Ukrainanyň daşary işler ministri Andreý Sibiga 15-16-njy aprel aralygynda Russiýa bilen Gara deňizde howpsuzlyk meseleleri boýunça Ankarada geçiriljek duşuşyk baradaky maglumatlary ret etdi. Bu barada ukrain telekanaly TSN habar berdi. Neşir Sibiganyň “hiç hili şeýle çäre meýilleşdirilmedi” diýen sözlerini sitirledi.
Mundan öň, CNN Türk telekanaly Türkiýäniň Goranmak ministrligindäki çeşmelere salgylanyp, Ankarada Russiýa we Ukraina wekilleriniň gatnaşmagynda Gara deňizde howpsuzlyk boýunça duşuşygyň geçiriljekdigini habar beripdi.
Soňra Ministrlik Ankarada geçiriljek duşuşyga daşary ýurtlaryň harby wekilleriniň gatnaşjakdygyny we duşuşykda Gara deňizde parahatçylygy üpjün etmek üçin harby meýilnamalaryň deňiz aspektleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyňlaşdyrdy .
Şeýle hem, 13-nji aprelde Antalýada geçirilen diplomatik forumda, Russiýanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri Sergeý Lawrow bilen Hakan Fidan Gara deňizde gämi gatnawynyň howpsuzlygy meselelerini maslahatlaşdylar.