Türkmen häkimiýetleri ne global pandemiýanyň fonunda ýatyrylan halkara uçar gatnawlaryny dikeldýär, ne-de ene-atalaryň daşary ýurtlardaky çagalaryna pul ibermegine mümkinçilik döredýär. Biz çagalarymyza näresmi ýollar arkaly pul iberjek bolup, "kezzaplara" müňlerçe dollar möçberinde pulumyzy aldyrýarys. Bu hökümet hem bizi, hem-de çagalarymyzy halys köseýär diýip, lebaply ene-atalaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna beren maglumatynda aýtdy.
Olaryň sözlerine görä, 2021-nji ýylyň tomsunda daşary ýurtlarda okuwlaryny tamamlan türkmenistanly ýaşlaryň ýüzlerçesi Türkmenistana dolanyp bilmän kösenýär. Muňa ýurtda halkara uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagy sebäp bolýar.
Munuň bilen bir wagtda, ene-atalar okuwlaryny tamamlan çagalaryna ýurduň banklary arkaly pul hem iberip bilmeýärler. Türkmen banklary olara çagalarynyň okuwlaryny tamamlandygyny belläp, olaryň döwletiň hödürleýän pul ibermek mümkinçiliginden peýdalanyp bilmeýändigini aýdýarlar.
Bellesek, 2016-njy ýylyň başynda Türkmenistanda dollaryň resmi söwdasy gadagan edilenden soň, ýurtda walýutanyň iki - resmi we gara bazar nyrhlary - emele geldi. Merkezi bank 1 dollaryň bahasyny 3,5 manat möçberinde saklaýan mahaly, onuň gara bazar nyrhy takmynan 25 manada deň boldy. Bu çäklendirmäniň fonunda, häkimiýetler ene-atalara özleriniň daşary ýurtlarda okaýan çagalary üçin resmi kurs boýunça kesgitli möçberdäki pul serişdesini ibermäge mümkinçilik döretdi.
"Häzir biz döwlet banklary ýa-da Western Union hyzmatlary arkaly çagalarymyza pul iberip bilmeýändigimiz sebäpli, näresmi ýollardan peýdalanmaly bolýarys. Mysal üçin, Russiýada işleýän türkmenistanlylaryň ýurtdaky tanyşlaryna pul berip, çagalarymyza pul ibermäge synanyşýarys. Ýöne bu näresmi iberilýän pullaryň tas 50%-i ýitip, çagalarymyza barmaýar. Sebäbi aradaky kezzaplar puly alandan soňra ýitirim bolýarlar. Şeýdip, onlarça ene-ata puluny aldyrdy" diýip, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde 3-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, aldawa düşen ene-atalaryň polisiýa edaralaryna edýän şikaýatlary hem netijesiz galýar. Sebäbi polisiýa işgärleri ene-atalara kanun taýdan, ýagny notariusda tassyklanmadyk pul serişdelerini raýatlara yzyna alyp berip bilmeýändiklerini aýdyp, "işi suda geçirip, bulaşanyňyza degmeýär" diýip, jogap berýärler.
"Hökümet bize resmi kursdan bolmasa-da, gara bazar kursundan pul ibermek üçin bank hyzmatlaryny ýola goýup berse, ene-atalar pullaryny kezzaplara aldyrmazdy. Şeýle-de, çagalarymyz pulsuz we aç galmazdy" diýip, faraply ýaşaýjy sözüni jemledi.
Bu aralykda, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň ençemesi hem, özleriniň Belarusda, Ukrainada we Russiýada okuwyny tamamlan çagalarynyň ýurda dolanyp bilmeýän kösenýändigini aýtdy.
"Biz indi ýedi aý bäri çagalarymyza pul iberip bilmeýäris. Sebäbi türkmen banklary olaryň okuwlaryny tamamlandygyny aýdyp, biziň çagalarymyza iberjek pul serişdelerimizi kabul etmeýärler. Biz hatda $50 hem iberip bilmeýäris. Halkara uçar gatnawlary dikeldilmeýändigi sebäpli olar ýurda hem dolanyp bilmeýärler. Çagalarymyz ýat ýurtda pulsuz kösenýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ene habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri global pandemiýanyň fonunda, has takygy 2020-nji ýylyň martynda halkara uçar gatnawlaryny ýatyrdy. Şondan bäri häkimiýetler daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylary ýurda getirmek üçin uçar gatnawlaryny wagtal-wagtal gurnasa-da, köp türkmen raýaty Türkmenistana dolanyp bilmeýär. Daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylar we türkmen aktiwistleriniň köpüsi hökümetiň bu ugurdaky tagallalarynyň ýeterlik däldigini aýdyp, ýollaryň açylmagyny talap edýärler.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylar, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şeýle-de ene-atalaryň pul ibermekdäki bökdençlikleri barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.