Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap desgalaryň dabaraly açylyşyna taýýarlanýar; adamlar gije-gündiz işledilýär


Türkmenabat şäherindäki ýowarlaryň birinde köçe süpürýän zenanlar. Arhiw suraty
Türkmenabat şäherindäki ýowarlaryň birinde köçe süpürýän zenanlar. Arhiw suraty

"Ak öýüň" gurluşygynda işleýän işçi iş ýerinde huşuny ýitirip, 5-nji iýunda aradan çykdy. Ýerli lukmanlar oňa kömek edip bilmedi diýip, TH ýazýar. Bu maglumaty Azatlygyň ýerli habarçysy hem tassyk etdi. Lebapdaky Ak öýüň prezidentiň doglan gününde, 29-njy iýunda açylmagyna garaşylýar.

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde medeniýet hepdeliginden öň ýowar hepdeligi başlandy, aýyň aýagynda Türkmenabada prezidentiň gelmegine we täze desgalaryň açylyşyna gatnaşmagyna garaşylýar diýip, ýerli habarçy habar berýär.

Her ýyl Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni bilen tamamlanýan medeniýet hepdeligi Lebapda 21-nji iýundan başlanmaly we prezident bu sebite 24-28-nji iýun aralygynda sapar eder öýdülýär.

Sebitiň uçar menzilinden gaýdan Arkadag köçesiniň ugrunda ekilen baglar onlarça suwmaşyn bilen, güýçli basyş astynda ýuwulýar we suwarylýar, elektrik işgärleri prezidentiň ýörejek ýollarynyň ugrundaky çyralaryň sütünlerini reňkleýär, çyralary çalşyrýar, şäheriň arassaçylyk işgärleri ir sagat 6-dan 11-e, öýlän sagat 16-dan 21-e çenli aeroportdan şähere gelýän ýoluň ugruny syryp-süpürýär diýip, habarçy aýtdy.

Sebit paýtagtynyň arassaçylyk gullugynyň işgäri Azatlyk bilen söhbetdeş bolup, indi 20 günläp şeýle boljakdygyny, adamlary gije-gündiz diýmän işletjekdiklerini gürrüň berdi:

"Alýan aýlygymyz 1200 manat, onuň azyndan 50 manady sübse satyn almaga gidýär, sag-aman şu çäräni hem sowsak, soň ýene iki aý arkamyza şemal çalar, emma sentýabrda ýene iş köpeler, sebäbi maslahat bar, Türkmenabatda geçmeli diýdiler. Biziň işimiz şonda has köpeler" diýip, Türkmenabadyň arassaçylyk müdirliginiň işgäri aýtdy.

Prezidentiň 2018-nji ýyldaky kararyna laýyklykda, Lebapda gurulýan Ak öý binasy şu aýda taýýar edilmeli.

Ak öýüň gurluşygy iki smenada, gije-gündiziň dowamynda dynman alnyp barylýar, onuň daş-töweregine bag ekilýär, öňündäki meýdança täzeden asfaltlanýar diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de, şaýoluň ugrundaky edara-kärhanalaryň öň tarapy täzeden reňklenýär, aeroportdan prezidentiň boljak ýerine çenli aralykda onlarça ýöriteleşdirilen awtokran ulanyp, çyra sütünlerini aň reňk bilen, Oguzhanyň sekiz burçly ýyldyzy şekilinde ýasalan bezegleri bolsa bürünç, tylla reňkleri bilen reňkleýärler.

Gije sagat 12-den soň, ýollarda awtoulag hereketi kesilende, şaýoluň ugrundaky awtokranlar has-da köpelýär; Arkadag şaýolunyň ugrunda gurulýan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny tamamlamak üçinem gije-gündiz işleýärler diýip, habarçy aýtdy.

Bu ýerde gurulýan 17 jaýyň öňünde gijelerine bag ekmek işleri hem alnyp barylýar, bu işler üçin hatda beýleki sebitlerden hem ýöriteleşdirilen awtomobiller kömege çagyrylypdyr.

Umuman alnanda, medeniýet hepdeligine gabat Lebapda üç sany uly desga, Ak öý binasy, Kerkiniň täze howa menzili, Çärjew etrabynda gurulýan gaz trubinaly elektrik bekedi dabaraly açylyp, ulanmaga berilmeli.

"Bularyň içinde iň yza galýan Ak öý binasynyň gurluşygy, gije-gündiz işlense-de, bu bina entek doly taýyn däl" diýip, habarçy bilen gürleşen gurluşyk işgäri aýtdy.

Mundan başga, aeroportdan gaýdýan ýoluň ugrundaky zeýkeşleriň köprüleriniň haýatlaryny reňkleýärler, ekskwatorlary getirip, zeýkeşleriň içini ot-çöpden arassalaýarlar, ýurduň ösüşini mahabatlandyrýan suratly sütünleri, çatryklardaky swetoforlary ýuwup-ardýarlar, ýollaryň çyzyklaryny täzeden çyzýarlar diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň 9-njy iýundaky maglumatyna görä, Ak öý binasynyň gurluşygynda işleýän 40 ýaşly işçi 4-nji iýunda, iş ýerinde huşuny ýitirdi we 5-nji iýunda aradan çykdy. Türkmenabadyň köpugurly hassahanasynyň lukmanlary onuň infarkt bolandygyny anykladylar, ýöne kömek edip bilmediler diýip, neşir ýazýar. Bu maglumaty Azatlygyň ýerli habarçysy hem tassyk etdi.

Kanun boýunça Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adam hasaplanýar, raýatlaryň sagdyn hem howpsuz zähmet şertlerine hukuklary bar; döwlet adamlaryň dynç almagy hem-de işden boş wagtyny peýdalanmagy üçin amatly şertleri döredýär.

Emma durmuş ýüzünde raýatlar, hususan-da prezidentiň gatnaşýan dabaraly çäreleri bilen baglylykda, iň pes aýlyk tölegleri bilen ýa-da tölegsiz, hatda dynç günlerinde we iş sagadyndan daşary hem agyr, öz islemeýän işlerini etmäge mejbur edilýär diýip, hukuk goraýjylar aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG