Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenabatda bir köp gatly ýaşaýyş jaýynda bolan partlamadan soň, heläkçiligiň adam pidalary hem-de partlamanyň mümkin bolan sebäpleri barada ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berýär.
6-njy iýulda agşam sagat 7:10-da Türkmenabadyň Gagarin etrapçasynda ýerleşýän 43-nji jaýda partlama boldy. Köp gatly jaýda bolan partlama iki gaty ýumurdy.
Wakanyň yz ýany şäheriň Internet arabaglanyşygynda bökdençlik ýüze çykdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy partlamanyň netijesinde köp gatly ýaşaýyş jaýynyň 30-njy kwartirasyndan 38-nji kwartirasyna çenli doly ýykylandygyny, çykalga basgançaklarynyň hem-de balkonlaryň 4-nji gatdan 1-nji gata çenli ýykylandygyny habar berýär.
Deslapky maglumatlarda partlamanyň gazyň syzmagy netijesinde emele gelendigi aýdyldy.
“Partlama gazdan boldy diýip, aýdyp biljek däl. Ol çykan tüsse ýa-da tozan demiňi gysdyryp barýar, gözüňe ýaş aýladýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýtdy.
“Gazdan bolan bolsa ýangyn dörärdi, ýöne ýangyn döremedi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ýöne partlamanyň yz ýany, Türkmenistanda ýangyn howpsuzlygy we gaz edaralarynyň işgärleri öýlere we edara-kärhanalara aýlanyp, ilat arasynda gaz we elektrik enjamlaryny howpsuz ulanmak barasynda düşündiriş işlerini geçirdiler.
Azatlygyň habarçysy şaýatlara salgylanyp, güýçli partlamanyň netijesinde iki ýaşly çaganyň heläk bolandygyny habar berýär. Şeýle-de, partlamanyň netijesinde şikes alan uly ýaşly alty adam hem-de bäş sany çaga hassahana ýerleşdirilipdir. Uly ýaşly adamlaryň ählisi we çagalardan biri hassahananyň reanimasiýa bölümine ýerleşdirilipdir.
Azatlyk Radiosy heläk bolan çaganyň maşgalasyna degişli maglumatlary aýan etmekden saklanýar.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, hassahana ýerleşdirilenlerden 50 ýaşlaryndaky erkek adamyň ýagdaýy agyr, onuň kellesine beton gaçypdyr, şeýle-de reanimasiýadaky çaga hem agyr şikes alypdyr.
“Güýçli partlamanyň sesi wakanyň bolan ýerinden 5-6 kilometr töweregi uzaklyga çenli eşidildi. Ilkinji bolup, gapdal goňşular kömege geldi. Ejir çekenleri halas etmek üçin ylgap, kömege gelen raýat köp boldy” diýip, türkmenabat ýaşaýjysy gürrüň berýär.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, ýerli ýaşaýjylardan soň, wakanyň bolan ýerine ilkibaşda Tiz kömek gullugy, soňra Ýangyn howpsuzlygy gullugy barypdyr, iň soňunda Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleri barypdyr.
“Jaý ýarylanda ýakymsyz ys geldi, ýöne ýangyn döremedi” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Şaýatlaryň sözlerine görä, köp gatly ýaşaýyş jaýynyň ikinji gatynda partlama bolupdyr.
“Ol öýüň ýaşaýjylary kwartirant ýaşaýan ekeni. Partlama bolan wagty ol öýde hiç kim ýok ekeni” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
“Partlamanyň ikinji gatda bolany hak. Häzirki wagtda alty sany kran binanyň ýykylan ýerlerini söküp başladylar. Işler gije-gündiziň dowamynda alnyp barylýar. Partlamanyň bolan ýerini göz görmesin diýip, ak mata bilen tutdular. Şol köp gatly jaýda ýaşaýan ähli ýaşaýjylary wagtlaýyn başga jaýa göçürdiler. Ýarylan jaýy doly oňaryp, soňra ol ýeriň ýaşaýjylaryny yzyna göçürip getirerler” diýip, ýagdaýdan habarly ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenabatda bolan partlama barada habar bermeýärler.
Azatlyk Radiosy partlamanyň adam pidalary we onuň mümkin bolan sebäpleri barada Lebap welaýatynyň polisiýa müdirliginden maglumat alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.