Türkmenistandaky dowam edýän ýiti maliýe çökgünliginiň arasynda gurpdan düşen ilatyň agramly böleginiň döwlet tarapyndan subsidirlenen iýmit önümlerine garaşly galýan wagty, döwlet dükanlarynda degişlilikdäki arzan azyklar, adaty raýatlardan tapawutlylykda, öňünden ylalaşylan adamlara “çäksiz”, “bikanun” we “aç-açan” ýagdaýda goýberilýär.
“Arzyňy kime ýetirseň şoňa ýetir. Prezidentiňe hem ýazaý. Sesiňizi çykaran her biriňizden soraljakdyr, aýtmady diýmäň...” – şu sözler bilen 20-nji maýda Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň biriniň dolandyryjysy nobatdaky nägile bolan adamlara haýbat atdy. Munuň öňýanynda bolsa, ol aýda bir gezek çäkli möçberde satylýan towuk buduny almaga gelen adamlaryň öňünde 10 guty towuk buduny hususy dükan eýesine gowşurypdy.
Bu ýagdaýlara şaýat bolan paýtagtyň ýaşaýjylarynyň biriniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, nobatdaky adamlaryň muňa garşy çykyp, Söwda ministrligine arz etjekdikleri bilen haýbat atmaklaryna garamazdan, bu dükan dolandyryjysynyň çäkli goýberilýän azyklary gutulap çykarmagynyň öňüni alyp bilmändir. Tersine, ol gülümsiräp, “sesiňizi çykarsaňyz, özüňizden görüň” diýip adamlara dazarylypdyr.
Azatlyk Radiosyna gürrüňi gidýän dükanyň belgisi we ýerleşýän ýeri belli bolsa-da, maglumaty ýetireniň howpsuzlygy nazarda tutulyp, ony äşgär etmekden saklanýarys. Bu hadysa boýunça Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.
Galyberse-de, Azatlygyň habarçylary ilata çäkli möçberde satylýan iýmit önümlerini dükanlaryň arka gapylaryndan, adatça, hususy dükan eýelerine, restoranlara we güýç gulluklarynyň işgärlerine çäksiz möçberde goýbermek tejribesiniň öňden bäri saklanyp gelýändigini belleýärler.
Türkmenistanda soňky ýyllarda erbetleşen ykdysady şertler pandemiýa çäklendirmeleriniň arasynda has-da ýaramazlaşdy. Ilatyň agramly bölegi döwlet tarapyndan kadasyz üpjün edilýän subsidirlenen iýmit önümlerine garaşly galýar. Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolýan raýatlar hususy söwda nokatlarynda bahalaryň güýç ýeterden has aşadygyny aýdýarlar.
Bu aralykda, paýtagtyň döwlet dükanlarynyň öňündäki nobatlary emele ýagdaýda aradan aýyrmak boýunça görülýän çäreleriň arasynda, subsidirlenen önümleri protokol köçeleriň ugrundaky “elit” jaýlaryň ýaşaýjylarynyň gapysyna getirilmegi dowam etdirilýär.
“Öňünden telefon arkaly ylalaşyp getirilen arzan bahaly makaronlarynyň reňki garalyp gidipdir, hamana, ammarda 20 ýyl saklanypdyr” diýip, aşgabatly ýaşaýjylaryň biri 20-nji maýda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.
Bu ýagdaýlaryň arasynda, häkimiýetleriň 2 müň manatdan ýokary aýlyk alýan adamlaryň maşgalalaryna subsidirlenen azyk önümlerini bermegi bes etmegi hem planlaşdyrýandyklary barada maglumatlar bar.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy ýurtdaky maliýe çökgünligini, azyk krizisini, adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik meselelerini açyk boýun almaýarlar.
Şol bir wagtda, golaýda žurnalistleriň çap eden derňewinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn garyndaşlarynyň ilatyň başdan geçirýän azyk krizisinden bähbit görýändigi, iýmit bilen üpjün etmek baradaky şertmanalaryndan gelen girdejilerine millionlarça dollarlyk kaşaň jaýlary edinýändikleri bellenip geçilipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.