Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabadyň aeroportunyň işgärlerini gatnadýan ýeke-täk awtobus ‘durdy’


Türkmenabadyň köçeleriniň biri (arhiw suraty)
Türkmenabadyň köçeleriniň biri (arhiw suraty)

Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň işgärlerini şäherden zähmet çekýän ýerine gatnadýan ýeke-täk awtobusyň gatnawynyň togtadylmagy, aeroportuň onlarça işgärine dürli oňaýsyzlyklary döretdi, şeýle-de goşmaça çykdajylara getirdi.

“Aeroportuň işgärlerini her gün irden 7-de Türkmenabadyň merkezinden aeroporta gatnadýan we giçlik sagat 20-de yzyna – şähere alyp gaýdýan awtobus gatnamagyny bes etdi. Şäheriň merkezi bilen aeroportuň arasy 18 km. Indi işgärler diňe taksa bil baglamaly bolýarlar. Ýöne, elbetde, hiç kimiň seni mugtuna gatnatmak niýeti ýok. Şäherden aeroporta adam başyna 30 manat, yzyňa hem 20 manat töläp gaýtmaly” diýip, aeroportuň işgärleriniň biri 18-nji maýda anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýurtdaky ýiti ykdysady çökgünligiň arasynda onsuz hem pul ýetmezçiliginden, harytlaryň dowamly gymmatlamagyndan kösenýändigini aýdýan söhbetdeşimiz, özlerinde aeroporta gatnaýan jemgyýetçilik transportyndan peýdalanmaga mümkinçilikleriniň ýokdugyny hem belledi.

“Türkmenabatdan aeroporta 6-njy belgili awtobus gatnaýar. Ol her 30-45 minutdan gelip dur. Emma olar eýýäm ikindin 18-de gatnamagyny bes edýärler. Işgärleriň uly bölegi bolsa, sagat 20-ä çenli işlemeli bolýar. Mundan soň, diňe goşmaça çykdajy edip, şähere taksi bilen aşmakdanbaşga çykalga galmaýar” diýip, söhbetdeşimiz belledi.

Türkmenabadyň Halkara howa menzilinden işgärleri gatnadýan ýeke-täk awtobusyň gatnawynyň togtadylmagynyň anyk sebäplerini resmi ýagdaýda anyklamak başartmady. Emma atlandyrylmasyzlyk şertinde söhbetdeş bolan hünärmen, ýerli polisiýanyň awtobusy ýyllyk tehniki barlagdan geçirmän, onuň ýola çykmagynyň öňüni alandygyny aýdýar.

Onuň sözlerine görä, aeroportuň işgärleriniň Lebap welaýat Ýol gözegçilik gullugy müdirliginiň wekillerini gyssagarada biletler bilen üpjün edip bilmändigi üçin, häzir polisiýa aeroportuň işgärlerini gatnadýan awtobusa guratlyk hatyny bermän, ar almaga synanyşýar.

Lebabyň polisiýa müdirligi bu bildirilýän aýyplamalar boýunça Azatlyga kommentariýa bermekden ýüz öwürdi.

Mundan başga-da, Türkmenabadyň howa menziliniň işgäri soňky wagtdan bäri iş şertleriniň hem göz-görtele ýaramazlaşandygyny, ozal göz öňünde tutulan ýeňillikleriň hem ýatyrylandygyny gürrüň berdi.

“Aýlyklarymyz dowamly kemeldilýär, ozal ýylda daşary ýurda gitmek üçin berlen mugt bilet ýatyryldy, agyr şertlerde zähmet çekilýäni üçin berilýän goşmaça tölegler hem goýbolsun edildi. Soňky wagtdan bäri bolsa, nahar bermegini hem bes etdiler. Gije ýa gündiz smena çykýanlar iýjek iýmitini ýanlary bilen getirmeli” diýip, aeroportyň jogapkär işgärleriniň biri gürrüň berdi, şeýle-de işgärleriň dowamly mejbury ýowarlardan surnukýandyklaryny sözüne goşdy.

Türkmenabadyň täzeden dikeldilen halkara howa menzili 2018-nji ýylda işläp başlady. Aeroportuň goýberiş mümkinçiligi sagatda 500 ýolagça çenli artdyryldy. Aerodromyň meýdany 215 müň 743 inedördül metre deňdir. Howa gämileriniň duralgasy 8 uçara niýetlenendir.

Bellesek, koronawirus pandemiýasy bilen bagly girizilen çäklendirmeleriň arasynda, ýurduň gündogaryndaky bu howa menzil Türkmenistanyň ýeke-täk halkara howa portuna öwrülipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG