Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky onlaýn maslahatynda wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary we geljek ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy barada taýýarlan hasabatyny diňledi we, býujetiň taslamasyny umuman makullap, Milli Geňeşiň Mejlisiniň garamagyna iberdi.
2022-nji ýyldaky maýa goýumlaryny, esasan, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, innowasion esasdaky önümçilikleri ýola goýmaga, ýokary goşmaça bahaly pudaklary ösdürmäge gönükdirmek göz öňünde tutulýar diýip, TDH ýazýar. Emma syntçylar ýurtda "ýokary goşmaça bahaly pudaklary ösdürip biljek ýokary derejeli hünärmenleriň ýetişdirilmeýändigini, hökümetiň hakykatda halkyň, ykdysadyýetiň ýagdaýy bilen düýpli gyzyklanmaýandygyny öňe sürýärler.
TDH, öňki ýyllarda bolşy ýaly, resmi hasabata salgylanyp, anyklaşdyrmazdan, geljek ýylda hem “durmuş ulgamyny ösdürmäge ýeterlik möçberdäki serişdeleriň gönükdiriljekdigini” habar berdi. Her halda, habarda bir anyk görkeziji hem bar we ol her ýylyň 1-nji ýanwaryndan 10% köpeldilýän aýlyklara degişli.
Ýöne synçylar Türkmenistanda geljek ýyl 1050 manada deň boljak iň pes aýlyga hem köp adamyň ýetip bilmeýändigini, manadyň dollaryň garşylygyndaky durnuksyz ýagdaýynyň we pandemiýa çäklendirmeleriniň bolsa ilatyň güzeren aýlamak mümkinçiliklerini has azaldandygyny aýdýarlar.
Emma metbugatda “ilatyň iş bilen üpjünçilik meselelerini çözmek” barada aýdylan bir jümleden başga anyklyk ýok.
“Trend” neşiriniň sentýabrda türkmen resmisine salgylanyp beren habaryna görä, 2015-2020-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda 111 müň töweregi (!) iş orny döredildi we çöken ýa hususy eýeçilige berlen kärhanalarda, pandemiýa döwründe işini ýitiren adamlaryň sany näbelli bolmagynda galýar.
“Aýlyklary köpeltmek, aýdylyşy ýaly, il gözüne edilýän iş, ol ilatyň durmuş problemalarynyň hiç birini çözmeýär we diňe öz-özüňi wagyz etmek üçin [ulanylýar]. Häkimiýetler ykdysadyýeti analiz etmeýärler, sanlary analiz etmeýärler, inflýasiýa seretmeýärler, diňe alýarlar-da, halkyň öňünde owadan görünmek üçin, 10 diýen sany yglan edýärler” diýip, Bolgariýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Annadurdy Hajyýew Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.
Onuň pikiriçe, türkmen häkimiýetleri ilatyň durmuş ýagdaýy, türkmenistanlylaryň nähili ýaşaýandygy, şol sanda işsizlik meselesi bilen “düýpden gyzyklanmaýarlar”.
“Biziň bilşimize görä, Berdimuhamedowyň ritorikasy diňe giň halk köpçüliginiň gözüni baglamaga gönükdirilen. Biz Türkmenistanda işsizligiň bardygyny gaty gowy bilýäris, Daşoguz, Çärjew (Lebap) ýaly welaýatlaryň, käbir beýleki sebitleriň hut işe ukyply ilatynyň iş gözläp, Türkiýä gaýdandygyny hem bilýäris. Olar Türkiýäniň işçi güýji bolup, [şol ýerde] önüm öndürýär, Türkiýedäki ykdysady prosese gatnaşýar. Muny Russiýada işleýän türkmenleriň hem käbir bölekleri hakynda aýdyp bolar. Şu sebäpden Berdimuhamedowa ilatyň aladasyny edýän bolup gürlemek, aýlyklary köpeldýän, işsizlige garşy göreşýän bolup görünmek amatly. Emma hakykat ýüzünde ol bu meseleler bilen meşgullanmaýar” diýip, Hajyýew aýtdy.
Muňa derek, “Türkmenistanyň çäklerinden daşarda işlär ýaly, olary ýurtdan gysyp çykarmak üçin”, Berdimuhamedow “ilatyň sosial ýagdaýyny has-da çuňlaşdyrýar” diýip, ykdysatçy pikir edýär.
Şol bir wagtda, Hajyýewiň sözlerine görä, ýurduň çäklerinden daşarda işleýän raýatlar öz maşgalalaryna pul ibermek bilen bir hatrada, az-da bolsa, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegine goşant goşýar.
Türkmen metbugatynda her ýyl 10% köpeldilýän aýlyklar baradaky habardan soň nygtalýan ýene bir ‘üstünlik’ binalar we desgalar, nobatdaky gurluşyk taslamalary bilen bagly bolup görünýär.
Özüni ödemeýän, uly döwlet serişdeleriniň ýitirilmegine getirýän gymmatbaha binalar, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, korrupsiýa giň ýol açýar we ýurtdaky ykdysady çökgünligiň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar. Emma S.Berdimuhamedowyň hasabatynda anyklaşdyrylmazdan aýdylmagyna görä, “düýpli maýa goýumlarynyň belli bir möçberi” ýene binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.
G.Berdimuhamedow öňräk, pandemiýa döwründäki ykdysady kynçylyklara salgylanyp, gurluşyk taslamalarynyň sanawyna gaýtadan seretmegi tabşyrdy, ýöne synçylar onuň ‘gerekmejek’ gurluşyk çykdajylaryndan el çekip bilmändigini aýdýarlar. Ykdysatçy A.Hajyýewiň pikiriçe, ol häkimiýet başynda bolan döwründe hiç bir täze zat oýlap tapman, öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ‘syýasatyny’ dowam etdirdi.
“Ýagny ol bu syýasaty önüm bermeýän pudaga, hiç bir peýda getirmejek desgalara ägirt uly serişde goýbermek bilen dowam etdirdi. Şu sebäpden ol desgalar ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegine hiç bir ýagdaýda täsir ýetirmeýär. Bu problemanyň saklanmagynyň hem özüne ýeterlik sebäbi bar, eger-de Berdimuhamedow önümçilik pudagyna, ýokary goşmaça bahaly pudaklara serişde ýatyrsa, bu hili desgalar üçin Türkmenistanda hünärmen ýok. Olar öz raýatlaryny okatmak, adamlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen meşgullanmaýarlar. Şu sebäpden oňa bu hili desgalara serişde goýmak gyzykly däl, hemişe boş durjak we türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna hiç bir ýagdaýda täsir ýetirmejek tribuna, nobatdaky keselhana, nobatdaky myhmanhana we şuňa meňzeş gurluşyklar bolsa iň aňsady” diýip, A.Hajyýew Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Prezidentiň golaýdaky kararyna laýyklykda, Türkmenistanda geljek ýyl iň pes aýlyk 1050 manada deň bolsa, iň az pensiýa 410 manat, esasy kömek pulunyň derejesi 390 manat möçberinde bolar.
Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, soňky onýyllyklarda ol ýa-da beýleki görnüşde jenaýat eden, azatlykdan mahrum edilen ýa işsiz galyp, daşary ýurtlara çykan adamlaryň maşgala durmuşlarynyň agyrlaşmagyna esasan 'emeli ýagdaýda döredilen' garyplyk sebäp boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.