Türkmenistanda howanyň temperaturasy 50 gradusa çenli golaýlaýan wagtynda Lebabyň Farap etrabynda birnäçe sagat Günüň aşagynda bolan bir ýaşaýjy aradan çykdy. Lukmanlar yssy howa zerarly onlarça adamyň aradan çykandygyny we gün urup keselhana düşýän çagalaryň köpelýändigini aýdýarlar. Ýurtda dowam edýän aşa yssy howanyň fonunda, raýatlaryň elektrik üpjünçiligi we içimlik suw problemasy hem günsaýyn ýitileşýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Marydan we Lebapdan maglumat berýärler.
Lebapdaky habarçymyzyň maglumatyna görä, 5-nji iýulda öýlän sagat 5 çemesi Farap şäherinde 60 ýaşly bir adam aradan çykdy. Ysmaýyl aga bazardan öýüne gaýtmak üçin 2 sagat çemesi Günüň aşagynda awtobusa garaşýar we şondan soň saglygy ýaramazlaşýar.
Azatlyk Radiosy howpsuzlyk aladalary sebäpli onuň doly adyny aýtmakdan saklanýar.
"Köp wagt Günüň aşagynda duran Ysmaýyl aga gün urmasy netijesinde aradan çykdy. Onuň şu gün sagat 10-da jynazasy boldy" diýip, merhumyň hossarlarynyň biri adynyň efirde tutulmazlygy şerti bilen 6-njy iýulda Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan lebaply lukmanlaryň birnäçesi soňky iki günüň dowamynda gün urmasy sebäpli onlarça adamyň aradan çykandygyny aýtdylar.
Şeýle-de, sebitde gün urup keselhana düşýän çagalaryň köpelmegi netijesinde Türkmenabadyň 5-nji Saglyk öýünde ýokanç keseller hassahanasynyň çaga bölümi hem açyldy.
"Bu bölüm dessine çagalardan doldy. Sebäbi gün urup, garny agrap, gaýtaryp keselhana düşýän çagalar köpeldi. Ene-atalar etraplardan hem çagalary getirýärler" diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran Saglyk öýüniň bir işgäri gürüň berdi.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar dogrusynda Lebap welaýat we Farap etrap häkimliklerinden we saglyk edaralaryndan resmi kommentariý alyp bilmedi.
Çöl klimaty bolan Türkmenistanda tomsuň ilkinji günlerinden bäri dowam edýän yssy howa şu günler has-da gyzdy.
“Meteožurnal” howa maglumatlary neşiriniň habaryna görä, Türkmenistanda adatdan daşary yssy howa dowam edýär. 5-nji iýulda Lebapda howanyň temperaturasy 45,8 gradusa çenli ýokarlandy.
"Günüň aşa gyzmagynyň we yssy günlerde Günüň aşagynda gezmegiň adamlaryň saglygyna ýaramaz täsiriniň bardygy" barada 2-nji iýulda türkmen prezidenti hem çykyş etdi. Ýöne ol howanyň temperaturasynyň anyk näçe gradusa çenli ýokarlanmagyna garaşylýandygy barada hiç zat aýtmady.
Prezidentiň çykyşynyň yzysüre, Marynyň edara-kärhanalarynda ýygnaklar geçirilip, işgärlere yssy howadan goranmak barada duýduryş hem berildi.
Lebaply habarçymyzyň maglumatyna görä, aşa yssy howa sebäpli Darganata we Kerki etraplaryndaky mal fermerlerinde iri we ownuk mallaryň ýüzlerçesi haram öldi.
"Soňky ýyllarda saýaly baglar gurluşyk materialy maksadynda ýa-da beýleki sebäpler üçin köpçülikleýin çapyldy. Netijede öri meýdanlarda kölege berýän agaçlary tapmak kyn. Şol sebäpli mallar ençeme sagat Günüň aşagynda galýar. Yssy howada mallar haram ölýär" diýip, adynyň efirde üýtgedilip Resul diýip tutulmagyny soran ýerli maldarlaryň biri aýtdy.
Ýurtda dowam edýän aşa yssy howanyň fonunda, raýatlarynyň elektrik üpjünçiligi we içimlik suw problemasy hem günsaýyn ýitileşýär.
4-nji iýulda sagat 18:30 töwereginde Türkmenabatda 10-a golaý transformator hatardan çykdy. Munuň netijesinde şäheriň dürli etrapçalaryna ençeme sagatlap elektrik energiýasy berilmedi.
Habarçy elektrik togunyň kadaly berilmeýän wagtynda, 6-njy iýulda irden sagat 10:30 töwereginde Türkmenabatda içimlik suwuň hem kesilendigini aýtdy. Şäheriň suw edaralary ilata suwuň gaýtadan haçan beriljekdigi barada häzirlikçe maglumat bermeýärler.
