Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümet pile borçnamasyny artdyrdy, ýüpekçiler tut agajynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýär


Ýüpek gurçuklary
Ýüpek gurçuklary

“Şu ýyl öňki ýyla garanyňda gaty köp gurçuga ideg etmek talap edilýär” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Türkmenistanda ýüpek gurçugyna ideg etmek möwsümi batlanýar. Resmi maglumatlara görä, şu ýyl ýurt boýunça 2300 tonna çig pile öndürmek göz öňünde tutulýar. Fewralda kabul edilen karara görä, şu ýyl Ahal welaýaty 300 tonna, Balkan welaýaty 50 tonna, Daşoguz welaýaty 500 tonna, Lebap welaýaty 1010 tonna we Mary welaýaty 440 tonna çig pile öndürmeli edildi. Bu ýyl ýurduň pile borçnamasy geçen ýylyň plan borçnamasyndan 300 tonna ýokarlandy.

“Her bir býujet edarasyna, daýhanlara, hatda hiç ýerde işlemeýän adamlara, garaz, ýüpek gurçugyna ideg etmäge isleg bildirýän her kese gurçuk paýladylar. Emma häzirden tut agajynyň ýetmezçiligi başlady” diýip, maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Fewral aýynda geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew “ýüpek önümçiliginiň çig mal binýadyny pugtalandyrmak we öndürilýän mukdaryny köpeltmek” boýunça alnyp barylýandygy aýdylan işler barada hasabat bilen çykyş etdi. Ol “ýüpekçiligiň binýady bolan tut nahallarynyň ekilýän meýdanyny giňeltmek üçin” zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýüpekçi kärendeçileriň ençemesi Mary welaýatynda ösüp oturan tut agaçlarynyň eýýäm eýelidigini we çig mal ýetmezçiliginiň hatda ýaprak söwdasyna ýol açandygyny aýdýarlar.

“Şu wagta çenli tut agajynyň ýapragy satylmazdy. Tut agajynyň ýapragynyň, tut agajynyň çybygynyň söwdasy başlady” diýip, maryly ýüpekçi habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen hökümeti bu ýyl hem ýurt boýunça jemi 3 million düýp saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň oturdyljakdygyny aýdýar, ýöne olaryň arasynda ekilmegi meýilleşdirilýän tut nahallarynyň anyk sany mälim edilmeýär.

Resmi habarlara görä, apreliň başlarynda hökümet ýüpekçi kärendeçiler bilen şertnamalary baglaşdy we olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün edip başlady. 18-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatyna görä, ýüpek gurçugyna ideg etmek möwsümi Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda eýýäm başlady, Daşoguz welaýatynda ideg işlerine 26-njy aprelde girişiler. Resmi maglumat Balkan welaýatynda ýüpek gurçuklarynyň kärendeçilere paýlanýandygyny aýtdy.

“Tut agajyny nireden tapmaly diýýän hojalyklar bar. Biziň alan gurçuklarymyz tut ýapragynyň ýetmezçiliginden ölse, bizi günäkär ederler” diýip, ýüpekçi kärendeçi habarçymyza gürrüň berdi.

Ol hojalyklarda tut nahallarynyň özbaşdak oturdylmagyna rugsat berilmeýändigini aýdýar.

“Biz ozal hökümete azar ýetirmän, tut agaçlaryny özbaşdak oturdyp, özümiz ideg etjek bolduk, ýöne bize ‘çalt baýajak bolmaň’ diýdiler” diýip, pileçi gürrüň berýär.

“Indi, goý hökümetiň özi pile gurçuklarynyň aladasyny etsin! Çigit paýlan ýaly paýladylar. Näme iýdirmeli indi biz bulara?" diýip, kärendeçi aýdýar.

Onuň sözlerine görä, Mary sebitinde tut agajyny kireýine berýän hojalyklar hem bar.

“[Entek kärendeçilere berkidilmedik] tut agajy bolan hojalyklar, tut agajynyň bir orumy üçin 3-4 manat pul soraýar” diýip, ýüpekçi gürrüň berýär.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, sebitde býujet işgärlerinden ýüpek gurçugyna ideg etmek üçin 40 manatdan pul toplanypdyr.

Galyýberse-de, türkmen hökümeti pile önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG