Pakistan we Türkmenistan ýatyp galan TOPH gaz geçiriji taslamasyny janlandyrmak üçin gepleşiklere başlady. Pakistan mediasy bu taslamanyň ozal gazyň nyrhy we getirilip beriljek nokady babatdaky oňuşmazlyklar üstünde togtap galandygyny belleýär, emma türkmen metbugaty 31-nji ýanwardan 4-nji fewral aralygynda, prezidentiň tabşyrygy esasynda geçirilýän gepleşikleriň detallaryny, adatça bolşy ýlay, düýpden açmaýar. Bu gepleşikler wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň Eýranda saparda bolup, beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyklar bilen bir hatarda, iki ýurduň arasynda togtadylan gaz söwdasy, şol sanda türkmen prezidentiniň Tährana etjek sapary barada gepleşik geçirmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Emma türkmen metbugaty Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky gaz tölegleri dawasy barada, şol sanda nazarda tutulýan prezident sapary barada hiç bir maglumat bermeýär.
Howpsuzlyk we maliýe-ykdysady manysy bilen bagly berilýän duýduryşlara garamazdan, Türkmenistan, resmi habarlardan çen tutulsa, TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek üçin yzygiderli tagalla edýär we onlarça ýyllap başa barmadyk taslama Owganystanda häkimiýet çalşandan soňam, “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümet we Aşgabat tarapyndan ‘gün tertibinden’ aýrylmady. Ýogsa, goňşy ýurtda dörän täze ýagdaý, Birleşen Ştatlaryň bu ýurtdan çekilmegi we Yslamabadyň nyrha dawalary Aşgabady oýlandyrjak ýalydy.
Pakistan mediasynyň maglumatyna görä, iki ýurduň paýdarlyk şertnamasyna gol çekmegini yza çeken mesele gazyň getirilip beriljek nokady bilen bagly boldy. Gaz satmak we almak baradaky ylalaşyga görä, türkmen tebigy gazynyň getiriljek ýeri türkmen-owgan serhedi bolup durýar, emma Yslamabat öz aljak gazynyň pakistan-owgan serhedine getirilip berilmegini isleýär.
Ikinji mesele, Pakistan tarapynyň türkmen tebigy gazyny öz satyn alýan suwaldylan gazyndan hem iki esse arzan almak islegi bilen bagly. Yslamabat bu meselede uly bir päsgelçilik görmeýändigini öňe sürýär. Emma Aşgabat bahany beýle arzanlatmaga göwünjeň görünmeýär. Ýöne türkmen DIM-i bu meseleleri agzaman, taraplaryň TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň taslamalary boýunçakäbir ylalaşyklary gazanandygyny belleýär.
Şu aralykda, Orsýetiň Owganystandaky wekili Zamir Kabulowyň TASS habar gullugyna aýtmagyna görä, Moskwa hem TOPH gaz geçiriji taslamasyna, onuň gelejeginiň syýasy taýdan özüne çekiji görünýändigi üçin, gyzyklanma bildirýär.
Pakistan mediasy, Owganystanda dörän täze ýagdaýa salgylanyp, “Talybanyň” ykrar edilmedik hökümetiniň TOPH taslamasynyň durmuşa geçmegine Owganystanyň ozalky hökümetinden “has amatly” bolmak ähtimallygyny öňe sürýär.
Emma hünärmenler, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ekspert Brýus Panniýer bu taslamanyň janlandyrylmak mümkinçiligine örän şübheli garaýar.
“Men bu taslamanyň janlandyrylmagy üçin hakykatda hiç bir mümkinçilik görmeýärin. TOPH-a gezek gelende Pakistan her gezek munuň üçin iň pes nyrhdan töleg tölemäge synanyşýar. Muny indi geň görüp oturasy iş hem ýok, “Talyban” barada aýdylanda bolsa, olar legitimlik gazanmak isleýär, şeýle-de olara gaz we girdeji çeşmesi, tranzit tölegi gerek. Olar öz çäklerinden geçmeli we beýleki ýurtlara hem peýda bermeli uly taslama hakynda gepleşik geçirýän bolup görünmäge çalyşýarlar, bu olara nähilem bolsa bir kanuny hökümet ýaly görünmek, halkara taslama gatnaşýan tarap hasaplanmak ähtimallygyny berýär” diýip, Brýus Panniýer Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.
Eýsem, bu taslama Türkmenistanyň sebitdäki gaz, energiýa bäsdeşi bolup görünýän Moskwanyň gyzyklanma bildirmegi nämäni aňladýar?
Hünärmeniň pikiriçe, Moskwanyň TOPH taslamasyna bildirýän gyzyklanmasy hakykatda diňe syýasat bolup, Türkmenistan üçin zyýandan başga zat däl.
Birinjiden, Kabuldaky ýörite wekiliniň aýdýan gyzyklanmasy arkaly, Moskwa “Talyban” bilen esasly gatnaşyk gurmaga çalyşýar, sebäbi bu taslamanyň Kreml tarapyndan goldanmagy “Talyban” üçin hem gaty möhüm bolup durýar; ikinjiden, olar onuň gurulmak mümkinçiliginiň gaty pesdigini örän gowy bilýärler.
Şeýle-de, Panniýeriň pikiriçe, Orsýetiň TOPH taslamasyna ol ýa-da beýleki görnüşde goldaw bermegi Moskwanyň Aşgabady soňky döwürde amala aşmak mümkinçiligi has gowulaşan ýaly görünýän Transhazar gaz geçiriji taslamasyny amala aşyrmaga çalyşmakdan bökdemek, daşlaşdyrmak niýeti bilen hem bagly bolup biler. Sebäbi Moskwa hem-de “Gazprom” türkmen gazynyň Ýewropa bazaryna gitmegini, Aşgabadyň özleri üçin bäsdeş bolmagyny islemeýär.
Eger-de gurulsa, bu geçirijiniň 15% harajadyny Owganystan, Pakistan we Hindistan çekmeli, galan 85% harajady Türkmenistanyň boýnuna düşýär. TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň bir meselesi howpsuzlyk bolan bolsa, ikinji meselesi maliýe serişdelerini tapmak bolup galýar. Mundan başga, geljekde 8-10 milliard dollar aralygyndaky serişdä düşen geçirijini işletmek we çykarylan çykdajyny ödemek hem uly mesele bolup biler diýip, ekspert pikir edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.