Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow Ýaponiýa sapar edýär


Osaka şäherinde açylan “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisi. 13-nji aprel
Osaka şäherinde açylan “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisi. 13-nji aprel

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa sapary başlady.

Mundan öň, Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi Berdimuhamedowyň saparynyň 13-15-nji aprel aralygynda boljakdygyny, şeýle-de onuň geçmişde bu ýurda bäş gezek sapar edendigini, emma häzirki saparyň onuň prezident wezipesine girişeli bäri Ýaponiýa etjek ilkinji saparydygyny belläpdi.

14-nji aprelde türkmen metbugaty Berdimuhamedowyň Osaka şäherindäki “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny habar berdi.

Berdimuhamedowyň saparynyň dowamynda onuň Ýaponiýanyň imperatory we premýer-ministri bilen hem duşuşyklary geçirmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG