Mary sebitinde howa üýtgäp, ilki ýelli harasat turdy, soňundan güýçli ýagyş ýagdy diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy 21-nji iýulda habar berdi.
Onuň sözlerine görä, hökümet resmileri "güýçli ýel gelýär" diýip, Baýramaly şäheriniň, Türkmengala, Ýolöten etraplarynyň bazarlaryndaky adamlary kowup, bazarlary ýapypdyrlar.
Baýramaly şäherine, dogrudanam, diýilýän ýel geldi, ýöne gaty güýçli bolmady, emma ýyl gurak gelensoň, ýeliň turzan tozany gaty uly boldy diýip, habarçy aýtdy.
Türkmengala we Ýolöten etraplaryna gelen ýel, dogrudanam, güýçli boldy, turan goýy tozandan ýaňa awtoýollarda 2-3 metr öňüňi saýgarmak hem kyn boldy; awtoulag sürüjileriniň köpüsi ýoldan çykdy, ýol hadyslary hem boldy, emma häzirlikçe zaýaçylygyň möçberleri we ejir çekenler barada anyk bir zat aýtmak kyn diýip, Azatlygyň habarçysy tozanyň içinde bir ýeňil maşynyň ýük ulagy bilen çakyşmagy netijesinde bir aýalyň ýogalandygyny hem sözüne goşdy.
Gürrüňi edilýän ýel-harasat 21-nji iýulda takmynan sagat 14:30-da başlanyp, soňra güýli jala ýagdy, bu ýagyş takmynan sagat 17:30 töwereginde başlap, bir sagat töweregi dowam etdi diýip, habarçymyz aýtdy.
Emma howanyň üýtgejekdigi, ýel-harasat turmak we güýçli ýagyş ýagmak ähtimallygy barada döwlet teleýaýlymynyň howa maglumatlarynda ne öňünden, 20-nji iýulda, ne 21-nji iýul güni giçlik habar berildi.
Has anygy, döwlet TW-siniň 20-nji iýuldaky howa maglumatlarynda aýdylmagyna görä, 21-nji iýulda Maryda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9-14 metr aralyga ýetýän şemal öwüsmelidi.
Bu ýel-harasat Mary we Ahal sebitleriniň araçägindäki "Hanhowuz" suw howdanynyň suwunyň düýpli azalýan wagtynda turdy.
Şu aralykda "Türkmenistanyň Hronikasynyň" "Meteožurnal" neşirine salgylanyp ýazmagyna görä, ýurtda dowam edýän guraklyk zerarly, sebitiň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmekde ulanylýan ägirt uly suw howdanynyň suwy uly möçberlerde çekilmegini dowam etdirýär.
Aýdylmagyna görä, taslama boýunça howdanda 210 inedördül km meýdany tutmaly suw 18-nji iýulda bary-ýogy 104 inedördül kilometre golaý meýdany tutupdyr.
Suw howdanynyň suwunyň häzirki çekiliş depginlerini gurak gelen 2018-nji ýyldaky suw çekilmeleri bilen deňeşdirip, neşir şu ýylyň tomsunyň aýagyna çenli bu howuzdaky suwuň üçden biriniň, belki-de ondanam kän kemelmek ähtimallygyny öňe sürýär.
Gurak gelen ýyl Murgap derýasynyň suwunyň azalmagyna we Saryýazy suw howdanyndaky suwuň derejesiniň hem düýpli peselmegine alyp geldi.
Türkmenistan suwy köp talap edýän pagta önümçiligini dowam etdirmek bilen, suw ýaplaryny betonlap ýa beýleki usullary ulanyp, suw tygşytlamak, gurakçylyga taýýar bolmak mümkinçiliklerini ýyllar boýy elden giderip gelýär diýip, synçylar aýdýar.
Suw ýetmezçiligi diňe ekinleriň ýeterlik suwarlyp bilinmezligine däl, eýsem Maryda we beýleki ýerlede ilatyň yssy howada salkynlamak üçin gelýän suw çüwdürimleriniň işiniň togtadylmagyna, agyz suwunyň bolsa paýtagt Aşgabatda hem diňe agşamlaryna berilmegine alyp geldi.
Emma türkmen metbugaty bu aladaly ýagdaýlar, şol sanda Maryda we beýleki sebitlerde gurakçylyk zerarly zyýan çeken maldarlar, kärendeçiler; şeýle-de goňşulykdaky Eýranda suw ýetmezçiligi sebäpli dowam edýän halk protestleri barada ilata hiç bir maglumat bermeýär.
21-nji iýuldaky maglumatlara görä, Eýranyň günorta-günbataryndaky Huzestan sebitinde ýiti suw ýetmezçiligine garşy tapgyr alty gije bäri geçirilýän protestleriň dowamynda bir polisiýa ofiseri öldürilip, bidüzgünçiliklerde heläk bolan adamlaryň resmi sany üçe ýetdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.