8-nji aprelde Ukrainanyň gündogaryndaky demir ýol menziline edilen rus raketa zarbasynda 39 adam öldi we başga-da 100-den gowragy ýaralandy. Prezident Wolodymyr Zelenskiý munuň parahat ilata bilkastlaýyn edilen hüjüm bolandygyny aýtdy.
Ukrainanyň döwlet demir ýol kompaniýasy rus güýçleri tarapyndan bombalanýan ýerlerden asuda ilaty ewakuasiýa etmek üçin ulanylan Kramatorskdaky wokzala iki rus raketasynyň atylandygyny aýtdy.
"Kramatorsk demir ýol menziline iki raketa gelip urdy" diýip, Ukrainanyň demir ýol kompaniýasy öz beýanynda belledi.
"Bu çägi bolmadyk erbetlik. Bu jezalandyrylmasa, ol hiç wagt durmaz" diýip, Zelenskiý öz beýanatynda aýtdy.
Soňra Zelenskiý Finlýandiýanyň mejlisinde eden wideo çykyşynda hüjüm wagtynda wokzalda hiç bir ukrain goşunynyň bolmandygyny hem belledi.
Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideolar we suratlar wokzaldaky sumkalaryň hem-de çemodanlaryň ýanynda onlarça raýatyň jansyz bedeniniň ýatandygyny görkezýän ýaly bolup görünýär.
Ilkinji habarlarda 30 adamyň öldürilendigi barada habar berildi, ýöne soňra bu san 39 adama, şol sanda dört çaga ýetdi we bu maglumat ukrain resmileri, şol sanda Donetsk sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Pawlo Kyrylenko tarapyndan tassyklandy.
Kramatorsk şäheriniň häkimi Oleksandr Honçarenko hüjüm wagtynda wokzalda 4 müň töweregi adamyň bolandygyny aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi hüjüme Russiýanyň jogapkärdigi baradaky aýyplamalary ret etdi.
Rus dilinde "çagalarymyz üçin" diýlen ýazgy ýazylan uly raketanyň galyndylary wokzalyň esasy binasynyň gapdalynda ýatyrdy.
"Men adamymy gözleýärin. Ol şu ýerdedi. Men onuň bilen habarlaşyp bilemok" diýip, bir aýal AFP habar gullugyna beren maglumatynda aglap, telefony gulagyna tutdy.
"Men wokzaldadym. Men iki gezek diýen ýaly partlama sesini eşitdim. Men goranmak üçin diwara tarap ylgadym" diýip, aljyraňňylyga düşen başga bir aýal aýtdy.
Bu hüjüm Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen, Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli diplomaty Josep Borrell we Slowakiýanyň premýer-ministri Eduard Heger Zelenskiý bilen gepleşikleri geçirmek üçin Kiýewe baran mahaly boldy.
Heger Twitterde paýlaşan twitinde Zelenskiý we onuň hökümeti üçin söwda hem-de gumanitar kömek teklipleri bilen gelendiklerini aýtdy.
Hegeriň sözlerine görä, munuň bir bölegi dänäni, şol sanda bugdaýy daşamak üçin mümkinçilikler hödürlemekden ybarat. Ukraina dünýäde iň uly bugdaý öndüriji ýurtlaryň biridir we Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan söweşi esasanam Ýakyn Gündogarda un ýetmezçiligini döredýär.
Heger üç resminiň “ReformTeam”, ýagny "ReformToparyny" döretmek arkaly Ukrainanyň ÝB bilen has ýakyn gatnaşyklara barýan ýolunda Kiýewe kömek etmek isleýändigini hem belledi.
Bu sapar 8-nji aprelde ÝB-niň Russiýa garşy sanksiýalaryň bäşinji tapgyryny kabul edendigini, şol sanda kömür, agaç, himiýa we beýleki önümleriniň importyny gadagan edendigini yglan eden mahalyna gabat geldi.
Şeýle-de, ÝB-niň bu çäreleri köp sanly rus gämisiniň we ýük awtoulagynyň ÝB-ne girmeginiň öňüni alar, söwdany hasam kynlaşdyrar we "VTB" ýaly dört rus banky bilen ähli amallary gadagan eder.
Günbatar ýurtlary, Kiýewiň demirgazygyndaky Buçanyň köçelerinde parahat ilatyň jezalandyrylyp öldürilmegi halkara derejesinde ýazgarylandan soň, Russiýa garşy girizen sanksiýalaryny güýçlendirdiler.
Ýerli resmileriň tassyklamagyna görä, Buçada rus güýçleri tarapyndan 300-den gowrak adam öldürildi we olaryň 50-ä golaýy jezalandyrylyp öldürildi. Moskwa bu aýyplamalary ret edýär.
Zelenskiý 7-nji aprel güni giçlik Kiýewiň demirgazyk-günbataryndaky başga bir şäherde, rus güýçlerinden halas edilen Borodýankada bolan zatlaryň Buçadakydan hem aýylgançdygyny aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.