Türkiýe 2021-2022-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymy üçin okuw töleglerini 11-nji fewrala çenli geçirmedik türkmenistanly talyplaryň ýurtda ýaşamak üçin rugsatnamalaryny goýbolsun eder. Bu barada "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri habar berýär.
Azatlyk Radiosy bu barada Türkiýäniň dürli şäherlerinde okaýan türkmenistanly studentleriň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Olar bu maglumaty tassyklap, bu barada türk häkimiýetleri tarapyndan ýaýradylan resmi kararyň ýokdugyny we talyplaryň telefon arkaly habarly edilendiklerini aýtdylar.
"Adatça talyplar noýabryň 31-den fewralyň 4-ne çenli aralykda ikinji semestrda okajak sapaklary üçin sapaklary saýlap, okuw töleglerini geçirýärler. Saýlap ýetişmediklere goşmaça wagt berilýär. Bu talyplar 7-11-nji fewral aralygynda sapaklaryny saýlamaly bolýarlar we ikinji semestr üçin okuw töleglerini geçirmeli bolýarlar. Häzir Türkiýäniň Göç edarasy, ýagny Migrasiýa edarasy goşmaça berlen wagtyň dowamynda okuw töleglerini töläp ýetişmedik türkmen talyplarynyň ýaşamaga ygtyýarnamasynyň (Türkçe: Öğrenci ikamet izni) goýbolsun ediljekdigini habar etdiler" diýip, Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan türkmenistanly talyp 9-njy fewralda gürrüň berdi.
Türkmenistanly talyplar bular ýaly duýduryşyň beýleki ýurtlardan Türkiýä gelip okaýan studentlere berilmändigini aýdyp, bu kararyň özlerine garşy gönükdirilendigine ynanýarlar.
"Başga ýurtlardaky ene-atalaryň öz çagalaryna pul ibermek bilen bagly problemasy ýok. Şol sebäpli bu diňe türkmen studentlerine garşy gönükdirilen ýaly bolup dur" diýip, türkmenistanly talyp belledi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada kommentariýa almak üçin Türkiýäniň Baş migrasiýa edarasy bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 9-njy fewralda ýerli wagt bilen sagat 5-e çenli eden yzygiderli synanyşyklary netije bermedi. Migrasiýa edarasyna edilen telefon jaňlarynda operatorlaryň meşguldygy tekrarlandy.
Bellesek, 2016-njy ýylyň başynda Türkmenistanda dollaryň resmi söwdasy gadagan edilenden soň, ýurtda walýutanyň iki - resmi we gara bazar nyrhlary - emele geldi. Merkezi bank 1 dollaryň bahasyny 3,5 manat möçberinde saklaýan mahaly, onuň gara bazar nyrhy takmynan 25 manada deň boldy.
Bu çäklendirmäniň fonunda, häkimiýetler ene-atalara özleriniň daşary ýurtlarda okaýan çagalary üçin resmi kurs boýunça kesgitli möçberdäki pul serişdesini ibermäge mümkinçilik döretdi.
Ýöne şondan bäri Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmen talyplary we olaryň ene-atalary häkimiýetleriň pul ibermek mümkinçiliklerini yzygiderli çäklendirýändigi we türkmen banklarynyň okuw töleglerini öz wagtynda geçirmeýändigi barada onlarça gezek habar berdiler. Bu çäklendirmeler köp talybyň okuwdan çykarylmagyna ýa-da okuwy terk etmegine hem getirdi.
Türkiýede okaýan türkmenistanly talyplaryň sözlerine görä, häzir olaryň köpüsiniň Türkmenistandaky ene-atalary tarapyndan iberilen okuw tölegleri, adatça bolşy ýaly, öz wagtynda uniwersitetiň bank hasabyna gelip gowuşmaýar.
"Käbir talybyň puly ýatsa, käbiriniňki ýatmaýar. Häzir türkmen studentleri aladaly ýagdaýda. Olaryň ykbaly 11-nji fewraldan soň belli bolar" diýip, türkmenistanly talyp belledi.
Türkiýe türkmenistanly ýaşlaryň ýokary okuwyny dowam etdirmek üçin saýlap alýan esasy döwletleriniň biri bolup, bu ýurtda müňlerçe türkmen studenti okaýar.
Türkmen häkimiýetleri ne Türkiýede, ne-de beýleki ýurtlarda okaýan türkmenistanly talyplaryň sany baradaky statistikany köpçülige mälim edýär. Şeýle-de, olaryň daşary ýurtlarda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary we ene-atalaryň pul ibermekdäki bökdençlikleri barada hiç hili mesele gozgalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.