Çarşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebabyň Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň hem-de Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş çäresi geçirildi. Tomsuň jokrama yssysynda, adatça bolşy ýaly, bu dabaralar hem köpçülikleýin mejbury çäreler, prezidentiň şahsyýet kultuny götergeleýän sahnalaşdyrylan oýunlar, tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy, hatda Berdimuhamedowyň hem bortundaky uçarda aýdym-sazly şagalaň gurnaldy. Şol bir wagtda, Azatlygyň ýerli habarçylary prezidentiň 22-nji iýundan bäri Lebaba amala aşyrýan iş saparynyň çäginde, sebitiň adaty durmuşynyň togtadylandygyny belleýärler.
“Sişenbe güni ikindin, prezidentiň saparynyň öňýany, Türkmenabady gum-gukluk gurşap aldy. Mundan öň, şäheriň ähli zawod-fabrikleriniň işi saklandy, şa ýollar, olaryň 2 kilometr ugurdaş köçeleri petiklendi. Ähli ulaglary ýollardan aýyrmak tabşyryldy, ýetişmedikleriň ulaglary duýdurylmazdan ewakuator bilen äkidildi. Aşgabatdan getirilen ýol gözegçilik işgärleri esasy ýollaryň ugrunda, ýerli polisiýa hem şa ýollaryň garşysyndaky çatryklarda ýerleşdirildi” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatlylaryň biri gürrüň berdi.
Habarçymyz Berdimuhamedowyň sapary bilen baglylykda, şäheriň ähli bazarlarynyň, garbanyşhanalarynyň, dükanlarynyň hem ýapylandygyny, hatda otly we uçar gatnawlarynyň ýatyrylandygyny habar berdi.
“22-nji iýunda sagat 19:40-da Türkmenabat-Aşgabat ugry boýunça hereket edip başlan otly 1 kilometr hem geçmänkä ýolundan saklanandy. 23-nji iýundaky Türkmenabat-Türkmenbaşy urgy boýunça uçar reýsi hem penşenbe gününe geçirildi” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.
Habarçymyz çarşenbe güni Berdimuhamedowyň Kerki şäherinde howa menzilniň açylyş dabarasyndan soňra Türkmenabada dolananda, howpsuzlyk çäreleriniň has hem güýçlendirilendigini aýtdy.
“Türkmenabadyň ‘Bitarap Türkmenistan’ şaýoly dolulygyna ýapyldy. Onuň 3 kilometr golaýyndaky köçelere hem hiç kim goýberilmedi. Mundan birnäçe gün öň, ýörite ak reňkli ulaglar saýlanyp alnypdy, ýol gözegçilik gullugy kesgitlenen tertibe laýyklykda şolary gaýta-gaýta gatnatdy” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri şaýat bolan wakalaryny gürrüň berdi.
Mundan başga-da, prezidentden eýýäm adata öwrülen uly nobatlary gizlemek maksady bilen, banklar raýatlara bankomatlardan pullaryň goýberilmejekdigini duýdurdylar.
“21-nji iýundan başlap bank işgärleri prezidentiň gatnaşmagyndaky çäreler sowulmaýança, kartlaryndaky pullarynyň nagtlaşdyrylmajakdygyny duýduryp başladylar. Olar ‘23-nji iýunda nobata durmaň, ertesi güni geliň’ diýip tabşyrdylar” diýip, türkmenabatlylaryň biri belledi.
Bu aralykda, habarçymyz 22-nji iýunda başlanan Lebapda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çägindäki, şol sanda mejbury çäreleriň hem dowam etdirilýändigini aýdýar. Mundan öň, Azatlyk munuň bilen baglylykda, sebitde uly depginde taýýarlyk işleriniň geçirilendigini habar beripdi. Bellesek, Medeniýet günleri Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy iýun – doglan gününiň öň ýanyna gabat gelýär.
“Sişenbe gününden bäri Türkmenabatda dürli dabaralar, konsertler geçirilýär. Adamlar olara mejbury gatnaşdyrylýar. Lebabyň Ülkäni öwreniş muzeýinde etraplardan gelen sungat işgärleriniň gatnaşmagynda çäre geçirildi. Ýogsa, bu muzeýiň gapysy 1 ýyl çemesi wagt ýapyk saklanypdy” diýip, adynyň efirde tutulmagyny islemedik ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.
Türkmen mediasy Lebapda prezidentiň gatnaşmagynda açylan desgalary, Medeniýet hepdeligini ýurduň “ösüş ýoly bilen öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasy” hökmünde häsiýetlendirse-de, munuň bilen bagly girizilýän çäklendirmeleri, mejbury çäreleri, ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny agzamaýar.
Türkmenistanda geçirilýän köpçülik çäreleri diňe döwlet syýasatyny wagyz etmäge we ony wasp etmäge gönükdirilýär. Syýasatyň waspyny ýetirmekde çagalar, býujet işgärleri, medeniýet işgärleri, sportçylar we beýleki pudaklaryň işgärleri ulanylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.