Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus uçar “gaçakçylygy” sebäpli Günbataryň gahar-gazabyna uçrady


“Ryanair” howa gullugunyň uçary Minske gondurylandan soňra, polisiýa 26 ýaşly oppozisiýa aktiwisti we žurnalisti Raman Pratasewiçi saklady.
“Ryanair” howa gullugunyň uçary Minske gondurylandan soňra, polisiýa 26 ýaşly oppozisiýa aktiwisti we žurnalisti Raman Pratasewiçi saklady.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Belarusyň bortunda belli oppozisiýa žurnalisti bolan Bileleşigiň çäginde uçuşy amala aşyran “Ryanair” howa gullugunyň uçarynyň ugruny mejbury ýagdaýda üýtgetdirip, ony Minskde gondurmagyna jogap hökmünde, jezalandyryjy çäreleriň görlüp biljekdigini duýdurdylar. Olar bu hadysa boýunça 24-nji maýda sammit geçirýärler.

23-nji maýda belarus resmileri Afinylardan Wilnusa uçuşy amala aşyran raýat uçarynyň gapdalyna harby uçary ýolladylar. Bu soňy bilen ýalan bolup çykan, uçaryň içinde bombanyň bardygy baradaky maglumat sebäpli amal edilipdi.

Uçar Minske gondurylandan soňra, polisiýa 26 ýaşly oppozisiýa aktiwisti we žurnalisti Raman Pratasewiçi saklady. Ol Belarusda bildirilýän aýyplamalaryň çäginde, 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilip bilner.

Belarus, Raman Pratasewiç (arhiw suraty)
Belarus, Raman Pratasewiç (arhiw suraty)

Ýewropa Bileleşiginiň resmileri, şeýle-de käbir Günbatar hökümetleri bu hadysany raýat uçaryny döwlet tarapyndan gaçyrylmagy hökmünde häsiýetlendirip, tankytladylar. Käbir resmiler diýdimzor Aleksandr Lukaşenka garşy täze sanksiýalary girizmäge çagyrdylar. Lukaşenka geçen ýyldaky jedelli prezidentlik saýlawlaryndan bäri ýurtdaky garşylykly pikirlileri basyp ýatyrmak ugrundaky alnyp barylýan kampaniýa ýolbaşçylyk edýär.

“Ryanair” howa gullugunyň baş dolandyryjy ofiseri Maýkl O’Leary bu hadysany “döwletiň garakçylygy” atlandyrdy.

“Belarus resmileri bu mejbur ediş çäresi bilen bilen ýolagçylaryň hem ekipaž agzalarynyň howpsuzlygyna howp abandyrdylar” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrel 24-nji maýda Bileleşigiň adyndan ýaýradylan beýanatda belledi. Şeýle-de, ol hadysa boýunça halkara derňewini geçirmäge çagyrdy.

“Bu belarus resmileriniň oppozisiýanyň sesini sem etmek ugrundaky gözçykgynç synanyşygy boldy. Biz jenap Pratasewiçiň dessine azat edilmegine çagyrýarys” diýip, ol sözüne goşdy.

Belarusyň döwlet eýeçiligindäki BelTA habar gullugynyň maglumatyna görä, Lukaşenkanyň hut özi MiG-29 harby uçaryny howa galdyrmak, şeýle-de raýat uçary Minske gonýança, onuň ýany bilen uçmak barada görkezme beripdir.

Belarus resmileri soňunda uçarda partladyjynyň tapylmandygyny aýtdylar. RIA Nowosti habar gullugnyň 24-nji maýda beren maglumatyna görä, şular ýaly ýagdaýlarda Belarus indiki ädimler barada uçaryň ekipažyna diňe maslahat berip bilýär, ony mejbury ýagdaýda gondurmaga hukugy ýok.

ABŞ-nyň Belarusdaky ilçisi Julie Fişer uçaryň mejbury ýagdaýda gondurylmagynyň Lukaşenkanyň halkara jemgyýetçiligini “äsgermeýändigine” ýene bir mysal bolandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken bu hadysany ýazgardy, ol boýunça derňewiň geçirilmegini goldaýandygyny aýtdy, şeýle-de jogap çäresi babatynda Ýewropa Bileleşigi, Litwa we Gresiýa bilen utgaşykda işleýändigini mälim etdi.

NATO muny “möhüm we howply” hadysa atlandyrdy we halkara derňewiň geçirilmegine çagyrdy.

Pratasewiç geçen awgustdaky jedelli prezidentlik saýlawlaryndan soň dörän protestleri giňden beýan eden NEXTA Live Telegram kanalynyň esasy administratory bolupdy.

XS
SM
MD
LG