Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkimi Toýly Atajanow koronawirusa ýolugandan soň aradan çykdy. Bu barada Azatlyga 4-nji oktýabrda mälim boldy.
40 ýaşlaryndaky ozalky resmi ençeme günläp sebitiň keselhanasynyň reanimasiýa bölüminde ýatdy, oňa hatda emeli dem alyş ulgamy hem çatyldy diýip, bu ýagdaýlary ýakyndan öwrenen Azatlygyň ýerli habarçysy gürrüň berdi.
Ol Atajanowyň duşenbe güni ýerli wagt bilen 17:00-da jaýlanjakdygyny hem anyklamagy başardy.
Koronawirusyň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistanyň hökümeti we köpçülikleýin habar serişdeleri, adatça, ýurt emeldarlarynyň, şol sanda koronawirusa ýolugyp keselhana ýerleşdirilendigini, hatda olaryň ölümini-de resmi ýagdaýda habar bermeýärler.
Ýatlatsak, 2020-nji ýylyň 18-nji iýulynda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň 55 ýaşly häkimi Hasan Metkulyýew koronawirus sebäpli pnewmoniýadan ejir çekip ýogalypdy. Ýöne onuň ölümi barada ne resmi hökümetler, ne-de köpçülikleýin habar serişdeleri maglumat berdiler.
Metkulyýewiň ölüminden bir aýdan gowrak wagt geçenden soň, onuň ornuna Astanogly Seýidow bellendi. Ýöne etrabyň täze ýolbaşçysynyň bellenmegi baradaky habarda hem öňki häkimiň näme bolandygy aýdylmady.
Geçen ýylyň tomsunda turkmen.news neşiri Türkmenistanyň ýokary syýasy gatlagyndan beýleki bir täsirli adam, şol wagtky wise-premýer Ýagşygeldi Kakaýewiň hem COVID-19 sebäpli ýogalandygyny habar beripdi. Azatlyk Radiosy häzire çenli-de öňki wise-premýeriň hem-de prezidentiň maslahatçysynyň ölümi barada ne resmi edaralardan, ne-de Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdelerinden maglumat alyp bildi.
Şol bir wagtda, şu ýylyň fewralynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara nebit we gaz uniwersitetine öňki orunbasary we geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmak baradaky meselä seretmegi tabşyrypdy. Şol pursat hem ady ebedileşdirilýän Kakaýewiň näme sebäpden aradan çykandygy aýdyňlaşdyrylmandy.