Şu gün, 17-nji oktýabrda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda täze gazhimiýa önümçilik toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen bu dabara ýurduň welaýatlaryndan we paýtagtdan 100 müň çemesi adamyň gatnaşandygy aýdylýar.
Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH) maglumatyna görä, polietilen we polipropilen öndürmekde regionyň iň uly gazhimiýa önümçilik toplumynyň açylyş dabarasyna döwlet baştutany bilen bir hatarda, hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň ýolbaşçylary we daşary ýurtly kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy.
“Zawoda barýan ýoluň ugrunda ak öýler gurlup, olaryň golaýynda milli aýdym-sazlar we tanslar ýerine ýetirildi” diýlip, resmi metbugatyň habarynda bellenilýär. Emma habarda bu dabaralara gatnaşan adamlaryň takyk sany agzalmaýar.
Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly şäherçesinde gurlan täze toplumyň açylyşyna serenjam berýän, ony guramalaşdyrýan resmileriň we Balkan welaýat häkimliginiň wekilleriniň Azatlygyň ýurt içindäki habarçysyna anonim şertde beren maglumatyna görä, bu dabara ortaça 100 müň adam, şol sanda medeniýet we býujet işgärleri, studentler we okuwçylar gatnaşýar.
“Sebäbi döwlet baştutanynyň gatnaşýan çäreleri ortaça 100 müň adam ýa-da 100 müňden köpräk adam derejesinde geçirilýär diýip, aýtdylar. Şol 100 müňüň arasynda hem gönüden-göni sahnada çykyş etjek, aýdym aýtjak 2 müňden köpräk medeniýet we sungat işgärleri hem bar. Bu medeniýet işgärlerinden başga-da 98 müň adam şu çärä gatnaşmaly” diýip, 16-njy oktýabrda Balkan welaýatyna sapar eden aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew resmilere salgylanyp gürrüň berdi.
Täze toplumyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk çärelerine mundan bir hepde ozal başlandy. Şonda dabarada çykyş etjek medeniýet işgärleri Gyýanly etrapçasyna baryp, şol ýerde taýýarlyk çärelerine, “repetisiýalara” girişdiler.
Mundanam başga, 16-njy oktýabrda Lebap we Mary welaýatlarynyň her birinden ortaça 200 sany himiýa pudagynyň işgäri Gyýanly şäherçesine bardy. Dabara gatnaşýan aşgabatly “çäreçiler” bolsa, 17-nji oktýabrda irden Türkmenbaşy şäherine otly arkaly bardylar.
Aýdylmagyna görä, bu çäre sebäpli 16-njy oktýabrda Aşgabat-Türkmenbaşy ýolagçy otlusyna bilet satylmady we hatda bu güne öňünden bilet alan ýolagçylar hem otla mündürilmedi.
Bugaýewiň sözlerine görä, Türkmenbaşy şäheriniň demirýol wokzalynyň golaý-goltumynda ýerleşdirilen ortaça 50 sany ýolagçy awtobusy dabara gatnaşmak üçin welaýatlardan we paýtagtdan gelen adamlary Gyýanly şäherçesine alyp gitdi. Şeýle-de, 17-nji oktýabrda irden şäherde awtoulag gatnawy doly diýen ýaly ýatyryldy.
“Şäheriň günbatar-demirgazygyndan girýän ýoluň ugrundaky onlarça posýoloklardan Türkmenbaşy şäherine ýola düşjekleriň ählisini uly ýoluň golaýyna getirmän, 2-3 kilometr daşlykda saklap, “Göreliň, iş gününiň ahyryna açylmagy mümkin. Şonuň üçin isleseňiz şu ýerde garaşyň, islemeseňiz hem öz obalaryňyza öwrüliň” diýip, adamlar goýberilenok” diýip, Bugaýew aýtdy.
Türkmenistanda geçirilýän uly dabaralara ýa-da türkmen prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilýän çärelere döwlet we medeniýet işgärlerinden, studentlerden, okuwçylardan ybarat adamlaryň müňlerçesiniň gatnaşdyrylmagy indi onlarça ýyl bäri däbe öwrüldi. Munuň bilen baglanyşykly ýollaryň ýapylmagy, awtomobilleriň we pyýadalaryň hereketiniň çäklendirilmegi hem häli-şindi gaýtalanyp gelýär.
Şuňa meňzeş çäklendirmeler diňe geçen aýyň dowamynda azyndan üç gezek gaýtalanyp, bu ýagdaýlara “Amul-Hazar 2018” awtorallisiniň açylyş we jemleýji dabaralarynda we Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilen çärelerde syn edildi.