Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arzan kartoşka adamlary ilki begendirdi, soňra gynandyrdy


Marynyň bazarynda satylan hili pes ýeralmalar. Oktýabr, 2021
Marynyň bazarynda satylan hili pes ýeralmalar. Oktýabr, 2021

14-nji oktýabrda Marynyň “Gök bazarynda” arzan bahadan kartoşka satyldy. Ýerli ýaşaýjylar ýeňillikli bahadan satylan ýeralma ilkibaşda uly gyzyklanma bildirdi. Ýöne soňra kartoşkanyň zaýa çykmagy olary gynandyrdy.  

Penşenbe güni ir bilen Marynyň “Gök bazaryna” arzan bahadan kartoşkanyň çykarylandygy baradaky “buşluk” habary “ýyldyrym çaltlygynda” şähere ýaň saldy. Gytçylykdan we gymmatçylykdan ejir çekýän Döwran (ady üýtgedildi – red.) bazara wagtynda barmak üçin howlukdy. Bu mümkinçiligi elden gidermek bolmazdy. Muňa düşünýän Döwran ara wagt salman, bazara bardy we ýeňillikli kartoşkadan özüniň we çagalarynyň nesibesini aldy. Onuň begenjiniň çägi bolmady, tolgundy, örän şat boldy... Ol satyn alan kartoşkasynyň hilini barlap hem durmady. Sebäbi bazarda arzan kartoşka mydama tapdyryp duranokdy.

Ol dessine öýüne gaýtdy. Ýöne Döwranyň şatlygy uzaga çekmedi. Sebäbi kartoşkalar juda zaýa çykdy.

Döwranyň gaýtadan bazara baryp, kartoşkalary yzyna tabşyrmak synanyşygy netije bermedi.

Nägile adamlaryň köpelýändigini gören satyjy ýük ulagyny otlap, bazardan arany açdy. Döwran hyrçyny dişläp, bazardan daşlaşyp barýan üsti kartoşkaly ýük ulagynyň yzyndan garap galdy.

Azatlygyň habarçysyna görä, ilkibaşda ilat arzan bahadan satylýan kartoşkalary görüp, ‘hökümet biziň aladamyzy edip başlady’ diýip, begenen ekeni. Ýöne ilatyň begenji uzaga çekmedi.

14-nji oktýabrda Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Gök bazarda” döwlet nyrhyndan kartoşka satyldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýeňillikli kartoşka söwdasyna ýakyndan syn etdi, seresaplylyk bilen ilat arasynda söhbetdeşlik geçirdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, subsidirlenen kartoşkanyň bir kilogramy 4 manat 50 teňňeden satyldy, hususy söwdada 1 kile ýeralma 8 manat.

“Bu habary eşiden adamlar biri-birlerine ‘edil ogul jigileri bolan ýaly’ buşladylar” diýip, kartoşka satyn alan maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Üstesine, kartoşka söwdasy çäklendirilmedik görnüşde, kim näçe kilogram satyn almak islese, şonça satyn almaga rugsat berýän görnüşde erkin gurnalypdyr. Dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda Türkmenistanda subsidirlenen iýmit önümleriniň söwdasy çäkli görnüşde guralýar.

“Adamlar howlugyp, adam başyna 10-15 kilogramdan, hatda ondan hem köp mukdarda kartoşka satyn aldylar” diýip, 40 ýaşlaryndaky Döwran Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Näçe aljak diýseň bar, sebäbi kartoşka agyr ýük ulagynda getirildi. Adamlara ‘şu wagt näçe aljak bolsaňyz, alyň’ diýildi. ‘Ertir munuň ýaly hezillik bolmaz’ diýildi. Ýygnananlaryň arasynda ‘hökümetimiz biziň aladamyzy edip başlady’ diýip, begenen adamlar boldy” diýip, Döwran aýdýar.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, bazar söwdagärleriniň arasynda 100 kilogram kartoşka satyn alan adamlar hem bar.

“Adamlar howlugyp, ‘kartoşka gutaraýmasyn’, ‘alyp ýetişmän galaýmaýyn’ diýşip, uly nobat bilen kartoşka satyn aldylar” diýip, mary ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Şeýlelikde, kartoşka nobaty egsilip, adamlar uly şatlyk bilen öýlerine gaýdýar. Sumkalaryny arzan kartoşkadan dolduran ýerli ýaşaýjylar ýol boýy ‘mundan beýläk, azyk önümleri ýeňillikli bahadan her gün satylar’ diýen ‘arzuw-hyýal bilen’ özara gürrüň edip, öýli-öýüne dolanýar.

“Adamlaryň ýüzünde emele gelen şatlyk uzaga çekmedi” diýip, Döwran ajy ýylgyrýar.

“Öýe barandan soň, çagalar mekdepden gelýänçä nahar ataraýyn diýip, kartoşkany kesip gördüm welin, içini görer ýaly däl, gap-gara. Kartoşka kesel degipdirmi, ýa sowuk urupdyrmy, bilmedim. Daşyndan göräýmäge bir enaýy ýeralma, ýöne içi çagalar beýlede dursun, özüňe-de dözer ýaly däl” diýip, beýleki bir maryly ýaşaýjy gürrüň berýär.

Döwran zaýa çykan kartoşkalaryny yzyna tabşyrmak üçin bazara barýar. Görse, başga-da ençeme adam şol bir niýet bilen bazara barypdyr.

“Özüňiz saýlap aldyňyz, men satylan harydy yzyna alyp biljek däl” diýip, satyjy alyjylara ýüzlenýär.

Soňra ilat öz derdini gapdalda duran iki polisiýa işgärine düşündirmäge synanyşýar.

“Biz siziň söwdaňyza goşulyp bilemizok. Biz dawa-jenjel, goh-galmagal, uruş-dawa bolmaz ýaly diňe gözegçilik edýäris” diýip, polisiýa ýygnananlara aýdypdyr.

Munuň yz ýany, adamlar satyjynyň üstüne sürünipdirler. Ýöne polisiýa ara girip, “häzir 10-15 kile kartoşka üçin, urşup, biderek türmä giräýmäň” diýip, adamlary aralapdyr.

“Nägile adamlar köpelensoň, satyjy ýük ulagyny otlap. Gök bazardan gaçyp gitdi, sebäbi gaçmasa başga alajynyň ýokdugyna düşündi” diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.

Bazara ýygnanyşan nägile jemende, şol sanda Döwran, ýük ulagynyň yzyndan ahmyr bilen garap galýar.

“Aç towuk düýşünde dary görer diýipdirler” diýip, bir maryly ýaşaýjy özüniň hal-ahwalyny gürrüň berýär.

“Biz halkyň aladasyny edip başlandyrlar öýtdük, asyl bular bizi zaýa haryt bilen talap oturan ekeni” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Marynyň bazarynda arzan bahadan satuwa çykarylan kartoşka.
Marynyň bazarynda arzan bahadan satuwa çykarylan kartoşka.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG