Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ministr ýedi aýyň hasabatyny berdi, ölen esgerleri agzamady


Begenç Gündogdyýew prezidente hasabat berýär. Türkmen TW-sinden alnan surat.
Begenç Gündogdyýew prezidente hasabat berýär. Türkmen TW-sinden alnan surat.

Türkmenistanyň prezidenti 3-nji awgustda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, goranmak ministriniň orunbasaryna berk käýinç yglan etdi, ýol beren kemçiliklerini gysga wagtda düzetmegi üçin oňa soňky duýduryşyny berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak ministriniň guramaçylygyndan hem nägiledigini aýtdy. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýylyň ýedi aýyndaky işlerine seredilen mejlis Bekrewe ýolunda bolan ýol-ulag hadysasyndan iki hepde gowrak soň, täze satyn alnan harby-söweş uçarynyň döwlet baştutany tarapyndan elin synag edilen wagtyndan iki gün soň geçirildi.

Soňky waka bilen baglylykda, Begenç Gündogdyýewiň hasabatynda esasy basym berlen mesele prezidentiň uçar synanda geýen lybasynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze guruljak binasynyň muzeýinde goýuljakdygy boldy, sebäbi ol muny ýaşlaryň watansöýüjilik duýgusyny pugtalandyrmakda ähmiýetli hasaplaýar.

Ministr golaýda bolan ýol-ulag hadysasy, onlarça harby gullukçynyň heläk bolmagynyň sebäpleri, goşundaky beýleki agyr ýagdaýlar, şol sanda Azatlygyň yzygiderli habar beren azyk meseleleri hakynda hiç bir zat aýtmady.

Ýöne baş prokuror Batyr Atdaýewiň hasabaty, prokuror barlaglarynyň netijeleri esasynda, onuň ýol beren, emma açyk aýdylmaýan kemçiliklerini ýüze çykarana meňzeýär. Hut şol anyklaşdyrylmadyk kemçilikler hem, döwlet baştutanynyň, düzümiň ýolbaşçysy hökmünde, onuň alyp barýan guramaçylyk işleriniň derejesine nägilelik bildirmegine sebäp bolan bolmaly.

Eger ýatlatsak, milli goşunyň taryhynda bilinýän iň agyr ýol hadysasynda ölenleriň sany 30 adamdan geçenden soň, "Gündogdiýew bu habary prezidente ýetirmekden çekinýär" diýip, Azatlygyň ministrlige ýakyn çeşmesi habar beripdi..

Goranmak ministriniň gysga wagtda düzetmeli kemçilikleriniň arasynda onuň diňe "guramaçylyk derejesi" ýatladylan bolsa, Goranmak ministrliginiň Baş ýaraglanyş müdirliginiň serkerdesi Şirmät Babanazarowa "wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky şahsy düzüme gözegçiligi gowşadandygy" aýdylýar.

Türkmen goşunyndaky guramaçylyk, gözegçilik işleriniň hakyky ýagdaýyny görkezen we nobatdaky prezident käýinji bilen tassyklanan ýaly görnen ýol-ulag hadysasy goňşy Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň has çylşyrymlaşan we Türkmenistanyň öz serhetlerini goramaga taýýar däldigi baradaky pikirleriň gaýtadan eşidilip başlan wagtyna gabat geldi.

Şol gün, 18-nji iýulda harby ýolbaşçylar "Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumynda Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk dabaralaryna taýýarlyk görýän esgerler üçin Gurbanlyk sadakasyny berdiler. Emma bu 10 çemesi KamAZ ulagynda harby garnizona dolanan harby gullukçylaryň otuzdan gowragynyň soňky nahary boldy.

Azatlygyň Goranmak ministrligindäki ynamdar çeşmesiniň beren maglumatyna görä, esgerleriň ulag kerweni ýadygärlikler toplumynyň ýerleşýän depesinden aşak inip barýarka, tormozyň näsazlygy sebäpli, sekizinji awtoulagyň sürüjisi ulagyň dolandyryşyny ýitirdi. Sekizinji KamAZ ýokary tizlik bilen öňdäki ulagy kakyp, ony ýoluň gyrasyna itekledi we ulaglar birnäçe gezek agdaryldy.

Azatlygyň birnäçe çeşmesiniň tassyklamagyna görä, hadysada 20-den gowrak harby ýaralanyp, hassahana ýerleşdirildi. Emma Türkmenistanyň prezidenti ne ýogalanlara gynanç bildirdi, ne ýaraly bolanlaryň ýanyna baryp, halyndan habar aldy. Her neneňsi hem bolsa, ol şol aralykda Täjigistanyň prezidenti Emomaly Rahmonyň koronawirusdan ýogalan aýal doganyna gynanç bildirmegi unutmady.

Bu soňky ýedi aýyň dowamynda bolan we aýdylmadyk ýeke-täk betbagtçylykly hadysa däl. Mundan öň, ýanwar aýynyň ortalarynda hem Türkmenistanda bir harby dikuçaryň heläkçilige uçrandygy, onuň bortundaky üç serhetçiniň ýogalandygy mälim boldy.

Şondan az wagt soň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 27-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde prezident “häzirki zaman harby tehnikalaryna aýawly çemeleşmek" hakynda gürrüň edip, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Şadurdy Durdyýewi wezipesinden boşatdy.

Ýerli synçylaryň we hökümet tankytçylarynyň köpüsiniň pikirine görä, harby ulaglara wagtynda we dogry ideg-esewan edilmezligi, geleňsizlik bilen bilelikde, belki-de, goşundaky korrupsiýa, ikinji tarapdan, bu ugurdaky hakyky ýagdaýlaryň halkdan gizlin, ýaşyrylyp saklanmagy problemalaryň barha çuňlaşmagyna we dowamly adam pidalaryna alyp gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG