Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Begmedowa: Islendik adamyň hukugy bozulanda, mümkin boldugyça kän aýdyňlyk zerur


Pygambergeldi Allaberdiýew. "Turkmen.news" neşiriniň suraty
Pygambergeldi Allaberdiýew. "Turkmen.news" neşiriniň suraty

“Freedom Now” we halkara hukuk firmasy Vinson & Elkins tarapyndan berlen kanuny arza jogap berip, BMG-niň Eden-etdilikli tussag edilmeler boýunça işçi topary Türkmenistan hökümetiniň, hukukçy Pygambergeldi Allaberdiýewi tussag etmek bilen, halkara adam hukuklary kanunyny bozandygy baradaky netijä geldi diýip, düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Freedom Now” guramasy 13-nji maýda habar berdi. Türkmen Helsinki gaznasy bu kararyň tussag baradaky maglumatlaryň wagtynda jemgyýete ýetirilmeginiň netijesi bolandygyny öňe sürýär. Bu BMG-niň türkmen adalat ulgamynyň ýalňyşyny görkezip, Serdar Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň türkmen hökümetine şeýle mazmundaky çagyryş bilen eden ilkinji ýüzlenmesi boldy. Türkmen häkimiýetleri bu habara şu wagta çenli hiç bir reaksiýa bildirmedi.

Işçi toparyň gelen netijesinde, tussag edilmegi we kazyýet işiniň geçirilişi bilen bagly ýagdaýlaryň galplaşdyrylmagynyň, şeýle-de kazyýetiň örän ýowuz jeza hökümini çykarmagynyň şaýatlyk etmegi bilen, olar “jenap Allaberdýewiň saklanmagynyň we türme tussaglygyna höküm edilmeginiň asyl sebäbiniň onuň öz pikirini beýan etmek azatlygyny we birleşmek azatlygyny parahatçylykly ulanmagy bolandygyna” ynanýandyklaryny aýtdylar.

"Biz Işçi toparynyň Pygambergeldi Allaberdiýewiň nädogry tussag edilendigini ykrar etmegini gutlaýarys" diýip, "Freedom Now" guramasynyň hukuk işgäri Adam Lhedmat aýdýar.

“Allaberdiýewiň türmä basylmagy Türkmenistanyň başgaça pikirlilere çydamsyzdygyny we raýatlaryny dymdyrmak üçin galp aýyplamalary ulanmak strategiýasyny görkezýär. Biz türkmen hökümetini Birleşen Milletler Guramasynyň kararyna boýun bolmaga we Allaberdiýewi haýal etmän, hiç bir şert goýmazdan azat etmäge çagyrýarys" diýip, Lhedmatyň beýanatynda bellenýär.

Allaberdiýew tussag edilmezinden ozal Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň Nebitdagneft bölüminde işleýärdi. Ol tussag edilmezinden birnäçe aý öň öz pikirlerini köpçülige açyk aýdyp başlady.

Azatlygyň ozal, öz wagtynda hem habar berşi ýaly, Allaberdiýew 2020-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda bir azyk dükanynda bir adama hüjüm edip, bozgakçylga ýüz urmakda aýyplanyp saklandy. ,

Dawany özüniň başlamandygyna garamazdan, Allaberdýewe aýyp bildirildi, oňa hüjüm eden adam bolsa azat edildi. Şeýle-de, ol öz gurnaýan demokratiýa tarapdar ýygnanyşygynyň öňüsyrasynda tussag edildi.

“Häkimiýetler Allaberdiýewi sorag edenlerinde, soraglaryny esasan azyk dükanyndaky waka däl-de, eýsem onuň protest ýygnanyşygy bilen baglanyşykly tagallalaryna gönükdirdiler” diýip, “Freedom Nowyň” beýanatynda bellenýär we onuň ýyl kesilen wagtynda bäri daşarky dünýäden üzňelikde, garyndaşlary bilen görüşdirilmän saklanýandygy aýdylýar.

Ýatlatsak, adam hukuklaryny goraýan guramalar "Türkmen Helsinki fondunuň" we "Memorial" merkeziniň 2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrda beren maglumatyna görä, Balkanabatda ýapyk görnüşde geçirilen kazyýet seljermesinde 48 ýaşly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýew 6 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Moskwadaky "Memorial" merkeziniň web sahypasynda 30-njy sentýabrda çap edilen maglumata görä, oňa galplaşdyrylan "huligançylyk" işi sebäpli tussaglyk jezasy berildi. Sud işi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi, diňlenişige diňe aýyplanýnyň garyndaşlary däl, eýsem resmi taýdan bildirilýän aýyplama şübhe döredip biljek şaýatlar hem goýberilmedi.

