Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabadyň aeroportunda traktoryň tekeriniň ýarylmagy netijesinde bir işgär agyr ýaralandy


Türkmenabadyň aeroporty. Illýustrasiýa suraty
Türkmenabadyň aeroporty. Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň aeroportunda traktordaky näsazlygy bejerýän bir işgär onuň tekeriniň ýarylmagy netijesinde agyr ýaralandy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ygtybarly çeşmelerimiz işgäriň iş wagtynda ýaralanmagyna ýolbaşçylaryň "geleňsizliginiň" sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Çeşmelerimiziň sözlerine görä, waka apreliň ahyrynda, aeroportuň tehniki işgärleri, şol sanda sürüjiler we tam süpürijiler ýowara çykarylanda boldy.

"Ähli işgärler aeroportuň daşyndaky baglara ideg etmek üçin ýowara çykaryldy. Işgärler bu ýerlerde sürüm işlerini geçirip, haşal otlary ormaly boldular. Şonda ýolbaşçylar bir sürüjiden bir sany kiçi traktory abatlap bermegi we onda ýer sürmegi talap etdiler. Sürüji traktoryň tekerinde ýel bolmansoň, ony aeroportuň içindäki ýolagçylary daşaýan awtobusdan şlang tartyp, traktoryň tekerini çişirip başlady. Şonda tekeriň diskasy atylyp gidip, sürüjiniň eňegini, dilini kesip, ýarym ýüzüni gopardy. Işgär özünden gidip ýykyldy. Onuň ýanyndaky işgärler gorkup, onuň ýüzüne seredip bilmediler" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ortaça 40 ýaşyndaky bu işgär ýolagçylaryň ýüklerini aeroportdan uçara daşaýan kiçi ulaglaryň sürüjisidi.

Çeşmelerimiz wakanyň yz ýany, aeroportuň resmileriniň işgäri saglyk bejergisi üçin Aşgabada alyp gitmäge synanyşandygyny, ýöne saglyk işgärleriniň muňa garşy çykandygyny hem bellediler.

"Aşgabatdan gelen saglyk işgärleri işçiniň ýüzüni görende, onuň uzak ýola çydamaýandygyny aýtdylar. Ýolda öler diýdiler. Şondan soňra ony Lebap welaýatynyň gaýra goýmaz tiz kömek klinikasyna ýerleşdirdiler" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Çeşmelerimiziň 2-nji maýdaky maglumatlaryna görä, işçiniň saglyk ýagdaýy agyr bolup, ol häzirki wagtda komada ýatyr.

Olar wakadan soňra aeroportuň baş inženeriniň öz arzasy bilen işden çekilendigini hem aýdyp, pajygaly wakanyň döremegine "iş howpsuzlygynyň doly üpjün edilmezliginiň we ýolbaşçylaryň geleňsizliginiň sebäp bolandygyny" belleýärler.

"Aeroportuň resmileri pul tygşytlamak üçin bagbanlary, ussalary işden çykardylar. Şol sebäpli tehniki işgärlerden dürli işleri, şol sanda bag ekmek, ýer sürmek, traktor bejermek we sürmek ýaly işleri berjaý etmek talap edilýär. Olar bu işlerden baş çykarýarmy ýa çykarmaýar - muňa seredilmeýär. 1200-den 2500 manada çenli aýlyk alýan bu işgärler , ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, işlerini ýitirmejek bolup, näme buýrulsa şony edýärler. Bu ýagdaýlar şeýle pajygaly wakalara sebäp bolýar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Çeşmelerimiz ýolbaşçylaryň ilkibada wakany gizlemäge synanyşandygyny, ýöne şaýatlaryň köpdügi sebäpli muny goýbolsun edendigini hem bellediler.

"Häzirki wagtda şäher prokuraturasy waka boýunça derňew işlerini geçirýär" diýip, çeşmämiz sözüne goşdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada agzalýan klinikadan, Türkmenabadyň aeroportundan we Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginden kommentariýa almaga synanyşdy. 2-nji maýda Türkmenabadyň aeroportunyň sorag-jogap bölüminde telefona jogap beren resmi bu habaryň dogry däldigini, Azatlyga ýalan maglumat berlendigini aýtdy. Polisiýa müdirliginden we klinikadan kommentariýa alyp bolmady.

Türkmenistanda býujet işgärleriniň ýowara çykarylyp, dürli işlere çekilmegi, şol sanda haşal otlary arassalamaga, köçeleri süpürmäge, ýerleri sürmäge we ýollaryň gyralaryny reňklemäge mejbur edilmegi bilen bagly ýagdaý ýygy-ýygydan gaýtalanýar. Bu ýowarlar her aý diýen ýaly geçirilip, hususan-da, baýramçylyklaryň ýa-da ýurt ýolbaşçylarynyň sebitlere edýän saparynyň öňüsyrasynda has-da batlanýar.

Azatlygyň habarçylary bu işleriň dowamynda, galyberse-de, adaty iş wagtynda ownuk ýa uly göwrümdäki pajygaly hadysalaryň bolýandygy barada mundan ozal hem habar beripdiler.

Geçen ýylyň tomsunda Azatlygyň habarçylary Lebap welaýatynda ak öýüň açylyşynyň öň ýanynda, onuň gyssagly gurluşygynda bir işçiniň ölendigini habar berdiler.

Türkmenistanlylaryň ençemesiniň sözlerine görä, ýurduň döwlet we hususy edara-kärhanalarynda işgärleriň zähmet hukuklary yzygiderli bozulýar. Ýurtda giň ýaýran işsizlik zerarly gazanjyny ýitirmekden gorkýan adamlaryň kaýyllygy iş berijileriň her hili eden-etdiliklerine, işgärleri iş ýerinde urup-ýençmeklerine çenli ýol açýar.

Azatlyga dürli wagtlarda dürli çeşmelerden gelip gowşan maglumatlara görä, iş ýerlerinde işgärleriň saglygyna zyýan ýetende, hatda ölüm hadysasy bolanda hem köplenç kanun esasynda berilmeli kömek ýa öwez puly, kompensasiýa berilmeýär. Hukuk goraýjy işgärler bolsa, hatda birnäçe gezek arz edilende hem, bolan wakany öz wagtynda, ýerinde we doly derňemekde erjellik görkezmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG