Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda raýatlaryň gije hereketi çäklendirilip, aw tüpeňleri ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Farap şäherlerinde raýatlaryň gije hereketi çäklendirildi. Şeýle-de, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri serhoşlary wagtlaýyn tussag edip, raýatlaryň, şol sanda awçylaryň aw tüpeňlerini ýygnaýar. Kanun goraýjylar bularyň sebäplerini Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda "howpsuzlygy güýçlendirmek çäreleri" diýip düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

"Türkmenabat we Farap şäherlerinde gije sagat 9-dan soň köçede oturan ýa-da ýöräp ýören adamlary saklaýarlar. Polisiýa işgärleri olara öýlerine gitmegi tabşyrýar. Bu tabşyrygy berjaý etmedikleri ýygnaýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply ýaşaýjy 24-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Mundan başga-da, ýerli kanun goraýjy edaralaryň, şol sanda polisiýa işgärleri köçelerde serhoş ýatan raýatlary hem wagtlaýyn tussag edýärler.

"Dükanlardan arak ýa-da wino satyn alan raýatlar bilen düşündiriş işleri hem geçirilýär. Olara bu ýagdaý ýene gaýtalansa, wagtlaýyn tussag ediljekdikleri duýdurylýar. Şol bir wagtda, dükanlarda spirtli içgileriň satuwy dowam edýär" diýip, lebaply ýaşaýjy aýtdy.

Bulardan başga-da, şu günler raýatlaryň rugsatnamaly ýa-da rugsatnamasyz aw tüpeňlerini ýygnamak işleri ýerli kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň "baş wezipesine" öwrüldi.

"Polisiýa işgärleri Awçylar jemgyýetine agza we resmi taýdan aw tüpeňi hasaba alnan adamlaryň tas ählisiniň aw tüpeňlerini wagtlaýyn ýygnap aldylar. Şeýle-de, Farap etrabynyň Magtymguly we Frunze obalarynda polisiýa işgärleri öz şugulçylarynyň üsti bilen, raýatlaryň 20-den gowragynda rugsatsyz aw tüpeňlerini ele saldylar" diýip, ýagdaýdan habarly lebaply ýaşaýjy habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Habarçymyz ýurt raýatlaryna diňe 12, 16 we 20 kalibr görnüşindäki aw tüpeňlerini edinmäge rugsat berilýändigini belleýär. Onuň sözlerine görä, 28 we 32 kalibr görnüşindäki tüpeň saklaýan raýatlara 3 ýyldan 5 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek çäresi görülýär.

"Bu kalibrdäki aw tüpeňleri uzak aralyga atyp bilýär" diýip, awçylyk bilen gyzyklanýan lebaplylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Kanun goraýjylaryň bu çäreleri barada ne ýerli polisiýa edarasynda, ne-de döwlet metbugatynda resmi düşündiriş ýa-da maglumat berilýär. Ýöne ýerli kanun goraýjylar bularyň sebäplerini Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda "howpsuzlygy güýçlendirmek çäreleri" diýip düşündirýärler. Bu barada ýazmaça hat bermeýärler.

Şeýle-de raýatlaryň, şol sanda awçylaryň rugsatnama esasynda edinen tüpeňleriniň haçan yzyna beriljekdigi barada hem anyk maglumat berilmeýär.

Bellesek, ýurtda geçirilýän uly baýramçylyklaryň öň ýanynda, resmi taýdan hasaba alnan aw tüpeňleriniň ýygnalmagy barada ýurduň “Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakyndaky” kanunynda anyk bir zat aýdylmaýar.

Türkmen häkimiýetleri, adatça, ýurtda geçirilýän uly baýramçylyklaryň we dabaralaryň öňüsyrasynda, “düzgün-tertibi berkitmek we howpsuzlygy güýçlendirmek” çäreleri diýip, ençeme çäklendirmeleri we gadagançylyklary girizýärler.

Aw tüpeňlerini ýygnamak, raýatlaryň gije hereketi çäklendirmek, şol sanda welaýatdan gelenleri ýa-da beýleki sebitlerde hasaba alnan döwlet belgili ulaglary Aşgabatdan çykarmak, it-pişikleri tutmak ýaly çäreler olaryň diňe käbiridir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG