Mary welaýatyna paýtagtdan ýene komissiýa bardy. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, komissiýanyň wekilleri döwlet edaralaryny, kärhanalary, mekdepleri, çagalar baglaryny, şeýle hem hususy we döwlet söwda kärhanalaryny barlap, jaýlaryň dezinfeksiýa edilişini we işgärler tarapyndan arassaçylyk çäreleriniň berjaý edilmegini synlaýarlar.
Aşgabatdan baran komissiýasynyň wekilleri esasanam döwlet edaralarynda we dükanlarda girelgelerde elleri dezinfeksiýa etmek düzgüniň, adamlaryň gyzgynyny ölçemek talabyň berjaý edilişine üns berýärler. Şeýle hem, işgärleriň resminamalaryny we nobatçylyk tertibini barlaýarlar.
Lukmançylyk edaralarynda ýerleşýän dermanhanalarda derman serişdeleriniň görnüşlerini we dermanlary satmagyň tertibini barlaýarlar.
Aşgabatdan Mary şäherine iberilen komissiýanyň düzümini we işiň wagt möhletini ýerli resmilerden anyklap bolmady. Azatlyk Radiosynyň Marynyň häkimliginden, şeýle hem sebitdäki döwlet edaralaryndan resmi maglumat almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Habarçylaryň sözlerine görä, komissiýa bir hepdäniň içinde Mary welaýatynda bolar. Barlaglaryň welaýatyň dürli etraplarynyň edaralarynda garaşylýar. Bu barada döwlet edaralaryna duýduryş berlipdir. Häkimiýetler barlaglara gyssagly taýýarlyk görýärler.
Gözegçiler 6-njy maýda Ýolöten sebitindäki dükanlara, hassahanalara we mekdeplere baryp gördüler. Ýerli dükanlarda girelgede durýan işgärlere ak halat geýdirilipdir we ellerine dezinfeksiýa serişdeleri we gyzgyny ölçeýän enjamlar berlipdir.
Köçelerde polisiýa patrullary ýerleşdirilýär, olar geçýän ulaglary saklaýar we derman gutusynyň bardygyny we onuň içindäki serişdeleriň düzümini barlap, maskanyň bolmagyna aýratyn üns berýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, birnäçe gün ozal awtobuslarda gyslyşyk we ýolagçylaryň köpüsi dik durup giden bolsa, indi awtobuslar boş, awtobus sürüjilerine ulaglaryň barlanjagy we köp adamly ulaglar üçin jerime salynjagy barada duýduryş berildi.
Hususy dükanlaryň işini barlamakda komissiýanyň wekilleriniň üns merkezine, esasanam pagta ýagyny satýan söwda nokatlary düşüpdir. Bu ýagdaýda gizlin barlag usuly ulanylýar.
Habarçymyzyň gürrüň bermegine görä, bir aýal hususy dükanlara girýär we satuwda pagta ýagynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny soraýar, satyjy bar diýip, jogap berse, ol bir çüýşesini satyn alýar, soň bolsa daşaryk çykýar we harydy ýakyn ýerde duran awtoulagda oturan raýat geýimli kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine tabşyrýar. Olar bolsa, dükana baryp, dokumentini görkezýär we dükan eýesni polisiýa alyp gidýär.
Hususy dükanlaryň biriniň eýesiniň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, sorag birnäçe sagat dowam edipdir, polisiýa pagta ýagynyň döwlet dükanlarynda satylmalydygyny aýdyp, dükanyň lisenziýasyny elinden almak we eýesini jenaýat jogapkärçiligine çekmek bilen gorkuzypdyr we 10 000 manat mukdarda pul talap edipdir.
"Olara beýle pulumyň ýokdugyny, söwdanyň gaty gowşakdygyny aýtdym. Soňra olar ýagy nireden satyn alnandygymy bilmek islediler. Baýramalyda bazarda açyk satylýandygyny aýtdym. Olar bu düýbünden başga mesele diýip, gürrüňi başga ýana sowdular" diýip, ýerli telekeçi aýtdy. Onuň sözlerine görä, onuň dükanynda puluň az bolandygy sebäpli, polisiýa işgärleri dükandan 2000 manatlyk azyk önümlerini alyp, dükan eýesini boşatmaga razy bolupdyr.
Döwlet işgärleri hem öz gezeginde paýtagtdan gelen inspektorlara sowgat satyn almak üçin aýlyk haklaryndan puluň saklanmagyndan alada edýärler. Geçmişde paýtagtyň barlagçy wekilleri üçin döwlet sektoryndaky işgärlerden pul ýygnamak işi birnäçe gezek geçirilipdi.
Türkmenistanda 2020-nji ýylyň iýul aýyndan bäri dezinfeksiýa çäreleri hökmany hasaplanýar. Global pandemiýanyň fonunda ýurduň häkimiýetleri COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ulanylýan talaplary girizdi, şol bir wagtyň özünde ýurtda bu keseliň bardygyny henizem ykrar etmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.