Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sebitlerde ilat subsidirlenýän önümlere garaşýar, Aşgabatda gije azyk önümleri getirilýär


Subsidirlenen bahadan bir maşgala üçin niýetlenen iýmit paýy. Aşgabat, 2021-nji ýylyň noýabr aýy.
Subsidirlenen bahadan bir maşgala üçin niýetlenen iýmit paýy. Aşgabat, 2021-nji ýylyň noýabr aýy.

Türkmenistanda azyk paýlarynyň ilata satylyşynyň daşyndaky aljyraňňylyk baýramçylygyň öňýany güýçlenýär. Ilaty subsidirlenen bahalardan azyk bilen üpjün etmegiň häzirki tertibi geçen ýyldakydan tapawutlanýar. Paýtagtda önümleriň belli bir möçberi öýlere eltilýär. Welaýatlarda ilatyň azyk paýlaryny almak tamasy başa barmady, subsidirlenen bahalarda azyk önümleri öýlere-de eltilmeýär, dükanlarda hem satylmaýar.

Şu günki gün Aşgabatda subsidirlenen bahadan ösümlik ýagyny, ýumurtgany we hatda towuk etini hem satyn alyp bolýar. Bu önümler azyk paýlarynyň düzüminde ýaşaýyş jaýlarynyň howlularyna getirilýär we hojalyklara paýlanýar. Azygyň getirilişi gijelerine-de dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy öz azyk paýyny gije sagat 1-de alyp bildi.

"Ynansaňyz häzir gije sagat bir töweregi, men azyk paýlanyşyndan gaýdyp geldim, ol ýerde adamlar henizem dur" - diýip, habarçy 16-njy dekabrda gürrüň berdi.

Aşgabatdaky habarçylaryň sözlerine görä, häzir ilata öýlere eltilip satylýan iýmit önümleriň görnüşi we mukdary öňküsinden tapawutlanýar.

"Bu gün bolçulyk boldy, ikinji gezek gowşuryldy. Birinjisine 20 sany ýumurtga we tutuş towuk satyldy, indi şeker, bir çüýşe ýag, ýene 20 ýumurtga we üç sany towuk budy berildi. Birinjisiniň bahasy 65 manat, ikinjisiniň bahasy 85 manada düşdi" diýip, habarçylaryndan biri aýtdy.

Paýtagtdan tapawutlylykda Lebap welaýatynda dekabr aýynyň başyndan bäri ilata iýmit paýy satmaýarlar. Subsidirlenen bahalardan önümler adatça aýyň ilkinji ongünlüginde ilata hödürlenýärdi. Bu gezek gijigen paýoklaryň 15-nji dekabrda satylyp başlanjakdygyny döwlet dükanlarynyň satyjylary mälim edipdi.

Şu günler subsidirlenen önümlere hem Lebap welaýatynyň paýtagty Türkmenabadyň, hem-de welaýatyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary garaşýarlar.

Ýakynda Türkmenistanyň häkimiýetleri Bitaraplyk gününi bellediler we indi Täze ýyla taýynlyk görýärler, ýerli ýaşaýjylar bolsa şu günler geçen ýylky bazarlary ýatlaýarlar. Ýurtda uzak wagtlap dowam edýän azyk ýetmezçiligi we bahalaryň ýokarlanmagy şertlerinde, baýramçylyklaryň öňüsyrasynda bazarlarda we döwlet dükanlarynda subsidirlenen bahalardan azyk we miwe has köp möçberde peýda bolýardy.

Azatlygyň habarçylary şu günler ýerli bazarlarda subsidirlenen önümleriň ýokdugyny we köp adamyň önümleri täjirçilik nyrhlaryndan satyn alyp bilmeýändigini belleýärler.

Täjirçilik bahalaryň ýokarlanmagy dowam edýär. 16-njy dekabrda Türkmenabadyň bazarlarynda bir kilogram hurma - 20 manat, nar - 30 manat, alma - 12-15 manat, armyt - 40-45 manat nyrhdan satyldy.

Ösümlik ýagy iň köp islenilýän harytlaryň biri bolmagynda galýar. Ösümlik ýagyny öz içine alýan azyk paýlarynyň subsidirlenen bahadan satylmagynyň gijikdirilen wagtynda, hususy dükanlarda nyrhlar ýene ýokarlandy. Hususy dükanlarda bank karty bilen tölenen ýagdaýynda 1 litr ýag 44 manada, nagt puldan 42 manada satylýar.

Bahalaryň ýokarlanmagy beýleki azyk önümlerine-de täsir etdi. 30 ýumurtgadan ybarat bir gapyrjagyň tajirçilik nyrhy Türkmenabadyň bazarlarynda 85-90 manada ýetýär we her bir ýumurtganyň bahasy 3 manatdan düşýär.

Käbir etraplaryň bazarlarynda ýumurtganyň bahasy mundan hem esli gymmat. Hususan-da, Farapda, Darganatada we Dänewde bir ýumurtganyň bahasy 5 manada ýetýär.

Bu sebitlerde ýaşaýjylar dekabr aýynyň başyndan bäri geçen aýlaryň un paýyny hem alyp bilmediler.

"Birnäçe etrapda ýaşaýjylar bitaraplyk baýramyny gaty çörek bilen bellediler. Darganatada, Dänewde we Farapda uny 11-nji dekabrda satmagy wada berdiler, ýöne satmadylar. Bu sentýabryň un paýydy. Adamlar gije 11 çenli graşdylar we eli boş gaýtmaly boldular" diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.

Bu sebitlerde subsidirlenen bahadan pagta ýagy soňky gezek sentýabr aýynda satyldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG