1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni Mary welaýatynyň Mary şäherinde geçirilen köpçülik çärelerine çagalar mejbury çekildi. Şeýle-de, welaýat paýtagtynyň merkezi köçelerinde Bütindünýä welosiped gününiň öňýany, 1-nji iýunda irden köpçülikleýin tigir sürmek çäresi geçirildi. Bu çärä bolsa, býujet işgärleri mejbury gatnaşdy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.
Mary şäherinde Çagalar güni mynasybetli geçirilen çärä gatnaşmaga mejbur bolan mekdep okuwçylarynyň ene-atalary Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde mejbury çärelerden şikaýat etdiler. Şeýle çäreler Mary şäherinde esasan baş seýilgählerde geçirilýär.
“Bu gün Halkara çagalar güni mynasybetli geçirilýän çärelere mekdep okuwçylary we çagalar baglaryna gatnaýan körpeler gatnaşdyrylýar. Mekdep mugallymlary okuwçylaryň ene-atasyna jaň edip, çagalaryny bir günlük çärä gatnaşdyrmaklaryny soraýarlar. Çagalar bu çärä milli keteni köýnekli we tahýaly gatnaşmaly. Çagalar tomsuň yssysynda çäre gutarýança günüň aşagynda durmaly bolýarlar. Iň erbet ýeri çäreler başlamazdan birnäçe sagat öň çagalar çäreleriň geçirilýän ýerine baryp, durmaly bolýarlar. Geçirilýän çärä häkim ýa-da onuň orunbasary gelýänçä, çärä başlamaga rugsat berilmeýär” diýip, maryly ene-atalaryň biri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy ençeme maryly ene-atalara salgylanyp, şeýle köpçülik çärelerinden soňra köp çagalaryň keselleýändigini habar berýär. Galyberse-de, çagalar iýjek-içjegini çärelere öz ýanlary bilen alyp barmaly bolýarlar.
“Bu günki gün, Çagalar gününde çagalar şatlanmagyň deregine öýlerine ýadap barýarlar. Bu baýramçylygyň düýp manysy çagalary goramakdan ybarat, ýöne gynansak-da biziň çagalarymyz Çagalar güni mynasybetli geçirilýän çärelere mejbury gatnaşdyrylýar” diýip, maryly ene-atalaryň biri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri Halkara çagalar güni mynasybetli geçirilýän çärelere çagalaryň mejbury gatnaşdyrylmagy barada habar bermeýär.
Çarşenbe güni Marynyň welaýat merkezinde aýrybaşga bir köpçülik çäresi geçirildi. Bu çärä-de ýurt raýatlary mejbury gatnaşdyryldy.
Mary welaýatynyň Mary şäheriniň merkezindäki Mollanepes we Kemine köçelerinde 1-nji iýunda irden sagat 6:00-da köpçülikleýin tigir sürmek çäresine badalga berildi. Býujet işgärleri çärä mejbury gatnaşdy.
“Hemişe bolşy ýaly, bu çärä býujet işgärleri mejbury gatnaşdyryldy. Her edara-kärhanadan azyndan 3-5 adam bu çärä gatnaşmaly boldy. Çärede esasan erkek adamlar tigir sürdi. Elleri ak gülli we baýdakly gelin-gyzlar tomaşaçy hökmünde ýol kenarlaryna çykaryldy” diýip, bir çärä gatnaşyjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenistan soňky birnäçe ýyl bäri 3-nji iýun – Bütindünýä welosiped gününiň dowamynda we öňüsyrasynda paýtagt Aşgabatda we welaýatlarda köpçülikleýin tigir sürmek çärelerini geçirýär. Çärelere býujet işgärleri her ýyl mejbury gatnaşýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, býujet işgärlerine köpçülikleýin tigir sürmek çärelerinde öz orunlaryna hakyna tutma adam ugratmaga rugsat berilýändigini habar berýär.
“Eger býujet işgäri çärä gatnaşmaly edilen adamlaryň sanawyna goşulan bolsa, ol öz ornuna çärä hakyna tutma adam iberip bilýär. Her döwlet edara-kärhanasynda çärelere iberilýän adamlar edaralaryň başlyklary tarapyndan öňünden taýynlanýar. Öz ornuna hakyna adam tutýan býujet işgäri 50-100 manat aralygynda nyrh töleýär” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
“Hiç kim ir ertirden başlap, uzakly gün çärä gatnaşmak islemeýär. Şonuň üçin başlyklara pul berip çäreden galanlaryny gowy görýärler” diýip, býujet işgäri aýtdy.
Türkmenistan döwlet teleýaýlymlary baýramçylyk senelerinde “şatlanyp, tans edýän türkmenistanlylary” görkezýär. Döwlet metbugaty ýurt raýatlarynyň “berkarar döwletiň täze galkynyş eýýamynda” bagtly durmuşda ýaşaýandyklaryny gaýtalaýar, ýöne çärelere gatnaşmaga mejbury edilýän çagalaryň we býujet işgärleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar bermeýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny Türkmenistanyň teklibi bilen Bütindünýä welosiped güni yglan etdi. Türkmen hökümeti bu senäni köpçülikleýin tigir sürmek çäreleri bilen belläp geçýär. Mundan ozal, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda welosiped ýadygärligi oturdyldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.