Goňşularynyň sözlerine görä, düşeginden galmadyk naçar ýogalandan soň, ýangynyň jogapkärçiligini dünýäsini başgalan garrynyň üstüne atdylar. Şu aralykda, ýangyndan ejir çeken birnäçe kwartiranyň ýaşaýjylary häzir şol ýerde, jaýyň howlusynda mydar edýär.
Ýangynda alan ýaralaryndan ýogalan aýal takmynan 70 ýaşlaryndady diýip, Azatlygyň habarçysy onuň goňşularyna salgylanyp habar berdi. Ol 29-njy iýulda, dördünji gün irden aradan çykdy.
“Ýangynda alan ýaralarynyň ortaça agyrlygyna garamazdan, lukmanlar ony halas edip bilmediler. Ol rus milletindendi. Garry aýal birnäçe ýyl bäri düşeginden turmandy. Oňa gyzy seredýärdi" diýip, Mary şäheriniň Magtymguly köçesindäki jaýlaryň biriniň ýaşaýjysy aýtdy.
Ýatladýarys, Azatlyk biraz öň iki gatly, köp kwartiraly ýaşaýyş jaýynda turan ýangyn barada habar beripdi. Içeri işler ministrligindäki çeşmäniň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, ýangyn 26-njy iýul güni agşam sagat 4 töwereginde, Mary şäheriniň merkezi böleginiň golaýyndaky Magtymguly köçesinde ýerleşýän jaýyň bir kwartirasynda döräpdir.
Çeşmäniň sözlerine görä, ýangynyň sebäbi, belki-de, elektrik simlerindäki gysga utgaşma bilen baglanyşykly bolandyr. Içeri işler ministrliginiň bir işgäri ýangyn turan jaýynyň köne bolandygyny, onuň içindäki elektrik simleriniň geçen asyryň 70-nji ýyllarynda gurlaly bäri täzelenmändigini aýtdy.
Biziň habarçymyzyň maglumatyna görä, görnüşinden, elektrik simindäki näsazlyk ýa-da gysga utgaşma ýogalan aýalyň ýaşaýan kwartirasynda bolup geçene meňzeýär.
Goňşularynyň sözlerine görä, ýangynyň sebäplerini öwrenýän sülçüler, ýaşaýjynyň ölüminden soň, ýangynyň jogapkärçiligini merhumyň üstüne atýarlar.
“Ol aýalyň uzak wagtlap düşeginden turmandygyna garamazdan, sülçüler bar günäni onuň öz üstüne ýüklemek isleýärler. Olar elektrik enjamlarynyň nädogry ulanylandygy baradaky netijä geldiler. Emma bu düýpden beýle däl. Bu jaýda birnäçe onýyllygyň dowamynda bejeriş, abatlaýyş işleri geçirilmedi. Elektrik simleri gaty könedi, olary jaý gurlaly bäri bir gezegem çalşyrmandylar. Şol gün bolsa, aýdylyşy ýaly, bu jaýyň hemme ýerinde elektrik togy oýnady, tok kesilmeleri boldy. Şu sebäpden olar diňe günäni üstüne ýüklär ýaly adam tapdylar" diýip, wepat bolan garrynyň goňşusy aýtdy.
Ýangyn söndürijiler ýangyny öçüren badyna abatlaýyş işlerine başlan ýerli häkimiýetler protokol köçesi hasaplanýan Magtymguly köçesiniň ugrunda ýerleşýän jaýyň diňe öň tarapyny ýeňil-ýelpaý bejerip, başdansowma iş etdiler diýip, bu ýere baryp gören habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, jaýyň fasady we üçegi, ýangyn bolandygy göze dürtülip durmaz ýaly, diňe köçe tarapyndan bejerilipdir. Howlynyň iç ýüzi bolsa, ýangyn söndürilen pursatyndaky ýaly, hemmme zat şol durşuna taşlanyp gidilipdir. Ýangyn netijesinde dört kwartira doly ýandy we birnäçe kwartira zyýan ýetdi.
“Ýangyndan ejir çeken ýaşaýjylara häkimiýetlerden hiç hili kömegiň bolmajakdygy duýduryldy we öýlerini öz hasaplaryna abatlamak tabşyryldy. Ýangyn turup, çalt ýaýrap başlan wagtynda olar öýlerindäki goşlarynyň köpüsini çykaryp ýetişmediler we tas hiç zatsyz galdylar" diýip, goňşulykdaky jaýlaryň birinde ýaşaýan aýal biziň habarçymyza aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýangyndan ejir çekenler häzirki wagtda ýanan jaýyň howlusynda ýaşaýarlar we gijelerini tapçanlarda geçirýärler.
“Olara goňşulary we garyndaşlary maddy we ahlak taýdan goldaw berýär. Hökümetden hiç hili kömek bolmady we, görnüşinden, boljaga hem meňzemeýär. Hatda ýerli jemgyýetçilik hyzmatlarynyň we ýaşaýyş jaý dolandyryşynyň işgärleri hem ýaşaýyş jaýynyň dikeldilmegine hiç bir kömek berýär, sebäbi olaryň hemmesi prezidentiň saparyndan öň jaýlaryň fasadyny reňklemek üçin ugradyldy. Adamlar bolsa köçede ýatyp-turýar" diýip, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan aýal gürrüň berdi.
Azatlyk radiosy Mary şäheriniň administrasiýasyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.
Bu Türkmenistanda şu aýyň başyndan bäri köp otagly ýaşaýyş jaýlarynda bolan we adam ölümine getiren ikinji heläkçilikli hadysadyr. 6-njy iýulda Türkmenabat şäheriniň Gagarin etrabynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýynda partlama bolup, dört gatly binanyň iki gaty ýumruldy. Bu partlama netijesinde bir çaga öldi we 11 adam keselhana ýerleşdirildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.