Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Bol' ýumurtga güýçlendirilen gözegçilik astynda satylýar, 'emel eden' tutulýar


Türkmen TW-si ýurtda döredilen "ýumurtga bolçulygyny" görkezýär. Arhiw suraty
Türkmen TW-si ýurtda döredilen "ýumurtga bolçulygyny" görkezýär. Arhiw suraty

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda towuk ýumurtgasy polisiýanyň iki-üç işgäriniň güýçlendirilen gözegçiligi astynda satylýar, ozal ýumurtga alan alyjylaryň gaýtadan nobata durandygy anyklansa, olar saklanýar diýip, Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary habar berýär.

Döwlet dükanlaryndaky nobatlar 12-nji dekabrda bellenilýän Bitaraplyk baýramyndan öň döredilen nobatdaky "azyk bolçulygy" netijesinde ulaldy we, aýdylmagyna görä, uly nobat bolan ýerde köplenç bidüzgünçilik, dawa-jenjel hem bolýar. Bu ýagdaý raýat eşigini geýen polisiýa işgärlerini adamlary nobata duruzmaga, haryt satylyp gutarýança şol ýerde durmaga mejbur edýär.

Dükanlarda ir sagat ýedide başlanýan ýmurtga söwdasynyň dowamynda polisiýa işgärleri bir gezek ýumurtga alan adamlaryň ikinji gezek nobata durmagynyň gadagandygyny ýatladyp durýar.

Bu gadaganlyk bir tarapdan döwlet dükanlarynda goýberilýän harytlaryň döredýän korrupsiýa, alyp-satarlyk mümkinçilikleri bilen düşündirilýär.

"Arzan haryt söwda işgärleri üçin-de, käbir alyjylar üçin-de goşmaça gazanç mümkinçiligini döredýär, ýöne bu hemişe beýle hem däl, köp adam çagasyny ýumurtgadan hem doýrup bilmeýär" diýip, Azatlyga gelýän habarlarda aýdylýar.

"Öňki "Desse" dükanynda, häzirki 14-nji dükanda bir erkek satyjy polisiýa tarapyndan saklandy, ol bir alyja iki paket towuk ýumurtgasyny satyp, düzgüni bozupdyr. Satyjyny etrap polisiýa bölümine alyp gitdiler, emma näme çäre görlendigini aýtmadylar" diýip, habarçy gürrüň berdi.

Şeýle-de, el goşlary barlanan we ozal ýumurtga alyp, ikinji gezek nobata durandygy anyklanan alyjylaryň etrap polisiýa bölümine alnyp gidilýändigi, ýöne bu hili düzgün bozmalarda saklanan adamlaryň köplenç resmi temmi berilmezden, "dilden düşünişmek" esasynda başyny gutarýandygy aýdylýar.

Mundan başga, dükanlaryň käbiriniň agzyndaky nobatlaryň iki hatar esasynda, aýallar üçin bir hatar, erkekler üçin başga hatar boýunça ýöredilýändigi aýdylýar. Ýöne bu hemme dükanda beýle däl, aýallaryň we erkekleriň nobatlaryny aýrybaşga düzmek diňe ol ýerdäki polisiýa ofiserleriniň islegine bagly bolup görünýär.

Raýat eşigindäki polisiýa işgärlerini özlerini alyp baryşlaryndan we ellerindäki aragatnaşyk enjamlaryndan hem tanamak mümkin, olar muny ýaşyrjak hem bolmaýarlar; Bitaraplyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtdaky polisiýa gözegçiligi has-da güýçlendirildi we bu ýagdaýyň Täze ýyl baýramçylygy sowulýança dowam etmegine garaşylýar diýip, habarçy aýtdy.

Polisiýa lybasynda ýa-da raýat eşikli nobatçylyk edýänleriň ýene bir wezipesi ýurtdaky azyk ýetmezçiligi barada ýaýraýan habarlaryň öňüni almakdan ybarat bolup, olar esasan surat alýan, wideo düşürmäge synanýan adamlary gözleýär diýip, ýerli synçylar aýdýar.

Aşgabatdaky azyk nobatlaryna edilýän polisiýa gözegçilginiň güýçlendirilendigi baradaky maglumaty "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň habarçylary hem tassyk edýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, polisiýa işgärleri 9-njy dekabrda nobata garaşýan adamlary dükanyň girelgesinden birnäçe ýüz metr uzaklykda durzup, adamlar bilen dükanyň aralygynda polisiýa diwaryny döretdi we buýruk esasynda, dükana bäş adamdan goýbermäge başlady.

Türkmenistanda ilatyň esasy ulanýan azyk önümleriniň ýetmezçiligi 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri käte güýçlenip, käte biraz peselip, dowamly saklanyp galýar. Emma hökümet baştutany ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin uly işleriň edilendigini, importuň ornuny tutýan önümleriň ýyl-ýyldan köp öndürilýändigini ynandyrmaga çalyşýar.

Şol bir wagtda, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň golaýda çap eden maglumatlary Türkmenistanyň daşary ýurtlardan import edýän azyk önümleriniň möçberiniň geçen ýyldaka garanda hem köpelendigini görkezýär.

Mysal üçin, Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-sentýabr aralygynda Ýewraziýa ykdysady bileleşigine girýän ýurtlardan (Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Orsýet), geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,3 esse köp kartoşka satyn aldy.

Türkmenistan bugdaý planyny hem dolýandygyny aýdýar. Emma Aşgabat ýanwar-sentýabr aralygynda Orsýetden we Gazagystandan 57,3 müň tonna bugdaý satyn aldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG