Türkmenistanyň paýtagtynda Aşgabatda zähmet çekýän welaýat ýaşaýjylaryna garşy polisiýa çäreleri güýçlendirildi. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri Türkmenistanyň paýtagtynda we onuň töwereginde welaýatlylary tutmak üçin geçirilýän köpçülikleýin reýdler barada habar berýärler.
Habarçylaryň sözlerine görä, beýleki sebitlerden gelen welaýatlylary kesgitlemek we tussag etmek üçin reýdler bir hepdäniň içinde amala aşyrylýar. Zähmet migrantlary hem Aşgabadyň özünde, hem-de paýtagtyň töwereklerinde tutýarlar.
Aşgabatda polisiýanyň awtoulaglary yzygiderli aýlanýar we "şübheli" hasaplan adamlary saklap, başga bir welaýatdan gelendigini anyklasa hiç bir kanuny bozmadyk adamlary polisiýa bölümlerine äkidýär diýip, habarçylar aýdýar.
Agşamlaryna polisiýa işgärleri awtobus duralgalarynda garaşyp durýarlar we işden soň adatça awtobusda öýlerine gaýdyp barýan işçi migrantlary saklaýarlar. Azatlygyň habarçylaryndan biri: "başga welaýatlardan gelýänleri alamatlandyrýan zatlaryň biri olaryň ellerinde paket bolýar" -diýip, belledi.
Habarçylaryň sözlerine görä, polisiýa welaýatlylary kesgitleýär, saklaýar, registrasiýasyny barlaýar we polisiýa uçastoklaryna eltýär. Şunuň bilen baglylykda polisiýa bölümleri häzir adamlardan doly.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan birnäçe çeşmäniň habaryna görä, tussag edilen migrantlardan "töleg" talap edilip, olaryň polisiýa işgärleri tarapyndan ýenjilmegi seýrek däl, soň bolsa olara pul getirmek üçin tanyşlaryna jaň etmäge rugsat berilýär. Migrantlardan talap edilýän puluň mukdarynyň 500-den 1000 manata çenli ýetýändigini çeşmeler aýdýar.
"Şeýdip, 30 ýaşly oňat ussa bolan migrant işçini agşam duralgadan uzak bolmadyk bir ýerde saklap, alyp gitdiler. Ol Marydan. Ol oňat geýnendi, arak içenok, 30 ýaşlarynda. Ony rehimsiz urdular we eňegini döwdüler. Onuň ýüzi gyşardy" diýip, bu ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri anonim şertde gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, polisiýa bu adamy boşatmak üçin 800 manat talap edipdir, ýöne tanyşlary bary-ýogy 500 manat ýygnamagy başarypdyr we şeýdip onuň boşadylmagyny gazanypdyr.
"Ol boşadyldy we maýyp halda öýüne gitdi" -diýip, çeşme aýtdy.
Azatlyga mälim bolan ýagdaýlaryň ýene birinde polisiýa, öz garyndaşynyň patasyna gatnaşmak üçin Aşgabada baran 40 ýaşly maryly tussag edildi. Onuň tutulmagyna paýtagtda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň ýoklugy sebäp bolupdyr. Bu adamyň pasportyndaky ýazga görä, ol Maryda registrasiýa edilen.
Azatlyk Radiosy, çeşmeleriň howpsuzlygy nukdaý nazaryndan tussag edilenleriň atlaryny we olaryň başdan geçiren ýagdaýlarynyň jikme-jikliklerini beýan etmekden saklanýar.
Azatlyk Radiosy Aşgabadyň polisiýa bölümlerinden we Içeri işler ministrliginden sebit ýaşaýjylarynyň tussag edilmegi, paýtagtdan kowulmagy we polisiýanyň zähmet migrantlaryna garşy bikanun hereketleri barada habar berilýän ýagdaýlar babatynda resmi düşündiriş alyp bilmedi.
Türkmenistanda içerki migrantlary Aşgabadyň çäginden çykarmak praktikasy ençeme ýyl bäri saklanyp gelýär. Wagtal-wagtal polisiýa gözegçiligi güýçlendirilýär. Şäher häkimligi beýleki sebitlerden gelýän raýatlaryň yzarlanmagynyň sebäplerini hiç wagt düşündirmeýärler.
Häzirki yzarlamalar Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň işinden aýrylmagyna we polisiýanyň ilata gözegçiligini güýçlendiren wagtyna gabat geldi. Soňky günlerde ýollarda köpçülikleýin reýdler, şeýle hem resmi nikasy bolmadyk jübütleri anyklamak boýunça çäreler geçirildi we dürli kosmetiki hyzmatlar gadagan edildi.
Uzaga çeken ykdysady krizis, giň ýaýran işsizlik Türkmenistanyň ilatynyň garyplaşmagyna sebäp boldy. Sebitlerde ýagdaý paýtagtdakydan has agyr. Pul gazanmak üçin Aşgabat şäherine gelen içerki migrantlar esasan gurluşyk meýdançalarynda işleýärler we beýleki hünär talap etmeýän işler bilen meşgullanýarlar.
Habarçylaryň sözlerine görä, koronawirus pandemiýasynyň arasynda ilatyň ýurduň içinde hereket etmegine girizilen çäklendirmeler welaýat ýaşaýjylarynyň paýtagtda kanun esasda ýaşamak üçin hasaba alynmak işini has-da kynlaşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda welaýatlardan paýtagta iş gözläp barýanlar köplenç gazanç etmek üçin kiçi telekeçiler bilen işleşýärler we hususy jaýlarda abatlaýyş işlerini alyp barýarlar. Olar ýaşaýyş üçin köplenç Aşgabadyň daşyndaky obalarda arzan jaýlary kireýine alýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.