Şu günler Türkmenistanda howanyň gyzgynlygy 24 sagat çemesi dowam edýär. Habarçylarymyz gündizlerine 50 gradusa, gijelerine 30 gradusa çenli golaýlaýan yssy howada öýlerde, ofislerde we dükanlarda sowadyjylaryň tas öçürilmän işledilýändigini aýdýarlar.
Bu bolsa, elektrik simlerindäki toguň güýji talap edilişinden pes bolany sebäpli, simleriň eräp, hatardan çykmagyna getirýär. Netijede, ilata öň hem kadaly berilmeýän elektrik togy yzygiderli kesilýär.
Bellesek, soňky üç onýyllygyň dowamynda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde elektrik energiýasyny öndürmäge niýetlenen täze desgalaryň ençemesi guruldy. Türkmen hökümeti bu desgalaryň ýurt raýatlaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ukyplydygyny aýdyp, elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrjakdygyny hem wagtal-wagtal tekrarlaýar. Türkmenistan Owganystanyň demirgazyk böleklerini hem elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.
Ilatyň elektrik üpjünçiligi we içimlik suw problemasy Maryda hem saklanyp galýar. Habarçymyzyň aýtmagyna görä, geçen hepdäniň ortalaryndan bäri Mary şäherinde her gün sagat 11:00 bilen 15:00 aralygynda ençeme kwartirada tok kesilýär.
"Tok her gün bir kwartirada, her gün başga etrapçada kesilýär. Mysal üçin, bir gün 1-nji etrapçada tok kesilse, 2-nji güni 3-nji etrapçada tok öçýär" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Dursun diýip tutulmagyny soran ýerli ýaşaýjy 6-njy iýulda habarçymyza gürrüň berdi.
Habarçymyzyň maglumatyna görä, Mary şäherinde yssa çydaman, köp gatly jaýlaryň girelgelerinde oturýan ýaşaýjylaryň, hususan-da ýaş çagaly eneleriň sany köpelýär. Eneleriň ençemesiniň aýtmagyna görä, tok kesilende çagalary öýde saklap bolmaýar. Olar tok gaýtadan berilýänçä jaýlaryň girelgelerinde garaşýandyklaryny aýdýarlar.
Toguň yzygiderli kesilmegi şäheriň telekeçilerine hem maddy zyýan ýetirýär. Elektrigiň günde 4 sagat çemesi berilmezligi sowadyjylarda doňdurma, şokolad we beýleki doňdurylan önümler satylýan dükanlarda harytlaryň eräp, zaýa bolmagyna getirýär.
"Türkmenistanda telekeçilik eder ýaly bolmady. Tok we beýleki töleglerimizi öz wagtynda tölesek-de, hökümet bizi kadaly elektrik togy bilen üpjün edip bilmeýär. Köp harytlarymyz zaýalanyp, uly zyýana galdyk. Bu ýagdaý soňky günlerde käbir dükan eýeleriniň öz işini bes etmegine getirdi" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Myrat diýip tutulmagyny soran ýerli telekeçileriň biri aýtdy.
Toguň yzygiderli kesilmegi swetaforlaryň hem kadaly işlemezligine getirýär. Bu ýagdaý şäherde awtoulag heläkçiliginiň hem köpelmegine sebäp boldy.
"Ilkibada çatrygyň dört gapdalyndaky swetafor hem ýaşyl ýanýar, soň dördüsem gyzyl. Şondan soňam öçýär. Şol sebäpden ulag heläkçiligi hem köp döreýär" diýip, ulag eýeleriniň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Şäherde suw üpjünçiligi bilen bagly problema hem ýitileşýär. Şäheriň aglaba etrapçasynda köp gatly jaýlaryň 2-3-4-nji gatlaryna suw çykmaýar. Ýaşaýjylar 1-nji gatdaky goňşularyndan suw daşamaly bolýarlar. Elektrik togy kesilen wagty, jaýlaryň 1-nji gatyna hem suw berilmeýär.
Bu aralykda, şu günler Lebabyň edara-kärhanalarynda hem ýygnaklar geçirilip, işgärlere 6-7-nji iýulda howanyň aşa gyzjakdygy duýdurylýar. Şeýle duýduryşlar 5-nji iýulda Marynyň edara ýolbaşçylary tarapyndan hem edilipdi.
"Işgärlere meýdana köp çykmaly däl diýdiler. Muňa garamazdan, hassahanalaryň töweregini arassalamak boýunça ýowarlary geçirmek dowam edýär. Yssy howa sebäpli indi ýowarlary irden sagat 6-9 aralygynda geçirmeli etdiler" diýip, afirde adynyň üýtgedilip Güljemal diýip tutulmagyny soran lebaply saglyk işgärleriniň biri gürrüň berdi.
Türkmen häkimiýetleri yssy howanyň täsirleri barada duýdursalar-da, gün urup keselhana düşýän raýatlar, şol sanda çagalar, şeýle-de ilatyň elektrik üpjünçiligi we içimlik suw problemasy barada hiç zat aýtmaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.