“Biz iň bolmanda sud edilýäniň aýalynyň sud jaýyna goýberilmegini soradyk, emma olar boýun gaçyrdy" diýip, hukuk goraýjylaryň ýazmagyna görä, bu waka şaýat bolan bir zenan gürrüň berdi . Onuň sözlerine görä, kazyýet diňlenişigi iki sagat gijä galmak bilen başlandy we agşam sagat 6-dan agşam 8-e çenli dowam etdi.

Şeýle-de, höküm çykarylandan soň, Allaberdiýewiň aýal doganynyň deslapky tussaghana çagyrylandygy we onuň iki sekunt içinde doganyny uzakdan görüp bilendigi habar berildi.

Deslapky tussaghananyň golaýyna ýygnananlar onuň suddan ozal saçynyň syrylandygyny bilip galdylar we muny kemsitme hökmünde kabul etdiler. Resmiler kazyýet işiniň netijesi barada maglumat bermekden saklandy.

BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça işçi toparynyň Allaberdiýew barada gelen netijesi Türkmenistanda bikanun tussag edilen raýatlar barada ýurduň prezidenti çalşandan soň gelnen ilkinji netije boldy. Mundan öňki prezidentler döwründe bu guramanyň eden-etdilikli tussag etmeler barada gelen netijeleri we gürrüňi edilýän anyk tussaglaryň işine gaýtadan, açyk görnüşde we bitarap ýagdaýda seretmek, olaryň şert goýmazdan azatlyga goýberilmegi barada edilen çagyryşlar köplenç eşidilmän galdy.

Gepiň gerdişine aýylsa, Adam hukuklaryny goraýjylar Allaberdiýewiň maşgalasynyň aklawçy tapmakda hem kynçylyk çekendigini habar berdiler, sebäbi ýerli aklawçylar “syýasat bilen baglydygyny” aýdyp, bu işe gatnaşmakdan ýüz öwürdiler.

Türkmen reallyklarynyň hakyky keşbini açyp görkezýän karar

T. Begmedowa
T. Begmedowa

Türkmen Helsinki gaznasynyň başlygy Täjigül Begmedowanyň Allaberdiýewiň işi boýunça elektron poçta arkaly, ýazmaça beren düşündirişinde aýdylmagyna görä, "Allaberdiýew babatynda çykarylan karar onuň bilen bagly bolan zatlaryň ählisiniň jemgyýetçilige öz wagtynda ýetirilmeginiň netijesi boldy”.

"Mälim bolşy ýaly, biz ähli prosese gözegçilik etdik, soňra bu işe “Freedom Now” guramasyny hem çekdik, olar bolsa öz gezeklerinde halkara ýuristleri bilen bilelikde BMG-niň işçi toparyna ýüz tutdy“ diýip, hukuk goraýjy aýtdy.

Eýsem, Türkmenistanyň şertlerinde bu hili kararyň nähili ähmiýeti bolup biler, sebäbi Aşgabat halkara guramalarynyň we hukuk toparlarynyň çagyryşlaryna kän gulak gabardyp durmaýar?

T.Begmedowa “bu hili kararlar örän möhüm” diýip hasap edýär.

“Sebäbi olar türkmen reallyklarynyň hakyky keşbini açyp görkezýär. Türkmen häkimiýetleriniň "owadan türkmen durmuşyny" wagyz etmek üçin nähili köp tagalla edýändigi belli ahyryn. Bu propaganda diňe bir ýurduň içine däl, eýsem bütin dünýä ýaýradylýar. Şonuň üçin bu hili kararlar alternatiw maglumat bolýar, Türkmenistan bu hili maglumatlardan gaty gorkýar” diýip, hukuk goraýjy ýazdy.

Onuň pikiriçe, häkimiýetler her gezek aktiwistleriň, žurnalistleriň, adam hukuklaryny goraýjylaryň, Türkmenistanyň islendik raýatynyň hukuklaryny bozanda, mümkin boldugyça kän aç-açanlyk zerur.

