Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramçylyklaryň öňüsyrasynda Aşgabadyň häkimiýetleri "arzan et bolçulygyny" döretmäge çalyşýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Dekabr aýynda göz öňünde tutulýan baýramçylyklaryň, şol sanda Bitaraplyk baýramynyň we Täze Ýylyň öň ýanynda, Aşgabadyň häkimiýetleri adatdan daşary "arzan et bolçulygyny" döretmäge çalyşýar. Şu günler paýtagtyň "Gülüstan" bazarynda bir kilogramy 35 manada barabar bolan et ilata çäkli möçberde satylyp başlandy. Bu söwdanyň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, bu et Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli edaralar tarapyndan irden sagat 9-dan öýlän sagat 2-ä çenli satylýar. Eti satyn almak üçin ýüzlerçe adam ir bilen, bazar açylmanka nobata durup başlaýar.

"Adamlary bazara sagat 9-da salýarlar. Her adama iki kilogramdan gowrak et satýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy 26-njy noýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli söwda nokatlarynda, şol sanda döwlet dükanlarynda, habarçylarymyzyň maglumatyna görä, et indi birnäçe ýyl bäri satuwa çykarylmaýar. Ýurduň dürli künjegindäki, şol sanda paýtagtdaky hususy söwda nokatlarynda etiň bahasy 65-100 manat aralygynda bahalanýar.

Habarçymyzyň sözlerine görä, "arzan et bolçulygynyň" näçe wagt dowam etjekdigi barada resmiler tarapyndan anyk maglumat berilmeýär. Ýöne ýaşaýjylar "geçen ýyllaryň tejribelerini nazara alyp, munuň uzaga çekjeginiň gümanadygyny" aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda söwda nokatlarynda "azyk harytlarynyň bolçulygyny" ýola goýmagy wada berýär. Munuň netijesinde bazarlarda adatdan daşary arzan "azyk bolçulygy" wagtlaýyn döredilýär. Bu "bolçulyk" baýramçylygyň yzýany aradan aýrylýar.

Türkmenistanda indi bäş ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar global pandemiýanyň arasynda has-da ýitileşdi. Azyk önümleriniň hususy söwda nokatlaryndaky gymmatçylygy we döwlet dükanlaryndaky gytçylygy has-da güýçlendi. Döwlet dükanlarynyň öňünde adamlar gijede nobata durýan mahaly, ilatyň öýlerine eltilmeli edilen azyk paýlary yzygiderli gijikdirilýär.

Türkmen häkimiýetleri bu kynçylyklary resmi derejede boýun alman, yzygiderli ösüş sanlaryny getirýärler.

Aşgabadyň bazarynda döredilen "arzan et bolçulygy" prezident Berdimuhamedowyň Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy we Täze Ýyl mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Prezident Ministrler Kabinetiniň 16-njy noýabrdaky mejlisinde bular bilen bagly geçiriljek çäreleriň diňe paýtagtda däl, eýsem, ýurduň welaýatlarynda hem köpöwüşginli, ýatdan çykmajak çärä öwrülmelidigini aýtdy.

Berdimuhamedowyň bu tabşyrygy dünýäde koronawirus pandemiýasynyň nobatdaky tolkuny bilen bagly baýramçylyklaryň we köpçülikleýin çäreleriň geriminiň gaýtadan çäklendirilýän mahalyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG