Kiçi Berdimuhamedowyň Lebaba geljegi baradaky habar sebitde uly başagaýlyk döretdi; gowaça meýdanlarynda galan pagta übtüklerini çöplemekden azat edilen býujet işgärleri köpçülikleýin we gyssagly arassaçylyk işlerine çekilýär ýa-da talap edilen pullary tapmaly diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berýär. Bu başagaýlyk 17-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde prezident tarapyndan berlen tabşyryklar, baýramçylykdan öň bazarlarda wagtlaýyn bolçulyk döretmek praktikasy bilen baglanyşykly. Synçylar häkimiýetleriň bir tarapdan azyk gytçylygynyň döredip biljek nägileliginden, ikinji tarapdan arzan harytlar çykarylanda döreýän uly nobatlardan howatyr edýändiklerini, şol bir wagtda-da ilat üçin durnukly önümçilik şertlerini döredip bilmeýändiklerini aýdýarlar.
“Günüň birinji ýarymynda býujet işgärleriniň ählisiniň öz başlyklaryna 100 manatdan pul bermegi talap edildi, bu serişdeler köçeleri we bazarlary gyssagly abatlamak, işçi ugratmak üçin toplandy. Farap, Türkmenabat bazarlary Täze ýyl baýramçylygynyň ruhunda bezelip, wise-premýerleriň sebite etjek saparyna taýýar edilýär; görülýän taýýarlyklaryň derejesi barada aýdylanda, olar prezidentiň gelmegine görlen taýýarlyklardan hem ýokary diýse bolar” diýip, habarçy aýtdy.
Türkmenabat howa menzilinden Darganata etrabyna, Kerki aeroportundan Köýtendag, Magdanly sebitlerine barýan ýollary, bazarlary, binalary arassalamak, abatlamak işlerine welaýat häkiminiň hut özi gözegçilik edýär diýip, habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, welaýat häkimi 18-nji dekabrda Faraba baryp, ýangyn bolan mekdebe barýan ýoly ýapdyrdy, bazardaky satyjylardan bolsa, bazardaky arassaçylyk we derwezäni abatlamak üçin 5 müň manatdan pul ýygnaldy.
Kiçi Berdimuhamedowyň Lebaba 22-nji dekabrda geljekdigi aýdylýar. Sebit paýtagty Türkmenabadyň seýilgählerinde, ýol ýakalaryndaky ýaşyl zolaklarda häzir gyssagly arassaçylyk işleri geçirilýär, adamlar dynç güni, 19-njy dekabrda hem ýowara çykmaly edildi.
Şu aralykda, prezidentiň oglunyň gelip görmegine garaşylýan bazarlarda hem uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar, käbir azyk bazarlaryny bolsa wagtlaýyn, azyndan bir hepdelik ýapmak buýruldy.
“Türkmenabadyň 1-nji zolagynda ýerleşýän azyk bazary wagtlaýyn ýapyldy, ol lomaý söwda bazary hasaplanýar; üsti açyk, daş-töweregi ýapylmadyk meýdanda ýerleşensoň, bu bazardaky azyk önümleri ýokarysy örtüksiz tekjelerde satylýar.”
Bu ýagdaý bazar standartlaryna gabat gelmeýär we, kiçi Berdimuhamedowyň baryp görmeginden howatyr edip, bu bazary ýapdylar.”
Lebaplylar lomaý bazaryň ýapylmagyndan gaty nägile bolýarlar, sebäbi bu ýerde uly awtoulaglarda, ýerde goýlan çeleklerde edilýän söwda hem alyp-satýanlar, hem alyjylar üçin amatly bolýar diýip, habarçy aýtdy.
Türkmenabadyň Gök bazary häzir ýapyk, onuň içinde bir topar gurluşyk işleri alnyp barylýar.
1-nji etrapçada ýerleýän bazaryň içerki diwarlaryny reňkläp, onuň içinde ýarmarka söwdasyny gurnamak üçin uly pawilionlary gurýarlar; 20-nji dekabrdan başlap Täze ýyl üçin arzan harytlaryň çykaryljagy aýdylýar; prezidentiň oglunyň gelip görmegine garaşylansoň, bu bazaryň içinde we töwereginde uly tämizlik işler geçirilýär diýip, habarçy aýtdy.
Bazarlary ýakyndan synlaýan ýerli synçylar we habarçylar ilaty arzan ýa-da elýeterli bahadan satylýan azyk önümleri bilen üpjün etmek üçin edilýän synanyşyklaryň bada-bat uly nobatlara sebäp bolýandygyny, bu ýagdaýyň häkimiýetlerde ullakan alada we howatyr döredýändigini aýdýarlar.
“Häkimiýetler nobatlary nädip azaltjaklaryny bilmeýärler, sebäbi ol harytlaryň erte-birigün bu bahadan tapdyrmajagyny bilýän mätäç adam gaty kän” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Iri mallaryň eti satylanda döreýän uly nobatlar saklanyp galýar, arzan balyk satuwa çykarylanda hem ullakan nobatlar döreýär.
22-nji dekabrda bazarlaryň ählisinde Täze ýyl ýarmarkalary bolar, azyk önümlerini nobatsyz, agşama çenli, islän wagtyňyz gelip alyp bilersiňiz diýip, ilata öňünden wada berilýär.
“Nobata durmaly däl, miweleri, süýji-köke önümlerini islän wagtyňyz alyp bilersiňiz” diýýärler. Adamlar bu ýarmarkalarda arzan azyk önümlerini alarys diýip, sabyrsyz garaşýarlar, prezidentiň oglunyň welaýatlara azyk önümleriniň bahalary bilen tanyşmaga gelýändigi aýdylýar diýip, habarçy belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky mejlisde wise-premýerler Çary Gylyjowa hem-de Serdar Berdimuhamedowa ýakyn wagtda welaýatlarda bolmagy tabşyrdy.
Şeýle-de prezident orunbasarlaryndan bazarlara we dükanlara baryp, harytlaryň nyrhlaryny görmegi, oba ýerlerinde çözülmeli meseleleri anyklamagy we çözgüt tekliplerini taýýarlamagy talap etdi.
Soňky ýyllaryň tejribesine laýyklykda, prezidentiň talaplary ýerli häkimler tarapyndan nobatdaky oýun, wagyz ýa-da TW habary üçin gurnalýan wagtlaýyn çäre hökmünde garşy alynýar.
TDH-nyň maglumatyna görä, wise-premýer S. Berdimuhamedow sebitlerde bolanda Oba milli maksatnamasynyň, importuň ornuny tutýan önümleri öndürmek, eksport edilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmaly we bar bolan meseleleriň çözgütleri boýunça öz tekliplerini taýýaralamaly.
Synçylar Türkmenistanyň öz ýakyn taryhyndaky iň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigini, öz esasy ünsüni köplenç uly gurluşyk taslamalaryna we dabaraly çäreler gönükdirýärn döwlet baştutanynyň bu kynçylyklardan çykmak üçin anyk işlenip düzülen programmasynyň ýokdugyny öňe sürýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.