Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri ‘howpsuzlyk çäreleri’ diýip, aw tüpeňlerini ýygnaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň häkimiýetleri Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda, “howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmek” maksady bilen diýip, awçylaryň aw tüpeňlerini ýygnaýarlar.

“Türkmenistanyň paýtagtdaky we welaýatlaryň administratiw merkezlerindäki häkimiýetleri ýurduň Awçylar jemgyýetine agza we resmi taýdan aw tüpeňi hasaba alnan adamlara jaň edip, dekabryň 24-30-y aralygynda öz tüpeňlerini häkimliklere tabşyrmagy talap edýärler. Olar tüpeňleri tabşyrmadyk awçylaryň aw tüpeňleriniň elinden alynjakdygyny hem duýdurýarlar” diýip, awçylaryň ençemesine salgylanyp, Azatlyk Radiosynyň anonim şertde maglumat beren Aşgabatdaky habarçylarynyň biri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleri munuň sebäplerini Täze ýyl baýramçylygy döwründe ýurtda “düzgün-tertibi berkitmek, howpsuzlygy güýçlendirmek” çäreleri diýip düşündirýärler. Ýöne bu barada ýazmaça hat bermeýärler.

Soňky bäş ýylyň dowamynda ýurda daşary döwletleriň ýokary derejeli delegasiýasy gelende, paýtagtda we welaýatlaryň administratiw merkezlerinde ýaşaýan, resmi taýdan hasaba alnan awçylardan öz aw tüpeňlerini tabşyrmak talap edilýär.

Şonda tüpeňler daşary döwletleriň ýokary derejeli delegasiýasy ýurda gelmezinden üç-dört gün ozal ýygnalyp, resmi çäreden bir ýa-da iki gün soň hem yzyna paýlanýar.

Emma Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan awçylar tüpeňleriň Täze ýyl baýramy mynasybetli ýygnalmagy bilen baglanyşykly ýagdaýyň ilkinji gezek göze ilýändigini we şu gezek türkmen häkimiýetleriniň aw tüpeňleriniň haçan yzyna paýlanjakdygy barada hem hiç zat aýtmandyklaryny belleýärler.

Galyberse-de, habarçy paýtagtly söwdegärleriň käbirine salgylanyp, Täze ýyl baýramy döwründe “salýut” diýlip atylýan oýnawaçlaryň hem şu ýyl ýurda getirilmegine dilden gadagançylyk girizilendigini aýdýar.

Bu gadagançylyk Içeri işler ministrligi tarapyndan resmi tassyklanmasa-da, habarçy adatça her ýylyň noýabr aýynyň ortalarynda satuwa çykarylýan bu “salýutlaryň” häzirki wagt paýtagtyň çäginde tas satylmaýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanda raýatlar ýörite barlaglardan geçensoň, Awçylar jemgyýetine agza bolup, aw tüpeňlerini öz adyna geçirip bilýärler.

“Soňky dört ýyl bäri ok-däri we peşeň satmak üçin welaýat merkezlerinde we paýtagtda “Awçy” diýen at bilen bolan dükanlaryň gapysy indi ençeme ýyl bäri ýapyk dur. Awçylardan her ýylda “goşant” diýlip pul serişdesi alynýar, ýöne şert döredilmeýär” diýip, anonim şertde maglumat beren awçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, aw tüpeňlerini ýylda azyndan 6-7 gezek tabşyryp, soňra-da alyp gaýtmakdan halys ýadan käbir awçylar şu gezek häkimlige baranda, Awçylar jemgyýetine agzalykdan çekilýändigi we öz aw tüpeňini tabşyrýandygy barada hem arza ýazypdyr.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Aşgabat şäher we welaýat häkimliklerinden haýsydyr bir kommentariýa almak başartmady. Türkmenistanda uly çäreleriň ýa-da baýramçylyklaryň öň ýanynda, resmi taýdan hasaba alnan aw tüpeňleriniň ýygnalmagy barada ýurduň “Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakyndaky” kanunynda anyk bir zat aýdylmaýar.

Türkmen häkimiýetleri, adatça, ýurtda geçirilýän uly baýramçylyklaryň we dabaralaryň öň ýanynda, “düzgün-tertibi berkitmek we howpsuzlygy güýçlendirmek” çäreleri diýip, welaýatlardan paýtagta gelip işleýän içerki migrantlary öz ýaşaýan sebitlerine ibermek we welaýat ulaglaryny paýtagta goýbermezlik çärelerini hem güýçlendirýärler. Ýöne Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy edil häzirki pursatda şeýle çäklendirmeleriň göze ilmeýändigini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG