soralmagy boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginden kommentariý alyp bilmedi.
“Degişli ministrlik resmileriniň rugsady bolmasa, ýekeje esgeri harby gullukdan wagtyndan öň boşatmak mümkin däl” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi gürrüň berdi.
Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenistanyň harby bölümlerinde gullukçylaryň durmuş üpjünçilik ýagdaýynyň pesdigini habar berýär. Galyberse-de, heniz hem dowam edýän “dedowşina” (agalyk) esger durmuşyna ýaramaz täsir edýär.
“Harby bölümlerde ‘dedowşina’ dowam edýär. Esgerler ofiserler tarapyndan hususy taraplara işe ugradylýar. Pul almak üçin esger zähmetiniň söwdasy edilýär. Esger naharhanalaryna gelýän azyk we çörek önümleriniň ýetmezçiligi we satylmagy ýaly bidüzgünçilikler dowam edýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi gürrüň berdi.
Türkmenistanda martyň başlarynda “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky”, “Goranmak hakyndaky”, “Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky” kanunlara üýtgetmeleri girizmek teklip edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.