Balkanabatda ýapyk görnüşde geçirilen sud Pygambergeldi Allaberdiýewi 6 ýyl tussaglyga höküm etdi. Bu barada 30-njy sentýabrda adam hukuklaryny goraýjy guramalar "Türkmen Helsinki fondy" we "Memorial" habar berdi. Sud 2020-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Balkanabat şäherinde tussag edilen 48 ýaşly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýewi "huligançylykda" günäledi.
2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Balkanabatda 48 ýaşyndaky ýurist Pygambergeldi Allaberdiýew sud edildi. Galplaşdyrylan "huligançylyk" işi sebäpli oňa 6 ýyl azatlykdan mahrum edilmek jezasy berildi. Sud işi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi. Bu barada habar berýän adam hukuklary boýunça "Memorial" merkeziniň web sahypasynda 30-njy sentýabrda çap edilen maglumata görä, diňe garyndaşlary däl, eýsem resmi wersiýasyna şübhe döredip biljek şaýatlara-da zala girmäge rugsat berilmändir.
Ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň anyklamagyna görä, Allaberdiýew Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 279-njy maddasy (huligançylyk) we 108-nji maddasy (adamyň saglygyna ortaça agyrlykda bilkastlaýyn zyýan ýetirmek) maddalary esasynda günäli tapyldy we 6 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň "Nebitdagnebit" edarasynyň ýuristi Pygambergeldi Allaberdiýew, Türkmenistanyň ýörite gulluklary tarapyndan daşary ýurtlardaky protest hereketine gatnaşyjylar bilen aragatnaşyk saklamakda güman edilip, 5-nji sentýabrda huligançylykda aýyplanyp, Balkanabatda tussag edilipdi.
Hasabatda suddan öň we soň bolup geçen wakalar barada jikme-jikler berilýär: "Pygambergeldi Allaberdiýewiň sud işi 29-njy sentýabrda Balkanabat şäher sudunda ir sagat 10-a planlaşdyryldy. Irden günäkärlenýäniň garyndaşlary we dostlary kazyýet binasynyň golaýyna ýygnandylar, ýöne sud işi günortanlyk başlamady. Suduň işgärleri ýygnagyň geçirilmändigini mälim etdiler, sebäbi "tussagyň getirilmändigini" aýtdylar. Soňra bu işiň şol gün deslapky tussaghanada geçiriljekdigi habar berildi. Agşam sagat 4 töwereginde Allaberdiewiň 30-dan gowrak garyndaşy we dosty 10 sany awtoulagda deslapky tussaghana ugrady. Sud edilýäniň aýal dogany we gyzy suduň geçjek ýeriniň howlusyna goýberildi, emma olara ilkinji postda suduň ýapyk görnüşde geçiriljegini, şonuň üçin olaryň diňlenişige gatnaşyp bilmejekdiklerini, ýöne kazyýet işinden soň olara Allaberdiýewi görmäge mümkinçilik beriljekdigini aýtdylar.
"Biz iň bolmanda sud edilýäniň aýalyny sud jaýyna salmagy soradyk, emma olar boýun gaçyrdy" - diýip, bu ýagdaýa gatnaşan bir zenan gürrüň berdi . Onuň sözlerine görä, kazyýet diňlenişigi iki sagat gijä galmak bilen başlandy we agşam sagat 6-dan agşam 8-e çenli dowam etdi. Habarda sud zalynda nämeleriň bolup geçendigi belli däl diýilýär.
Şeýle hem, höküm çykarylandan soň, Allaberdiýewiň aýal doganynyň deslapky tussaghana çagyrylandygy we onuň iki sekundyň içinde doganyny uzakdan görüp bilendigi habar berildi. Deslapky tussaghananyň golaýyna ýygnananlar onuň suddan ozal saçynyň syrylandygyny bilip galdylar we muny kemsitme hökmünde kabul etdiler. Resmiler kazyýet işiniň netijesi barada maglumat bermekden saklandy. Derňewçi Kummet Ilýasow Allaberdiýewe çykarylan hökümi bilmek üçin awtoulaglarda garaşýan garyndaşlaryndan gaçyp, başga bir gapydan çykyp gitdi. Deslapky tussaghananyň başlygy Allaberdiýewiň garyndaşlaryna: “Olaryň näme karar edendigini bilemok. Kazyýete gidiň we şol ýerden biliň" diýipdir.
Sud edilen Pygambergeldiniň aklawçy bilen üpjün edilip-edilmändigi belli däl.
Adam hukuklaryny goraýjylar ozal Allaberdiýew maşgalasynyň aklawçy tapmakda kynçylyk çekýändigini habar berdiler, sebäbi ýerli aklawçylar bu işe gatnaşmakdan ýüz öwürdiler we oňa “syýasat bilen baglydygyny” düşündirdiler. Sorag edilen wagtynda Allaberdiýewe prezident Berdimuhamedowyň portretiniň ýakylmagyna degişli soraglar berlipdir. Ýurist özüne ýöňkelýän ähli günäleri inkär edipdir.
Уважаемый читатель, если Вы хотите связаться с Радио Азатлык, самый безопасный способ сделать это, мессенджеры Telegram и WhatsApp. Наши телефоны +420 724 168 989 и +420 773 797 383. В Туркменистане они работают черезVPN. Здесь можно скачать наш бесплатный VPN Psiphon 3дляAndroid телефонов и устройств. Радио Азатлык гарантирует вашу анонимность.