“Siz bu karardan haýsy netijä garaşmalydygyny soraýarsyňyz. Eger-de her bir waka mümkin boldugyça köp aýan edilse, netije şonça-da kän täsirli bolar. Bir ýa-da iki däl, her bir iş giňden aýan edilmeli. Myradowanyň, Nepeskulyýewiň, Allaberdiýewiň ýagdaýlary ýurtda başgaça pikirlileriň rehimsizlik bilen basylyp ýatyrylmagynyň ýeke-täk mysallary däl. Emma dünýä bularyň diňe iki-ýekesinden habarly bolýar. Eýsem, näme üçin häkimiýetler her edip, hesip edip, maglumatlaryň syzyp çykmagynyň öňüni aljak bolýar? Hut şu sebäbe görä hem, ähli halatlarda, eger pida bolanlaryň özleri, garyndaşlary we dostlary näçe tutanýerli, erjel bolsalar, ýurtda dowam edýän köpçülikleýin düzgün bozulmalary has açyk görner we bu işleriň netijeleri-de has düýpli bolar” diýip, Täjigül Begmedowa ýoldan, uçar menzilinde oturan ýerinden beren ýazmaça düşündirişinde aýtdy.

Eger-de her bir waka mümkin boldugyça köp aýan edilse, netije şonça-da kän täsirli bolar. Bir ýa-da iki däl, her bir iş giňden aýan edilmeli.
T.Begmedowa

Ýöne ol bu ýerde bir gynançly pursadyň hem bardygyny tassyk etdi.

“Gynansagam, şeýle bir zat bar. Biziň watandaşlarymyz kimdir birleriniň gelip, olaryň öz hukuklaryny goramagyna garaşýarlar. Türkmenleriň özleri däl, başga birleri gelmeli. Siz, Radionyň işgärleri hökmünde, bu ýagdaý bilen hemişe özüňiz hem ýüzbe-ýüz bolýarsyňyz. Aýdaly, siz pidalara telefon edýärsiňiz, emma olar hatda öz atlaryny aýtmakdan hem ýüz öwürýärler. Beýle ýagdaý dünýäniň hiç bir ýurdunda ýokmuka diýýärin”.

Hukuk goraýjy T.Begmedowanyň radionyň soraglaryna ýazmaça beren jogabynda aýdylmagyna görä, demokratik ýurtlarda adamlar özleri guramaçylyk edip, toparlara birleşýärler we bilelikde hereket edip, öz hukuklaryny gazanýarlar. Olar günbatardan ýa-da gündogardan kimdir birleriniň gelip, öz meselelerini çözmek üçin kömek bermegine garaşmaýarlar. Olar her bir adamyň diňe öz ykbaly üçin däl, eýsem öz watanynyň ykbaly üçinem jogapkärdiklerine düşünýärler.

Türkmenistan barada gürrüň edilende, adamlaryň öz hukuklary, öz ýakynlarynyň hukuklary ugrunda göreşip, daşary ýurtlardaky halkara hukuk toparlaryna, garaşsyz habar serişdelerine ýüzlenmekden saklanmaklarynyň hemmä belli bir sebäbi hakynda hem gürrüň edilmeli: adamlar watanyna dönük, haýynlyk edýän raýat hökmünde häsiýetlendirilmekden çekinýärler.

T.Begmedowanyň pikiriçe, türkmenistanlylaryň bu hili alasarmyk ýagdaýa düşmeginiň özüne ýetesi anyk sebäpleri hem bar we olaryň biri “watan we häkimiýet düşünjeleriniň bilkastdan garjaşdyrylmagy” bilen bagly.

“Häkimiýetler adamlaryň boýnuna watanyň we döwlet häkimiýetiniň bir-bitewi düşünjedigi baradaky ýoýlan ideologiýany dakýarlar. Öz hukuklary ugrunda göreşjek bolýanlary bolsa watana dönük, jenaýatçy ýa-da töhmetçi diýip atlandyrýarlar. Türkmenleriň hukuklaryny bozýan bir emeldar, häkimiýet ýa-da döwletiň wekilleri, emma olar hiç bir jähtden watanyň özi däl. Bu meselede, meniňçe, bilgeşleýin bulaşyklyk döredilýär” diýip, hukuk goraýjy aýtdy.

“Häzirlikçe, eger biz muňa düşünmesek, goý, ähli halkara guramasy Türkmenistanda hukuklaryň bozulýandygyny görkezäýsin, hakyky üýtgeşiklige garaşmaň. Başda her kim öz-özüne sorag bermeli: men watana nädip kömek edip bilerin? A soň halkara guramalarynyň kararlarynyň netijelidigi ýa däldigi barada gürrüň etmeli” diýip, Türkmen Helsinki gaznasynyň başlygy Azatlyga beren ýazmaça düşündirişinde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG