Türkmen DIM-niň web sahypasy 8-nji dekabrda Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Kabulda iş saparynda bolup, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy barada maslahat edendiklerini habar berýär.
Hususan-da, "Talyban" hökümetiniň başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafi, daşary işler ministriň orunbasary Şer Mohammad Abbas Stanikzaý, Magdan we nebit önümleri ministri Şahabuddin Delewar we beýleki resmiler bilen duşuşyk geçirilendigi aýdylýar.
Owganynstanyň TOLOnews habar gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi bilen baglanyşykly meseleleriň maslahatyna türkmen tarapyndan TOPH kompaniýasynyň başlygy Muhammetmyrat Amanow we beýleki resmiler gatnaşdy.
Neşir Magdan we nebit önümleri ministrliginiň resmilerine salgylanyp, owgan tarapynyň ýakyn wagtda TOPH taslamasynyň Owganystandaky gurluşygyny dowam etdirmek baradaky pikir bilen ylalaşandygyny aýdýar.
"Biz bu işi basym başlamaga synanyşarys we, ony durmuşa geçirmegiň birinji tapgyry şu ýylyň ikinji ýarymynda başlanar” diýip, Magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Dilawar aýtdy.
Bu gepleşikler türkmen-owgan serhedinde bolup geçen ýaragly çaknyşygyň yz ýanyna gabat geldi. Türkmen tarapy bu hili çaknyşygyň bolandygyny ret etse, "talyban" tarapy şondan Aşgabadyň dekabrda iberen gumanitar kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hünärmenleriň käbiri, howpsuzlyk meselesinden başga, bu geçirijini gurlan ýagdaýyndaky ykdysady manysyny hem sorag astyna alýar.