Täjigistanyň Rüşt etrabynda 13-nji aprel güni irden bolup geçen güýçli ýer titremesi netijesinde üç ýaşly çaga heläk boldy, ýüzlerçe adam ýaşaýyş jaýsyz galdy.
Täjigistanyň Ylymlar akademiýasynyň Geofizika gullugynyň maglumatyna görä, ýer titremesi ýerli wagt bilen 09:24-de Rüşt etrabynyň gündogaryndan 21 kilometr uzaklykda bolup geçdi. Sarsgynlaryň güýji etrapda 5 bala, paýtagt Duşenbede bolsa 3 bala çenli ýetdi.
Ýer titremesi netijesinde Rüşt etrabynyň Uşturpast obasynda ýaşaýan üç ýaşly Maşrabow Abdugani öýleriniň diwarynyň aşagynda galyp, heläk boldy.
Rüşt etrabynda 40 ýaşaýyş jaýy doly, 5-si bölekleýin ýumruldy. Täjigabad etrabynda bolsa 54 öý doly, 45-si bölekleýin, 61-si ýeňil zaýalandy. Şeýle hem, 2 mekdep, 3 çaýhana, 1 saglyk merkezi we 200-e golaý hojalyk desgasy zyýan çekdi. Täjigabad etrabynda adam ýitgisi bolmady.
Ýer titremesinden soň, Täjigistanyň dürli ýerlerinde azyndan üç gezek gaýtadan titremeler boldy. 14-nji aprel güni irden 05:44-de Rüşt etrabynyň 18 kilometr gündogarynda 4 bala çenli ýer titremesi hasaba alyndy. Täze weýrançylyklar ýa-da adam ýitgileri barada maglumat ýok.
Täjigistan tektonik plitalaryň çatrygynda ýerleşýär we Aziýanyň iň seýsmiki taýdan işjeň ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Bu ýerde her ýyl ýüzlerçe ýer titremesi bolýar.