Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahrorjon Bokiýew: täjigistanly migrantlar Günorta Koreýada Russiýadakydan 10 esse köp gazanýarlar


Ahrorjon Bokiýew
Ahrorjon Bokiýew

Günorta Koreýa senagat taýdan ösen ýurt bolansoň, müňlerçe täjigistanly işçi migrantynyň üns merkezine öwrüldi.

Dürli maglumatlara görä, häzirki wagtda Günorta Koreýada 6 müňden gowrak täjigistanly resmi taýdan işleýär, olaryň takmynan 5 müňüsi Russiýanyň graždanlygyny alanlar. Täjigistanly migrantlar hatda Samsung we Hyundai ýaly belli kompaniýalarda hem işleýärler.

Günorta Koreýanyň paýtagty Seulyň Daşary ýurt raýatlary geňeşiniň başlygy Ahrorjon Bokiýew bu ýurtda iň üstünlikli iş alyp barýan täjigistanly hasaplanýar. Ol şeýle hem SJ Logistic Group kompaniýasynyň dolandyryjysy bolup işleýär. Ahrorjon dolandyryjy hökmünde kompaniýanyň Daşkent, Almaty, Moskwa we Warşawadaky şahamçalarynyň işine gözegçilik edýär.

Geçen ýylyň dekabrynda Ahrorjon Bokiýew Seulyň daşary ýurtly hormatly graždanini diýen ada eýe boldy. Ol at 1958-nji ýyldan bäri bu ýurtda iň gowy hyzmat görkezen daşary ýurtlulara berilýär. Ahrorjon Bokiýew bu statusa eýe bolan Täjigistanyň ilkinji graždaninidir. Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren interwýusynda, ol Günorta Koreýadaky ýaşaýyş we iş şertleri, şeýle hem Seulyň daşary ýurtly hormatly graždanini diýen ada eýe bolmagy barada gürrüň berdi.

Ahrorjon Bokiýew: Bu hormatly at ýurduň ösmegine, aýratyn-da Seul şäheriniň işine goşant goşýan daşary ýurtlulara berilýär. Men 2013-nji ýyldan bäri Seulda ýaşaýaryn hem-de şäher häkimligi tarapyndan gurnalýan ähli çärelere gatnaşýaryn. Bu ada mynasyp bolan graždaniniň watany Täjigistan 100-nji ýurt diýlende, mende milli buýsanç oýandy. Häzire çenli bu hormatly ada dünýäniň dürli ýurtlarynyň 840 graždanin mynasyp boldy. Hut meniň özüm Seulyň Daşary ýurt graždanlary geňeşiniň başlygy hökmündäki işjeň gatnaşyklarym üçin, ol ada eýe boldum.

Azatlyk Radiosy: Sosial ulgamlar täjikleriň Günorta Koreýa işlemäge gitmäge synanyşýandyklaryny ýazýarlar. Täjikler o ýurda nädip baryp bilýärler?

Ahrorjon Bokiýew: Gynansagam, Günorta Koreýanyň Duşenbedäki ilçihanasy iş wizasyny bermeýär. Olar diňe Günorta Koreýanyň ýokary okuw jaýlarynda okajak graždanlara okuw wizalaryny berýär. Biziň ýurdumyzyň henizem Günorta Koreýa bilen zähmet migrasiýasy baradaky hyzmatdaşlyk hakda ylalaşygy ýok. Häzirki wagtda Günorta Koreýada biziň ýurdumyzyň diňe müňe golaý graždany işleýär. Mundan başga-da, Russiýanyň raýatlygyny alan Täjigistanyň 5 müňe golaý graždany rus pasportlary bilen bu ýurda geldi we Russiýa Federasiýasynyň graždany hökmünde işleýärler. Umuman alanyňda, Günorta Koreýada 6 müň täjik işleýär. Golaýda Günorta Koreýanyň Täjigistandaky täze ilçisi bellendi, şonuň üçin mundan beýläk hyzmatdaşlygyň giňelmegine garaşylýar.

Azatlyk Radiosy: Günorta Koreýada takmynan 6000 täjigiň bardygyny aýtdyňyz. Olar esasan näme kär edýärler?

Ahrorjon Bokiýew: Talyp wizasy bilen Günorta Koreýa gelenler okuw wagtynda ýa-da okuwdan soň dil öwrenýärler hem-de LG, Samsung we Hyundai ýaly iri senagat kompaniýalarynda işleýärler. Kim Russiýadan zähmet migranty hökmünde gelen bolsa, gündelik iş, gurluşyk we beýleki işler bilen meşgullanýar.

Azatlyk Radiosy: Täjigistanlylar dünýä belli Samsung we Hyundai kompaniýalarynda haýsy wezipeleri eýeleýärler?

Ahrorjon Bokiýew: Birnäçe tanşym bu ýurtda işläp gelýär, olar uniwersiteti gutardy we programmirleme we dolandyryş ugrunda işleýär. Olaryň işi Günorta Koreýada gaty şowy boldy, sebäbi dünýä belli kompaniýalarda işlemegi Günorta Koreýanyň öz ýaşaýjylary-da arzuw edýär.

