13-nji aprelinde Russiýanyň Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Suma şäherine iki sany “Iskander-M” ballistik raketasy bilen eden hüjümi netijesinde azyndan 34 adam, şol sanda iki çaga heläk boldy, 115 adam ýaralandy.
Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň maglumatyna görä, şikes alanlaryň arasynda 15 çaga bar.
Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Baş aňtaw müdirligi, raketalaryň Russiýanyň Woronež we Kursk oblastlarynda ýerleşýän 112-nji we 448-nji raketa brigadalary tarapyndan atylandygyny habar berdi.
Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Russiýanyň hüjümini “wagşyçylykly” diýip atlandyrdy, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bolsa bu hüjümi “adam janyna doly hormatsyzlyk” diýip häsiýetlendirdi. ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio hem hüjümi ýazgardy we heläk bolanlaryň garyndaşlaryna gynanç bildirdi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp hem bu hüjüm barada çykyş edip, Russiýanyň raketa zarbasyny “yalňyşlyk” diýip atlandyrdy. “Men munuň elhenç ýagdaýdygyna ynanýaryn. Maňa olaryň ýalňyşlyk goýberendigi aýdyldy. Bu tutuş urşyň özi elhenç” diýip Tramp žurnalistleriň soragyna jogap berdi.