Balkan welaýatynyň polisiýasy raýatlaryň ahlak meselesine gözegçiligi güýçlendirip, nikasyz jynsy gatnaşykda bolýanlara we ten söwdasyny edýänlere garşy reýdleri geçirdi. Azatlyk Radiosynyň Balkanyň polisiýa edarasyndaky çeşmesi munuň täze içeri işler ministriniň "mukaddes oraza aýynda raýatlaryň ahlak terbiýesine we spirtli içgileri içmegine gözegçiligi güýçlendirmek" baradaky tabşyrygy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
"Geçen dynç günleri Türkmenbaşy şäher polisiýasynyň işgärleri oraza aýy mynasybetli üç myhmanhanada we ten söwdasynyň amala aşyrylýandygy üçin ozaldan bäri hasapda duran ýerlerde reýd geçirdiler. Şeýle-de, olar dynç günlerinde şäheriň bazarlarynda we dükanlarynda spirtli içgileri satdyrmadylar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 13-nji aprelde gürrüň berdi.
Azatlykda gürrüňi edilýän myhmanhanalaryň we ten söwdasynyň amala aşyrylýandygy aýdylýan ýerleriň atlary we adresleri barada anyk maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
"Şenbe we dynç günleri myhmanhanalara gelen we olardan çykan erkekleriň hem-de zenanlaryň resminamalary barlanyp, olardan nikadan geçendikleri hakyndaky şahadatnamalar hem talap edildi" diýip, çeşmämiz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, nikasy tassyklanmadyk jübütler, ýagny erkekler we zenanlar sud-medisina barlagyndan geçirildi. Olardan gan we beýleki zerur bolan nusgalar alyndy.
"Bu barlaglaryň netijesinde bikanun, ýagny nikasyz jynsy gatnaşykda bolan jübütlere ýa-da erkeklere we zenanlara 10 müň manatdan başlanýan jerimeler töletdirilip, administratiw temmi berildi" diýip, çeşmämiz belledi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda geçirilýän uly baýramçylyklaryň we syýasy wakalaryň öňüsyrasynda, ten söwdasy bilen meşgullanýanlara gözegçiligi güýçlendirýär. Soňky gezek şeýle çäreler 12-nji martda geçirilen prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda amal edilipdi. Häkimiýetler bu işleri "asudalygy saklamak, howpsuzlygy ýokarlandyrmak çäreleri" diýip düşündirýär.
Ýöne habarçylarymyz ýurtda oraza aýynyň dowamynda nikasyz jynsy gatnaşykda bolýan we ten söwdasy bilen meşgullanýan raýatlara gözegçiligiň güýçlendirilendigi barada ilkinji gezek habar berýärler.
Çeşmämiz bu çäreleriň täze içeri işler ministri Muhammet Hydyrowyň tabşyrygy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, ministr "mukaddes oraza aýynda raýatlaryň ahlak terbiýesine we spirtli içgileri içmegine gözegçiligi güýçlendirmek" barada tabşyryk beripdir.
"Bu baradaky tabşyryk welaýatyň ähli şäherleriniň polisiýa başlyklaryna gelip gowuşdy" diýip, çeşmämiz nygtady.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Balkan welaýat Polisiýa müdirliginden we Türkmenbaşy şäher polisiýasyndan telefon arkaly resmi kommentariýa almaga synanyşdy. Redaksiýamyzyň 13-nji aprelde ikindine çenli eden synanyşyklary netije bermedi.
Hydyrow 6-njy aprelde geçirilen howpsuzlyk mejlisinde içeri işler ministri wezipesine bellendi. Şondan soň, ýurt raýatlary käbir pudaklara gözegçiligiň güýçlendirilmegi bilen ýüzbe-ýüz boldular. Ýurduň dürli künjeginde ýol hereketine gözegçilik güýçlendi. Lebap welaýatyna ýörite barlagçy topar bardy. Aşgabatda ýüzlerine botoks etdirýän, ýüzleriniň ýygyrtlaryny tekizletdirýän, dodaklaryny çişirdýän, gözlerine kirpik oturdýan we goşmaça dyrnak dakdyrýan gelin-gyzlara we olara bu hyzmatlary amal edýän gözellik salonlaryna hem gözegçilik güýçlendi.
Türkmenistanda adatça IIM-niň täze wezipä bellenen resmileri öz ýolbaşçylyk edýän pudagyna gözegçiligi birbada güýçlendirýärler, ýöne soňra ýene gowşadýarlar.
Bu aralykda, Balkandaky habarçymyz Türkmenbaşynyň polisiýasynyň şäherdäki içerki migrantlary "kowmak işlerini" hem güýçlendirendigini habar berýär. Şol bir wagtda, ol "öýsüz, köçede ýatýan 50 töweregi adamyň medisina barlagyndan geçirilendigini we olara umumy ýaşaýyş jaýndan ýer bermegiň wada berlendigini hem aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.