Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mejbury zähmet dowam edýär. Pileçileriň nagt hasaplaşyk baradaky haýyşy diňlenmeýär


Ýüpek gurçuklary
Ýüpek gurçuklary

Türkmen daýhanlary döwlet tabşyrygy esasynda bugdaý, gowaça, şugundyr ekmek ýaly borçlarynyň daşyndan, her ýylda tohumlary paýlanandan tä pile tabşyrylýança tutuş maşgalany galagopluga salýan gurçuk ýüküni hem çekmeli bolýarlar. Bu ýüküň agramy ýurtda tut ýapraklarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen bagly.

Türkmen häkimiýetleri ýalan wadalar bilen boýna dakylýan pile mejburlygyny dowam etdirip, daýhanlaryň tabşyrylan önüm üçin nagt pulda hasaplaşmak baradaky haýyşlaryny diňlemeýär diýip, lebaply habarçy habar berýär.

Bu habar türkmen prezidentiniň oba hojalygy boýunça orunbasaryna "kärendeçileriň we ekerançylaryň zähmetini höweslendirýän netijeli maliýe-ykdysady gurallary ornaşdyrmak boýunçabirnäçe tabşyryk" beren wagtynyň yz ýanyndan geldi.

Azatlyk Lebabyň Kerki, Hojambaz we Köýtendag etraplarynda ýaşaýjylaryň döwletiň ýüpek mejburlygyndan şikaýat edýändigini bir aý öň, aprel aýynda hem habar berdi.

Türkmen daýhanlary döwlet tabşyrygy esasynda bugdaý, gowaça, şugundyr ekmek ýaly borçlarynyň daşyndan, her ýylda tohumlary paýlanandan tä pile tabşyrylýança tutuş maşgalany galagopluga salýan gurçuk ýüküni hem çekmeli bolýarlar.

Bu ýüküň agramy ýurtda tut ýapraklarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen bagly, emma ýylda millionlap bag nahalyny ekýän hökümet tut meslesini çözmeýär.

Şol bir wagtda, bugdaýdan we gowaçadan tapawutlylykda, belki, has agyr iş bolansoň, gurçuk tutýanlara käbir eglişikler hem teklip edilýär. Ýöne darganataly daýhanlar bu ýyl ýeňillikli bahadan beriljekdigi aýdylýan un, künjara wadalaryna o diýen ynanmaýarlar diýip, habarçy aýtdy.

“2019-njy ýylda hem ýeňillikli bahadan 50 kilogram un, 100 kilogram künjara bermegi wada berdiler, muňa ynanyp, gurçuk aldyk we tutuş maşgala bolup, diýlen pile hasylyny tabşyrdyk, emma häkimiýetler wadasynda durmady” diýip, darganataly daýhan Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Geçen ýyllaryň ajy tejribesinden agzy bişen daýhanlar bu ýyl etrap häkimine ençeme gezek arza ýazyp, agyr zähmet bilen ýetişdirilen hasylyň bahasynyň nagt pulda tölenmegini haýyş etdiler. Emma häkimlikde olary diňlän tapylmady.

Özüni Ereş aga diýip tanadan daýhanyň sözlerine görä, Dargatanadaky nagt pul problemasy sebäpli köp daýhan gurçuk idedip, pile öndürmekden ýüz öwürdi.

“Sebäbi biziň etrabymyzda pul nagtlaşdyrmak 200 kilogram pile hasylyny almakdan hem kyn” diýip, Ereş aga adamlaryň 5 köpük üçin ýakalaşmaga çenli baryp ýetýändigini aýdyp käýindi.

Azatlygyň maý aýynyň başynda alan maglumatlaryna görä, darganataly häkimiýetler ilki raýatlardan döwletiň ýüpek tabşyryklary üçin pul ýygnady.

Ýerli habarçynyň daýhanlar we mekdep mugallymlary bilen gürleşip beren habaryna laýyklykda, her kärendeçi we mugallym 15 kilogram pile puluny, 1500 manat bermeli boldy, sebäbi häkimiýetler her kilogram pile üçin 100 manat talap etdi.

Şeýle-de habarçy adamlaryň çörek pulunyň gaýgy bolandygyny, emma kärende ýeri bolan adamlaryň ählisinden pul ýygnalýandygyny aýdyp, Başsaka geňeşliginiň, Krançyoba geňeşliginiň ýaşaýjylarynyň 15 kilogram piläniň puluny bermeli edilendigini belledi.

Ýöne daýhanlaryň arasynda umyt edip, ýa-da diýlen puly berip bilmän, az hem bolsa, gurçuk tutýanlar hem bar.

Mysal üçin, Halkabat daýhan birleşiginde 6 kärendeçi, Magtymguly hojalygynda 4 kärendeçi, Hojalyk daýhan birleşiginde 7 raýat, Lebap daýhan birleşiginde 5 kärendeçi gurçuk tutýar, bularyň üstüne gurçuk tutýar diýlip hasaba alnan 3 mekdebi hem goşmaly diýip, habarçy aýtdy.

Ýöne ol bular bilen döwletiň pile tabşyrygynyň nädip ýerine ýetiriljegini, şeýle-de pile üçin ilatdan ýygnalan pullara nireden pile satyn alýandyklaryny anyklap bilmändigini hem sözüne goşdy.

Türkmenistan her ýylda bugdaý, pagta baradaky döwlet tabşyryklarynyň ýerine ýetirilendigini, azyk bolçulygynyň döredilendigini yglan edýär we soňundan daşary ýurtlardan bugdaý, un, ýag we beýleki azyk önümlerini, hatda paga çigidini hem import edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG