Türkmenistanyň günbatar sebiti prezidentiň ogly, premýer-ministriň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň sapar etmegine taýýarlyk görýär. Bu barada 21-nji oktýabrda Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeler habar berdiler. Soňky aýlarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň oglunyň ýurduň dürli sebitlerine edýän saparlary köpeldi. Resmi metbugat prezidentiň saparlaryna gezek gelende edişi ýaly, onuň oglunyň etjek saparlary barada hem habar bermeýär.
Çeşmelere görä, Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherine iş sapary bilen barar. Saparyň senesi barada entek maglumat ýok.
Şäher häkimligi premýer-ministriň orunbasarynyň ýakyn wagtda boljak saparyna çaltlyk bilen taýýarlanýar. Şäherde abadanlaşdyryş işleri güýçlendirilýär, itleriň we pişikleriň gyssagly tutulmagy ýola goýuldy, polisiýa "ygtybarly bolmadyk" raýatlary barlamak we tussag etmek üçin reýdleri geçirýär.
Habarçylaryň aýtmagyna görä, polisiýa her kime diýen ýaly şübhe bildirýär we barlaýar, esasanam agşam 10-dan soň köçä çykýanlar saklanýar we soraga çekilýär.
"Agşam sagat 10-da köçede bolan her bir adamy bikanun tussag edýärler. Aýal-gyzlar ten satmakda, erkekler ogurlykda ýa-da başga bir düzgün bozmakda güman edilip soraga çekilýär" diýip, ýerli çeşme gürrüň berdi.
Prezidentiň oglunyň saparyna görülýän taýýarlyk, Balkan welaýatynyň beýleki ýerleriniň ýaşaýjylaryna-da täsir etdi. Dürli etraplardan jemagat gulluklaryň işgärleri Türkmenbaşy şäherine ýatymlyk iberilýär.
Bu döwürde idegsiz haýwanlary tutmak we ýok etmek boýunça çäreler häkimiýetler tarapyndan talap edilýär we höweslendirilýär.
Habarçymyz öldürilen pişik üçin jemagat işgärlerine 5 manat, öldürilen it üçin 50 manat tölenýändigini anyklady.
"Käbir jemagat gulluklarynyň işgärleri wada berlen pullary almak üçin Türkmenabatdan 20 km uzaklykda ýerleşýän obalara gidip, şol ýerde itleri we pişikleri getirýärler. Düýn Berdi atly jemagat işgäri 5 itiň we 12 pişigiň jesedini getirip, ýolbaşçylaryna tabşyrdy", diýip, Türkmenbaşydaky çeşmeleriň biri Azatlyga gürrüň berdi.
Şeýle-de, onuň sözlerine görä, kommunal hyzmatlaryň işgärleri pişikleri tutmak işine zibil çeleklerden çüýşe ýygnaýan çagalary çekip, olara ujypsyz pul hödürleýär.
Türkmenbaşynyň häkimiýetleri Serdar Berdimuhamedowyň gelmegine taýynlyk görýärkä, resmi metbugat bu sapar barada habar bermeýär.
Serdar Berdimuhamedow 26-njy awgustda Balkan welaýatyna jogapkär ýolbaşçy bellenipdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen birnäçe ýokary wezipäni eýeleýän ogly Serdar soňky aýlarda birnäçe gezek welaýatlara syýahat etdi.
Azatlygyň habarçylarynyň geçen aýda habar berişi ýaly, Serdar Berdimuhamedow 17-nji sentýabrda Duşanbedäki ŞHG-niň sammitinden gaýdyp gelen kakasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy garşy almak üçin Türkmenabat şäherine barypdy.
Prezidentiň oglunyň ýurt içinde edýän saparlary, kakasynyň saparlary ýaly uly taýynlyklar bilen geçýär, emma senesi we gün tertibi barada köpçülige öňünden habar berilmeýär.
Türkmenistanyň prezidentiniň ogly premýer-ministriň orunbasary wezipesini eýeleýär we Daşary işler ministrliginiň ýokary derejeli ýolbaşçysy bolup durýar. Şeýle-de, ol ýurduň gözegçilik palatasyna ýolbaşçylyk edipdi.
Iýul aýynda 40 ýaşly Serdar Berdimuhamedow wezipe basgançagynda ýene ýokarlandyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow öz karary bilen ogly Serdary Ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary boýunça ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine geçirdi. Şonda prezident ogluna ýene bir wezipe bermek bilen birnäçe ministri ýurduň ýolbaşçylarynyň hataryndan çykardy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.