Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Synçylar türkmen hökümetiniň mätäçlere goldaw berjegine şübhelenýär


Türkmenistan, çagalary bilen köçede dilegçilik edýän aýal
Türkmenistan, çagalary bilen köçede dilegçilik edýän aýal

Türkmenistanda ilata berilýän ýeňillikleriň ýatyryljagy baradaky habar ýurduň ýaşaýjylarynda we ýerli synçylarda aladaly pikirleri döretdi.

Prezident Berdimuhamedow 6-njy iýunda geçiren iş maslahatynda sosial kömegiň hemmelere däl-de, hakykatda kömege mätäç adamlara berilmelidigini aýdan hem bolsa, Azatlygyň söhbetdeş bolan türkmenistanlylary hökümetiň mätäçlere goldaw berip biljegini sorag astyna alýarlar.

Şol bir wagtda Türkmenistanda işsizleriň anyk sany, ýaşaýyş minimumy ýa-da bazar sebedi obada näçä durýar, şäherde näçe durýar – bular belli bolman galýar.Galyberse, ýylda 10 prosent köpeldilýän aýlyklardan öň bazardaky harytlaryň ençeme esse gymmatlaýandygy, inflaýasiýanyň bolsa örän ýokarydygy aýdylýar.

Hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin ýeňillikler ulgamynyň ýatyrylmagynyň Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylaryna has agyr zarba urjakdygyny, sebäbi bu sebitiň sosial, senagat we ykdysady taýdan has yzagalakdygyny, şonuň üçin bu ýeňillikleriň örän köp adama peýdaly bolandygyny, adamlaryň indi birki aýdan töleg hasaplary gelip başlanda näme ederis diýip alada galandygyny aýtdy.

Asly daşoguzly hukuk goraýjynyň tassyklamagyna görä, Daşoguzda adamlaryň aglabasy işsiz ýa-da çem gelen wagtlaýyn iş, gazanç bilen mydar edýär. Şol bir wagtda Tutbatullin sosial kömekleriň anyk adresli bolmalydygyny aýdýar we tutuş ýurt boýunça kömege mätäç adamlaryň juda köp bolmagynyň mümkindigini, Oraza aýynda beýle karara gelmezden öň hakyky kömege mätäç adamlaryň sany anyklanan bolsa, gowy boljagyny belleýär.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň ynanjyna görä, ýeňillikleriň ýatyrylmagy adamlaryň güzeranynyň öňküdenem peselmegine getirer we, öz sözleri bilen aýtsak, ozalam ‘ilatyň esasy gatlagy garyp ýa-da garyplygyň bäri gyrasynda ýa aňry gyrasynda duran adamlar”. Ýöne ol bu kararyň has-da oba ýerlerinde ýaşaýan we köplenç işsiz, ýeňillikli gazyň, toguň hasabyna mellegindäki ýyladyşhanasy, mal-garasy bilen zordan güzeran aýlaýan adamlara zarba bolmagyndan howatyr edýär.

Şeýle-de Bugaýew hökümet häzirki ýeňillikleri ýatyryp, mätäçlere hakykatdanam kömek berse, onda döwlet gaznasyndan häzirki ýeňilliklere harçlanýan serişdeden has köp harajat çykarmaly boljagyny çaklaýar. Ol bu pikirini ýurtda işsizligiň derejesiniň örän ýokary bolmagy, oba hojalygynyň, maldarçylygyňdargamagy bilen delillendirýär.

Mundanam başga, Bugaýew ýeňillikleri ýaşulular maslahatyndaky elçapyşmalar bilen däl-de, uly sosiologik barlag geçirip, bir-bir ýarym ýyl içinde, taýýarlykly ýatyrsalar, adamlara uly kömek boljakdygyny sözüne goşdy.

Türkmenistandaky ýeňillikler sistemasy, mugt gaz, suw we tok düzgüni 1993-nji ýylda ýurduň ilkinji prezidentiS.Nyýazow tarapyndan girizildi we prezident Berdimuhamedow bu düzgüni saklap, 2008-nji ýylda öňdenem arzan benzini hem mugtçulyga goşdy. Emma ol 2014-nji ýylda, ýurduň ykdysady ýagdaýynyň agyrlaşyp başlamagy bilen, hususy ulagly adamlara mugt bermeli eden benzinini ýatyrmaly, ýangyç baharlaryny ençeme esse gymmatlatmaly boldy.

Prezident Berdimuhamedow 6-njy iýunda ýeňillikleriň doly netijesizdigini aýtmazyndan öň olaryň bazara geçilmegine päsgel berýändigini öňe sürüpdi.

Adynyň efirde aýdylmazlygyny soran ýerli synçy, 57 ýaşyndaky aşgabatly žurnalist hakykatdabazara geçilmegine awtoritar dolandyryşyň päsgel berýändigini aýdýar.

Bir tarapdan, türkmen hökümetiniň ýeňillikler ulgamyndan el çekmek we bazar gatnaşyklaryna geçmegi hakykatdan hem tizleşdirmek kararyna gelmeli boljagy öňden hem bellidi, ikinji tarapdan bu S.Nyazýowyň pensionerleriň çörek pullaryna el urşuny ýatlatdy” diýip, ýerli žurnalist Azatlyk radiosyna aýtdy.

XS
SM
MD
LG