Azatlyk Radiosy: Russiýa bilen Günorta Koreýanyň arasynda nähili tapawut bar?

Ahrorjon Bokiýew: Ilki bilen medeniýet meselesi. Günorta Koreýanyň ilaty biziň täjiklerimiz ýaly myhmansöýer, uzak ýurtlardan gelen daşary ýurtlulary gowy garşylaýarlar we bu, elbetde, Russiýanyň ýaşaýjylaryndan düýpgöter başgaça. Bu ýerde iş şertleri ruslardan düýpli tapawutlanýar. Iň esasy zat aýlyk – bu ýerde bir günde gazanyp boljak puly Russiýada on günde gazanyp bolar.

Azatlyk Radiosy: Täjigistanyň ýaşaýjylary Russiýa işe gidenlerinde, iň bolmanda azda-kände rus dilini bilýärler, Günorta Koreýada bu ýagdaý nähili? Dil päsgelçiligini ýeňip geçmek kynmy?

Ahrorjon Bokiýew: Hawa, migrantlar üçin bu esasy agyr kynçylyk. Men ilçihanada işlänimde, ildeşlerimiziň köpüsi iş berijileriň aýdýanlaryny terjime etmek ýa-da düşündirmek üçin jaň edýärdiler. Dil bilmezlik biziň ildeşlerimiz üçin gaty kyn mesele bolýar. Koreý dilini öwrenmek hem agyr. Ýöne meniň pikirimçe, bu ýurtda köp ýyl ýaşan adamlar koreý dilinde okap hem ýazyp bilýärler, öz pikirlerini beýan etmegi başarýarlar. Bu ýurda ilkinji gezek gelenler bolsa, gysga möhletli dil kurslarynda koreý dilini öwrenýärler.

Azatlyk Radiosy: Günorta Koreýadaky Täjigistanyň raýatlarynyň sany köp däl. Özbegistanyň Günorta Koreýa bilen hyzmatdaşlyk şertnamasy bar, şonuň üçin özbegistanlylaryň köpüsi ol ýere işlemäge gidýärler. Siziň pikiriňizçe, näme üçin Täjigistan bilen Günorta Koreýanyň arasynda beýle ylalaşyk ýok, onuň sebäbi näme?

Ahrorjon Bokiýew: Özbegistanyň Günorta Koreýadaky ilçihanasy 1998-nji ýylda açyldy. Täjigistan bu ýurtdaky ilçihanasyny 2005-nji ýylda açdy. Şonda bu ýerdäki ilçi koreý asylly Özbegistanyň graždaninidi. Onuň ýolbaşçylygynda hyzmatdaşlyk şertnamasyny düzmek ugrunda köp işler edildi. Biziň ilçihanamyzyň işgärleri hem bu meseläni çözmek üçin, 2015-nji ýyldan bäri köp tagalla edýärler. Geçen aýda Günorta Koreýa Täjigistandaky ilkinji ilçisini belledi. Şu wagta çenli ilçihananyň ýeke-täk wezipesi wiza bermekdi. Bu ýyldan hyzmatdaşlyk giňeldiler. Täjigistanyň hökümeti 52 ýurduň graždanlaryna, şol sanda Günorta Koreýanyň graždanlaryna hem wizasyz ýurda girmäge rugsat bermek kararyna geldi.

Azatlyk Radiosy: Russiýadaky täjigistanly migrantlar köplenç iş berijileriň azar bermeginden we kezzaplygyndan zeýrenýärler. Günorta Koreýadaky täjigistanly migrantlaryň ýagdaýy nähili?

Ahrorjon Bokiýew: Täjikleriň köpüsi Seulyň daşynda, mysal üçin Taegu we Paran şäherlerinde ýaşaýar. Men ilçihanada işlänimde, kärdeşlerim bilen ol şäherlere aýlanyp, ildeşlerimiz bilen aragatnaşyk sakladym. Bu ýerdäki raýatlarymyzyň ýagdaýy Russiýadakydan düýpgöter tapawutlanýar. Bular daşary ýurtlulary hormatlaýarlar. Rus raýatlary hökmünde gelen watandaşlarymyzyň köpüsi bikanun ýaşaýar. Olar syýahatçy hökmünde gelip, soň işlemek üçin galýarlar, ýöne bu ýerde migrantlara gysyş ýok.

Azatlyk Radiosy: Günorta Koreýadan çykarylan graždaniniň gaýtadan ol ýurda girmäge hukugy barmy?

Ahrorjon Bokiýew: Günorta Koreýanyň Migrasiýa gullugy migrantlara dostlukly garaýyşa esaslanýar. Bu ýerde her ýyl iki aýlap "ýaşyl girelge" yglan edilýär. Bu düzgün bikanun ýaşaýan her bir adamyň ýurtdan çykan ýagdaýynda, alty aýdan soň, Koreýa dolanmaga hukugynyň bardygyny aňladýar. Eger bikanun ýaşaýan adam şol möhletde ýurtdan gitmese, ol saklanýar hem deportasiýa edilýär. Soňra oňa bäş ýyllap bu ýurda girmek gadagan. Şonuň üçinem “ýaşyl girelge” mümkinçiliginiden, köp daşary ýurtly peýdalanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG