Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çärjewde gijelerine zir-zibil ýakylýar. Dem gysdyryjy, ýakymsyz ys ilaty “köseýär”


Çärjewde prezident Berdimuhamedowyň mümkin saparynyň öňüsyrasy zir-zibiller ýakylýar. (Illýustrasiýa suraty)
Çärjewde prezident Berdimuhamedowyň mümkin saparynyň öňüsyrasy zir-zibiller ýakylýar. (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda aşa yssy howanyň saklanýan bu günlerinde Lebabyň häkimiýetleri her gije merkezi Türkmenabat şäheriniň eteginde köpçülikleýin zir-zibilleri ýakýarlar. Bu onsuz hem dem almagy kyn bolan kapas howa şertlerinde, ýerli ilata uly kynçylyklary döredýär.

“Soňky günler gijelerine Türkmenabady dem gysdyryjy, ýaramaz ys we tüsse gurşap alýar. Yzarlap görsem, häkimiýetler gije ýaryndan daňdan 06:00-a çenli Çärjew etrabynyň günortasyndaky zir-zibil poligonynda köpçülik ýagdaýda hapalary, taşlandylary ýakýar ekenler” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatlylaryň biri 30-njy iýunda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabatdan 10 kilometr uzaklykdaky bu sebite aýlanyp gördi. Ol dymyk, ýaramaz ysly tüsse sebäpli poligonyň golaýyndaky ilatly nokatlaryň ýaşaýjylarynyň saglyk ýagdaýlarynyň hem ýaramazlaşandygyny anyklady.

“Ýakylýan zir-zibillerden çykýan tüsse täze döredilen ‘Azatlyk’ posýolygyny we Zerger obasyny dolulygyna gurşap alýar. Erbet, ýakymsyz ysly tüsse sebäpli köp adamyň demi gysyp, tapgyr ençeme gije bu sebitlere dowamly Tiz kömek gulluklary çagyrylýar” diýip, efirde adynyň üýtgedilip Meýlis diýlip tutulmagyny soran ýerli ýaşaýjylaryň biri 1-nji iýulda gürrüň berdi.

Ol ýaşaýjylaryň arz edip ýerli häkimliklere ýüz tutandyklaryny, emma resmileriň bularyň “adaty” çäredigini aýdyp, adamlaryň şikaýatlaryna oňaýly çözgüt tapmakdan ýüz öwürendiklerini hem belledi.

“Bu asla-da ‘adaty’ çäre däl. Öňler yzly-yzyna ençeme gije bu möçberde zir-zibil ýakylmaýardy. Bulardan ýerli häkimlikleriň, ýangyn howpsuzlyk gullugynyň, polisiýanyň hem habary bar. Olar ýerli ýaşaýjylaryň arzlaryna gulak gabartmaýarar, tersine, haýbat atýarlar” diýip, 40 ýaşlaryndaky Meýlis belledi.

Ol özi ýaly başga-da birnäçe hojalygyň, alaçsyzlyk we häkimiýetleriň hereketsizligi sebäpli, ýaşap oturan jaýlaryny geçen nyrhyna satyp, başga ýere göçüp gitmegi göz öňünde tutýandygyny hem sözüne goşdy.

Ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar, şeýle-de ýakylýan zir-zibillerden çykýan ýakymsyz tüssäniň adam saglygyna ýetirýän mümkin zyýanly täsiri barada Lebabyň degişli häkimliklerinden we saglyk edaralaryndan kommentariýa almak başartmady.

Emma Azatlygyň habarçysy awgustyň dowamynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Çärjew etrabyndaky zir-zibil poligonynyň golaýyndaky gurulýan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýandygyny, şol sebäpli sebitde eýýämden arassaçylyk işleriniň geçirilýändigini anyklady.

“Berdimuhamedowyň dikuçarda bu sebitleriň üstünden geçen pursady, zir-zibil depellerini görmez ýaly, olary gyssagly ýakyp başladylar. Häkimiýetleri munuň ýerli ýaşaýjylaryň durmuşyna, özüni duýuşyna ýetirýän oňaýsyz täsirleri gyzyklandyrman, olaryň bar bileni Berdimuhamedowyň öňünde gowy görünmek” diýip, Meýlis nägileligini bildirdi.

Azatlyk Radiosynyň dowamly habar berişi ýaly, ýurtda, hususanda Lebapda zir-zibil meselesi gözgyny bolmagynda galýar. Sebitiň dürli künjekleri gündelik durmuşda emele gelýän zir-zibilleri dökmek üçin niýetlenen, ýörite çelekler we ýerler bilen üpjün edilmeýär, şeýle-de kä halatlarda zir-zibil depeleri ençeme aýlap arassalanmaýar.

Türkmen hökümeti ýurtda “Döwlet adam üçindir!” diýlen “baş şygary” öňe sürüp, ýurt raýatlarynyň “bagtyýar durmuşda ýaşamagy” üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdyp gelýär.

Şeýle-de, ýurtda tebigaty we ekologiýany goramak meselesine ägirt uly üns berilýändigi ýygy-ýygydan tekrarlanýar. Türkmen häkimiýetleri beýlekiler bilen bir hatarda, “Altyn Asyr” kölüniň gurluşygy we köpçülikleýin bag ekmek ýaly işlere “möhüm ekologiýa çäresi” hökmünde baha berýärler.

Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi, şol sanda ýerli synçylar ýurt resmileriniň tebigaty goramak üçin iň zerur meseleleriň biri hasaplanýan hapa-supalary, taşlandylary ýygnamak we özleşdirmek meselesini ünsden düşürýändiklerini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG