Kiýewli fotosuratçynyň urşa garşy toplumy.
Kiýewli fotosuratçy Zoýa Şu bir ýyldan gowrak wagt bäri Ukrainanyň gündogaryndaky söweşlerde ýaraly bolanlary surata düşürýär. Gündogar Ukrainadaky harby çaknyşyklara bagyşlanan öňki suratlar galareýasyndan tapawutlylykda, Zoýa Şu ýesirlikden azat edilenleriň ykbalyny hem görkezmek isledi. “Sebäbi bu ýagdaý biziň her birimiz hakda. Bu Ukrainanyň bedenindäki ýaralar – ol biziň her birimiziň ýaralarymyz" diýýär.
Zoýa Şu nobatdaky sergisine epigraf hökmünde, awtoulag heläkçiliginde ölen Ukrainanyň Ruh Hereketiniň lideri, ukrainaly dissident Wýaçeslaw Çernowoldan sitata aldy: “Bizde gündogarly hem günbatarly banderaçylar ýa-da moskallar ýok. Biziň hemmämiz Ukrainanyň halky" diýipdi. Şeýlelik bilen suratçy nirede ýaşaýandyklaryna we haýsy syýasy ýa-da ideologiki garaýyşlara eýerýändigine garamazdan, ýurduň ähli ýaşaýjysynyň uruş sebäpli duçar bolan ýagdaýyna ünsi çekmek isleýär.
– Meniň proýektim “Bitewilik” diýlip atlandyrylýar, ol soňky ýedi ýylda Ukrainada bolup geçen wakalara bagyşlanýar. Mälim bolşy ýaly, Ukraina öz territoriýasynyň ýedi göterimine gözegçiligini ýitirdi; bular Donetsk we Luhansk sebitleri, Krym awtonom respublikasynyň çäkleri. Donbas wakalaryna gatnaşan harbylaryň alan ýaralary ýurduň tenindäki şikesiň mysalydyr. Bolup geçýän zatlar elhenç, gynansak-da, bu söweş biziň üstümize ýüklendi – diýip, Şu aýdýar.
– Serginiň bu tapgyrynyň urşa garşy bolmagy ünsi özüne çekiji. Biz Russiýa tarapyndan, munuň tersine aýdylýan pikiri eşidýäris, urşuň sebäpkäri Ukraina, Donbasdaky serhet ýakalarynda dartgynlylygy döretmek bilen Ukraina militaristik syýasaty ýöredip, uruş isleýär we ş.m.leri aýdýarlar.
– Ukrainany militaristik syýasatda günäkärlemek meniň üçin düýbünden manysyz. Siz maňa uruş isleýän iň bolmanda ýönekeý bir adamy görkeziň. Hiç kim uruş islänok! Uruş – munuň özi jenaýatdyr. Eýsem bu ýagdaý indi ýedi ýyl bäri biziň ýurdumyzyň üstüne atdylar. Biziň jemgyýetimiz şeýle heläkçiligi islemezlik barada bitewidir. Biz betbagtçylygy eýýäm gördük – diýip, Zoýa Şu jogap berýär.
– Siz ynsan ýaralaryny surata düşürýärsiňiz, şeýdip urşuň ýüzüni görkezýäňiz. Nähili-de bolsa, ol adamlar kimler, olar nähili ýagdaýda ýaralandylar? Siziň öňki suratlar tapgyryňyzda, belli adamlar hakda aýdylýardy, siz indi näme üçin adamlaryň atlaryny görkezmek islemediňiz?
– Bular Ukrainanyň özygtyýarlygyny we territorial bitewiligini goraýjylaryň ýarasy. Bu ýagdaýyň biziň hemmämize – Ukrainanyň raýatlaryna degişlidigini bellemek isläp, ol ýigitleri aýratyn atlandyrmazlyk kararyna geldim. Suratda – ýaş ýigitler, köpüsi otuz ýaşa ýetmedikler, ýagny, 1991-nji ýyldan soň garaşsyz Ukrainada doglanlar. Ukrain esgerleri ýurduň gündogarynda ýaralanýarlar hem ölýärler, atyşygyň bes edilmegine garamazdan, 2021-nji ýylyň başyndan bäri, onlarça esger atyşyk netijesinde heläk boldy.
– Meniň suratlar tapgyrymdaky gahrymanlaryň ählisi adaty durmuşa gaýdyp geldi, ýöne müňlerçe maşgala ýakynlaryny ýitirýän, on müňlerçe adamyň öz ýurduny goramak, ölmek, maýyp bolmak üçin ýene gitmeli boljak ýagdaýy indi soňlansyn diýip umyt edýärin. Ölýänleriň we ýaralanýanlaryň konfliktiň iki tarapynda-da hemişe bolýandygyny uruş oduna ýag guýýanlara duýdurasym gelýär. Uruş – şeýle hem maýyplyk. Uruşlar syýasy, geosyýasy, maliýe bähbitleri üçin tutaşdyrylýar, onda ilkinji ejir çekýän adamlar. Özüňi howpsuz duýmak – iň esasy zerurlyk bolup durýar. 2014-nji ýyldan bäri millionlarça adam şeýle zerurlykdan mahrum edildi.
– Her suratda başga bir şikes görkezilýär; aýagyny ýitiren bir ýigidiň suraty mina ýarylmagyndan bolupdyr, beýleki şikesler, görnüşine görä, ok ýaralary. Suratyny alan adamlaryňyzdan olaryň nähili ýaralanany barada soradyňyzmy?
– Bularyň her biri dürli şikesler, diňe minalar däl, eýsem gyrgyç we ok ýaralary-da bar. Ýigitleriň biri ýaralanyp, ýanyp başlan tankda galypdyr, soň ýesir düşüpdir, ýesirlikde ony gaty gynapdyrlar. Ýöne men tomaşaçylaryň ünsüni başga ýere çekmezlik üçin, şahsy gürrüňleriň jikme-jikliklerine gitmedim. Bu suratlar tapgyry göçme manydaky allegoriki hem simwoliki häsiýete eýe.
– Uruş barada aýdylanda, ýagdaýyň dartgynlaşýandygyny bellemek gerek. Käbir adamlara beýlekileri ýigrenmäge we hatda öldürmäge näme itergi berýär? Adamyň gorky duýgusyny oýnamakmy? Ukrainler biri-birinden düýpden tapawutlydygy sebäpli bir ýurtda ýaşap bilmez diýen zäherli gürrüň köpden bäri bar. Aslynda bar adam birmeňzeş, biziň barymyz meňzeş gülýäris, meňzeş hem aglaýarys. Biz, Ukrainanyň raýatlary, öz döwletimiziň bolmagy bizi birleşdirýär. Wýaçeslaw Çernowolyň bir aýdanyny haladym: "Goý, Hudaý bize Ukrainany şu gün hemme zatdan ýokary söýmegimizi bersin – soňundan ony ýitirip, has beter söýmeli bolmazlygymyz üçin” diýipdi. Meniň proýektim diňe uruş hakda däl, ol ýurduň bitewiligi, onuň birligi hakda hem. Käbir köpçülikleýin habar serişdeleri ýagdaýy çişirmegi dowam etdirýärler. Kimdir biri Ukraina banderaçylar diýýär... ýene-de 2014-nji ýyldaky ýagdaý ýaňadan başlaýar. Gaty köp adamyň hasrat çekýän häzirki ýagdaýyny soňlamak üçin, syýasy erk gerek. Sebäbi hakyky gymmatlyk syýasy ýa-da maliýe bähbitleri däl-de, eýsem ynsan durmuşy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.