Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda köp gatly jaýlaryň ençemesine bäş gün bäri suw berilmeýär


Aşgabadyň käbir etrapçalarynyň ýaşaýjylaryna ýörite ulaglarda suw paýlanýar.
Aşgabadyň käbir etrapçalarynyň ýaşaýjylaryna ýörite ulaglarda suw paýlanýar.

Türkmenistanda dowam edýän yssy howanyň fonunda, raýatlaryň içimlik suw üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly problema saklanyp galýar. Aşgabadyň etrapçalarynda suw üpjünçiligi yzygiderli kesilýär. Käbir köp gatly jaýlara azyndan bäş gün bäri suw berilmeýär. Bu ýagdaý şäher ýaşaýjylarynyň durmuşyna oňaýsyz täsir edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Habarçymyzyň aýtmagyna görä, suw üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly wakalar soňky bir hepdäniň dowamynda has-da ýitileşdi. Paýtagtyň 9-10-11-nji etrapçalarynda we Parahat 1-2-3 etrapçalarynda ýagdaý has-da gözgyny bolmagynda galýar.

Parahat 2 etrapçasynda 10-a golaý köp gatly jaýa indi bäş gün bäri suw berilmeýär. 11-nji etrapçada azyndan 10 sany köp gatly jaýyň ýaşaýjysy dört gün bäri suwsuz kösenýär.

9-10-njy etrapçalarda hem suw üpjünçiligi 6-njy iýuldan 7-nji iýula geçilen gije kesildi. Bu jaýlaryň käbirine 7-nji iýulda irden, käbirine agşamara berlen suw heniz hem kadaly üpjün edilmeýär.

"Suw birnäçe sagat berilýär, soňra ýene ençeme sagatlap kesilýär" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Meňli diýip tutulmagyny soran sebit ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Şuňa meňzeş ýagdaý Parahat 1 etrapçasynda hem gaýtalanýar. Bu etrapçanyň ýaşaýjylaryna suw bölekleýin kesilip berilýär. Parahat 2/4 etrapçasyna bolsa, suw gündiz berilýär, gijelerine kesilýär.

Bu ýagdaý yssy howanyň dowam edýän şu günlerinde ilatyň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir edýär. Ýaşaýjylar nahar taýýarlamak, ýuwunmak we hajathana meselelerinde kösençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Paýtagtyň suw edarasy tarapyndan käbir etrapçalaryň ilatyna suw paýlanýar. Ýöne ýörite uly ulaglarda getirilýän bu suw ýaşaýjylaryň ählisine ýetmeýär.

"Suw ulagy gelende, onuň öňünde örän uly nobat emele gelýär. Ýöne suw nobata duran adamlaryň hemmesine ýetmeýär. Adamlar jokrama yssy günlerde suwsuz kösenýär. Ýurduň paýtagtynda-da ilatyň suw üpjünçiligi uly problema bolup galýar" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, suw üpjünçiliginiň yzygiderli kesilmegi we onuň sebäpleri barada ýerli häkimiýetler tarapyndan açyk düşündiriş we maglumat berilmeýär.

Ýöne Aşgabat suw edarasyna jaň eden ýaşaýjylara "problemanyň suw turbalarynyň hatardan çykmagy bilen baglanyşyklydygy we meseläni çözmek ugrunda iş alnyp barylýandygy" aýdylýar.

"Suw turbalaryndaky suwuň güýji talap edilşinden pes. Bu bolsa, turbalaryň ýarylyp, hatardan çykmagyna getirýär. Üstesine-de elektrik togy yzygiderli kesilýär. Bu hem suw üpjünçiligini bökdeýär" diýip, habarçy suw edarasynyň bir işgäriniň aýdýan sözlerini sitirledi.

Habarçymyz şu günler paýtagtyň köçelerindäki köp sanly suw çüwdürimleriniň hem işlemeýändigini belleýär. Şäheriň esasy köçelerindäki suw çüwdürimleri bolsa, gündizlerine ozalky güýjünden has pes derejede işledilip, gijelerine öçürilýär.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Aşgabat suw edarasyndan we şäher häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Bellesek, çöl klimatly bolan Türkmenistanda soňky günlerde aşa yssy howa saklanýar. Ýurduň dürli künjeklerinde howanyň temperaturasy wagtal-wagtal 50 gradusa çenli golaýlaýar.

Aşa yssy howanyň fonunda, ýurt ilaty elektrik we suw üpjünçiliginiň yzygiderli kesilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Soňky bir hepdäniň dowamynda bu barada Azatlygyň habarçylary Balkandan, Marydan, Lebapdan we Aşgabatdan ençeme gezek habar berdiler.

"Günüň aşa gyzmagynyň we yssy günlerde Günüň aşagynda gezmegiň adamlaryň saglygyna ýaramaz täsiriniň bardygy" barada 2-nji iýulda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem çykyş etdi.

Türkmen häkimiýetleri yssy howanyň täsirleri barada duýdursalar-da, aşa yssy günlerde ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan elektrik üpjünçiligi we içimlik suw problemasy barada hiç zat aýtman gelýärler.

Türkmenistanda suw üpjünçiligi meselesi onlarça ýyl bäri çözülmän galýar. Soňky üç onýyllygyň dowamynda ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagtyň töwereklerinde suw öndürmäge we arassalamaga niýetlenen kärhanalaryň we suw basyş desgalarynyň ençemesi guruldy.

Emma habarçylarymyzyň we ýerli hünärmenleriň sözlerine görä, täze gurlan desgalar esasan köşklere, çüwdürimlere we gymmat bahaly täze binalara hyzmat edýär. Ilat köpçüliginiň ýaşaýan ýerleriniň aglaba bölegi köne kärhanalaryň hasabyna köplenç könelişen we sandan çykýan enjamlar, turbalar bilen üpjün edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG