15-nji iýulda Aşgabadyň käbir köçelerinde we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň howlularynda gyssagly arassaçylyk işleri geçirildi. Munuň çäginde köçelerdäki zir-zibiller, haşal otlar arassalandy. Agaçlary suwarmak üçin çekilen suw turbalary kesildi we ony çeken ýaşaýjylara pul jerimesi salyndy.
Aşgabat şäheriniň täze häkiminiň etrapçalara aýlanmagynyň öňüsyrasynda amala aşyrylan bu çäreler paýtagtda suw üpjünçiliginiň yzygiderli kesilýändigi barada Azatlykda çap edilen maglumatlardan 10 gün soňa gabat geldi.
Habarçymyzyň paýtagtdan beren maglumatlaryna görä, bu arassaçylyk işleri şäheriň Alişer Nowaýy köçesiniň Kemine we Baýmyrat Garryýew köçeleriniň çatrygynda hem-de olaryň iki tarapyndaky köp gatly jaýlaryň howlularynda geçirildi.
"Irden sebite Bagtyýarlyk etrap ýaşaýyş jaý ulanyş trestiniň dolandyryjysynyň ýolbaşçylygyndaky 2-nji ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň başlygy geldi. Soňra beýleki ýaşaýyş jaý ulanyş müdirlikleriniň başlyklary hem bu ýere üýşdiler. Olar şäheriň bu sebitine täze häkimiň aýlanyp görjekdigini aýtdylar" diýip, adynyň efirde üýtgedilip Maral diýlip tutulmagyny soran sebit ýaşaýjysy aýtdy.
Bellesek, 9-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň öňki häkimi Ýaztagan Gylyjowy “başga işe geçmegi sebäpli” diýen kesgitleme bilen eýeleýän wezipesinden boşatdy. Gylyjowyň ornuna gurluşyk we binagärlik ministri Rahym Gandymow bellenildi.
Habarçymyz arassaçylyk işlerine ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň we jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleriniň gatnaşandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, olar agaçlaryň düýbündäki hapa-haşal otlary we taşlanan zir-zibilleri arassaladylar.
"Birinji gatlarda ýaşaýan ýaşaýjylaryň işden soň oturmak üçin öz jaýlarynyň öňünde oturdan oturgyçlary hem aýyrdyldy. Ýaşaýjylardan howlulardaky ähli artykmaç zatlary aýyrmagy talap etdiler. Bularyň ählisi gyssagara alnyp baryldy" diýip, sebit ýaşaýjysy Maral aýtdy.
Şeýle-de, bu çäreleriň dowamynda köp gatly jaýlaryň öňündäki howlularda ýerleşýän agaçlary suwarmak üçin çekilen suw turbalary kesildi we ony çeken ýaşaýjylara pul jerimesi salyndy.
"Iki goňşyma jerime ýazdylar. Olaryň her biri 50 manat tölemeli boldy" diýip, Maral belledi.
Bu arassaçylyk we suw turbalaryny çeken ýaşaýjylara jerime salmak işleri irden sagat 9-da başlap, öýlän sagat 1-e golaýlanda gutardy. Habarçymyzyň sözlerine görä, bu çäreleriň sebäpleri we häkimiň näme maksat bilen şäheriň bu sebitine aýlanýandygy barada ilata resmi düşündiriş berilmedi.
Ýöne habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň birnäçe işgäri munuň sebäpleriniň bu sebitde içimlik suw üpjünçiligindäki problemalar bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.
Bellesek, soňky iki hepdäniň dowamynda Aşgabadyň bu sebitinde we beýleki etrapçalarynda içimlik suw üpjünçiliginiň yzygiderli kesilýändigi barada Azatlyk ençeme gezek habar berdi.
Şonda habarçylarymyz bu sebitdäki jaýlaryň aglabasyna ençeme sagatlap suw berilmeýändigini, ýokary gatlardaky öýlere bolsa, suwuň asla çykmaýandygyny gürrüň beripdiler.
"Şol sebäpli agaçlary suwarmak üçin çekilen suw turbalaryny kesip, ony çeken ýaşaýjylara jerime saldylar. Sebäbi bu suw turbalary zerarly köplenç ýokary gatdaky öýlere suw çykmaýar. Soňky hepdelerde bu barada ýokary gatdaky ýaşaýjylar häkimiýetlere arz-şikaýat etdiler" diýip, Maral belledi.
Azatlyk bu aýdylanlar dogrusynda Aşgabat şäher häkimliginden we 2-nji ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.
Türkmenistanda suw üpjünçiligi meselesi onlarça ýyl bäri çözülmän galýar. Soňky üç onýyllygyň dowamynda ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagtyň töwereklerinde suw öndürmäge we arassalamaga niýetlenen kärhanalaryň we suw basyş desgalarynyň ençemesi guruldy.
Emma habarçylarymyzyň we ýerli hünärmenleriň sözlerine görä, täze gurlan desgalar esasan köşklere, çüwdürimlere we gymmat bahaly täze binalara hyzmat edýär.
""Täze küýzäň suwy sowuk bolar" diýleni ýaly, täze işe bellenen häkim prezidentiň hem-de halkyň öňünde "özüni iş edýän ýaly edip görkezjek" bolýar. Ýöne bu köplenç netijesiz bolýar. Sebäbi olar şähere aýlansa-da, iş ýüzünde hiç zat edilmeýär" diýip, Maral belledi.
Bellesek, Türkmenistanda täze wezipä bellenen resmileriň öz ýolbaşçylyk edýän pudagyna gözegçiligi birbada güýçlendirýändigi barada mundan öň hem maglumatlar gelip gowşupdy. Emma habarçylarymyz gözegçiligiň gysga wagta çekýändigini, meseleleriň düýpli çözülmän, soňy bilen ýene ozalkylary ýaly dowam edýändigini habar berýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.